Hoşlaşyk / Çary Ýegenmyradow
Hoşlaşyk / Çary Ýegenmyradow

Hoşlaşyk / Çary Ýegenmyradow

@Dipsomaniac | 13.04.2019 ý.
Gördüm, hoşlaşykda egnimden garap,
Açyk penjireden delmurup durşuň.
Seriňde ýatlamaň ýumagyn sarap,
Diňläp durmudyň sen ýüregiň urşun.

Gam çekme,
Başyňda sansyz alada,
Mekgäň daşy kimin sallanan çagy.
Hoşsurat bir ýigit gelip alnyňa
Üwrär, täleý atly sallançagyňy.

Men-ä garyp oglan,
                    dagy bolmasa,
Bigamlykdan gaýry ýokdur ýazygym.
Halal nanym, gant, ýagsyz kolbasa
Hem süýji arzuwlar her gün azygym.

Tä ölinçäm seni ýatlap gezerin,
Bolsaňam sen başga kişiň aýaly.
Iller näme diýse, şony diýsinler,
Kalbymda saklaryn ikona ýaly.
bu blog 80 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan