Honnansy Homýak

Honnansy Homýak +1

IDEALLIDER, 23.05.2020
Homýagyň honnansylygy




(Erteki)


 Bir bar eken bir ýok eken, nirelerde ýerýerlerde bir homýakjyk bar eken. Ol öýlerine gaýdyp gelýärkä öňünden syçanjyk çykypdyr hem:
 -Salam Homýak aga? Nirden gelýäňiz?-diýip sorapdyr. Homýak oňa jogap bermän ýoly bilen ýoräberipdir. Syçan bolsa "Homýaga näme bolduka!?" diýip oň yzyna düşüpdir. Homýak ýene ýöräberende garga çykypdyr we olam:
 -Salam Homýak, gowmy ýagdaýlar!?-diýip sorapdyr. Homýak hiçzat jogap bermändir, ýoly bilen ýöräberende garga ýene:
 -Bäh ýalta diýsäni. Salamlaşmagada ýaltanýaňmy!? Ondana gyşa taýynlyk gör, ine menýaly-diýip uçup gidipdir.  Homýak ýene dymypdyr. Syçanjyk homýakdan bukulup yzarlap gelişine bu wakany hem synlapdyr. Homýak ýene şeýdip ýöräp gelýärkä öňünden Belka çykyp:
 -Salam, gowmy ýagdaýlaryň!?-diýip salam beripdir. Homýak ýaňaklaryny saklap muňada jogap bermäň ýoly bilen ýöräberipdir. Belka bolsa gynanyp:
 -Gowy dostuňada şeýle bolarlarmy!?-diýip gynanyp galyberipdir. Syçanjygyň yzarlap gelen bu homýagy ahyry gelip öz öýüne giripdir. Syçanjyk hem homýagyň öýüne yzy bilen girip görse, homýak agzy doly däneleri öz ammaryna guýup duran eken. Şonda syçanjyk "häää gör nämçün homýak eli bilen ýaňagyny saklap salamlara jogap bermändir, aslynda homýaklar ähli zady agyzlarynda daşaýarlar ahyry" diýip homýak bilen täzede saglyk amanlyk soraşypdyr. Soňy. 

Awtory:Multifilmden.
 Paýlaşan: IDEALLIDER.

BU BLOG 1707 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Annagul 1 aý öň
gowy
@Tokmak 1 aý öň
Halamadym
@Tokmak 1 aý öň
Erteki diýseň, çagalar üçin hem akyl beriji häsiýeti ýok ýaly..
@bilbil 1 aý öň
gowy yone manysyz