Hoşlaşyk goşgusy

Hoşlaşyk goşgusy +8

MucizeM, 22.05.2020
Hoş gal,
hoş hyýal,
boş hyýal,
hoş gal.
Gaýdyp meniň göwnüm düýş deý aldama. 
Men seniň däl,
men söýginiň alnynda
Bütin durkum bilen bataýyn gama.
Söýginiň sönenin satdy gözleriň,
Hoşlaş, ýalbarmaýyn ýansa-da jiger. 
Durmuş Nobatguly däldir ezizim, 
Durmuş irde-giçde göwnüňe deger.
Bagtly bolsaň,
söýülseň sen,
söýseň sen,
Maňa orun bolmaz seniň ýadyňda, 
Bagtsyz bolsaň (gorkýan) görünerin men 
Seniň damja-damja damýan ýaşyňda...

Nobatguly Rejebow
BU BLOG 1723 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@lifeisgood07 6 aý öň
Söýülseň söý, söýmedige süýkenme :D
@MucizeM 6 aý öň
Bolyah
@Mandarin 6 aý öň
Sönen name?
@lifeisgood07 6 aý öň
Öçen
@MerjenM 5 aý öň
Öňem okapdym. Ajaýyp goşgy. Spasibo.
@Dessegul 5 aý öň
@admin, прошу предусмотреть функцию "Закладки", чтобы можно было сохранять понравившиеся статьи. Спасибо.