HTML programmirleme dilimi?
HTML programmirleme dilimi?

HTML programmirleme dilimi? +1

ArslanR, 11.07.2020

   H         T         M         L

      Hyper                    text                    markup               language

HTML iň doly görnüşinden görünişi ýaly, bu markup, ýagny, bellik dilidir.

Onda programmirleme dilini näme kesgitleýär?

PROGRAMMIRLEME DILI - BU NÄME?

  • ->Programmirleme dilleriniň funksional maksatlary bar.

  • ->If / else ýaly şertli operatorlary bar. 
  • ->Ol aňlatma baha berip ya-da islendik matematiki amallary edip bilýär.
  • ->Ol wakalary dolandyryp ýa-da meseleleri çözüp bilýär.
  • ->Siz üýtgeýän ululyklary yglan edip we funksiýalary ýazyp bilersiňiz.
  • ->Ol maglumatlary köp usul bilen üýtgedip ýa-da dolandyryp bilýär.
  • ->Ol maglumaty özüne kabul edip we netijäni çap edip bilýär.

HTML näme edip bilýär?

HTML bellik(markup) diliniň bir görnüşidir. Ol HTML tegeleriniň
içinde ýerleşen maglumatlary kesgitleýän we web sahypadaky
maglumatlaryň maksadyny beýan edýan maglumatlary öz içine alýar
ýa-da "bellik edýär". Soňra web brauzer özüne, meselem, haýsy
bölekleriň sözbaşydygyny, haýsy bölekleriň abzasdygyny, haýsy
bölekleriň salgylanmadygyny(ssylka) we ş.m görkezýän HTML-i
okaýar.  HTML maglumatlary brauzere "suratlandyrýar", soňra
brauzer maglumatlary görä görkezýär.  

HTML HAÇAN ULANYLÝAR?

HTML esasan hem bütündünýä kerebinde görkezilýän sahypalary
döretmek
üçin ulanylýar.
Her sahypa özünde başga sahypalara birikmek üçin ulanylýan gi-
persalgylanmalary öz içine alýan HTML  tegleriň toplumyny özünde
saklaýar.
Bütündünýä kerebinde biziň görýän her bir sahypamyz HTML kodu-
nyň wersiýasy bilen ýazylýar.

Bu barada siz nähili pikir edýärsiňiz?


Çeşme: сoding_tm instagram akkaundy:)



BU BLOG 1416 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@tekegyzy 3 hepde öň
In yonekey programirleme dili
@ArslanR 3 hepde öň
Soragmy ya-da tassyklama?
@Eduard_Snowden 3 hepde öň
Dogry, Html gipertekst belliklerinin dili, britaniyaly Tim Berners Li tarapyndan 1986—1991 yyllarda islap tayyarlanyar.
@PikNIK 3 hepde öň
"HTML esasan hem bütündünýä kerebinde görkezilýän sahypalary
döretmek üçin ulanylýar" . Web sahypalary doretmek un diylen bolsa gow bolardy.
@PikNIK 3 hepde öň
Htmle programmirleme diyip bolmaz munda if/else ishledip bolanok. Yagny if else barada aydanlarny bu edmeyar
@ArslanR 3 hepde öň
Men edyar diyemok, if/else barada aydanlam programmirleme dilde edip bolyar diydim, yokarsynda duran soragy okada)