Hytaý imperialist döwlete öwrülmegiň ýolunda
Hytaý imperialist döwlete öwrülmegiň ýolunda

Hytaý imperialist döwlete öwrülmegiň ýolunda +4

@Garadamakly | 16.09.2019 ý.
Salam, mähriban ildeşler! 

Biler bolsaňyz, biziň düşünjämizde Hytaýyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan tapawutly ýörelgesi bar. Ýagny onuň dünýä ýüzüne agalyk etjek bolmak niýeti ýok. 

Ol hakykatdan hem..  şeýledi. Emma Şi Jinpiňiň Hytaýyň lideri bolmagy bilen bu ýagdaý üýtgemek bilen boldy.

Imperializm (latin sözi imperium - agalyk, hökmürowanlyk) - hökümetiň alyp barýan daşky syýasatynyň bir görnüşi bolup, ol ýurduň agalygyny ýaýratmak üçin dürli görnüşlerde harby güýji ulanmakdan durýar. Şol sanda başga döwletleriň ýerlerini basyp almak, koloniýa döretmek we olary syýasy hem-de ykdysady taýdan dolandyrmak.

Imperial döwlet bolmak üçin gerekli şertler:
    1. Önümçilik we pul serişdeleri ýeterlik bolmaly.
    2. Bankyň serişdeleri bilen senagatyň işi birikdirilmeli.
    3. Pul serişdeleri ýurduň daşyna akmaly.
    4. Başga ýurtlara syýasy we harby agalyk etmeli.

Kommunistik partiýa tarapyndan dolandyrylýan Hytaýda esasy edaralar we guramalar hökümete degişli ýa-da hökümetiň garamagyndaky edaralara garaşly. Ine, bu ýokarda görkezen 1-nji we 2-nji şertimiz.

2014-nji ýyldan bäri pul serişdelerini daşyna akdyrýan ýurtlaryň içinde Hytaý 3-nji orny eýeleýär.

Ykdysady taýdan dolandyrmagyň iň gowy usuly - başga birini özüňe bergili edip goýmakdyr. Pul serişdelerini daşyna akdyrmak üçin bolsa köplenç kredit (karz) bermek usuly ulanylýar.

Aşakda Hytaýa bergili ýurtlary görüp bilýäris:
asder7.jpg 27.71 KB

Bu suratdan Hytaýyň Merkezi Aziýa we Afrika sebitlerine göz gyzdyrýandygyny gyzyklanma bildirýändigini görüp bolýar.

Imperial döwetler adatça yzagalak ýurtlary we sebitleri paýlaşagan bolýarlar. Elbetde Afrikanyň ýagdaýy öwerlikli däl. Merkezi Aziýa hem onuň yz ýanynda. Ýagny, pul serişdeleri azlyk edýär.

Harby güýjüň ýagdaýy nähilikä? Hytaý bu mesede hem uzakdan pikirlenýär.

Şu ýerde bir zady ýatlamaly. Ähli kolonial imperiýalaryň başy ilki bilen başga bir döwlete söwda etmek üçin barmakdan başlanypdy. Harby güýçler bolsa yzyndan barypdy.

Indi düzgünler biraz başgaça. 2017-nji ýylda Hytaý Afrikanyň Djibuti diýen ýerinde özüniň daşary ýurtdaky ilkinji harby bazasyny döretdi.

2019-njy ýylyň ýaz aýynda ABŞ Hytaýyň daşary ýurtlardaky harby bazalaryny köpeltmegiň ugrunda iş alyp barýandygyny habar berdi.

Ýokarda agzalyp geçileninden başga-da Hytaý Pakistanyň Gwadar portunda, Argentinanyň Patagoniýa diýen ýerinde we beýleki birnäçe ýerlerde gurluşyklary alyp barýar. Bu gurluşyk obýektleriniň harby bazalara öwrüläýmegi doly mümkin (!).

Şol bir wagtda bolsa Hytaý bu taslamalary 'Logistiki (ýol, ýükleri daşamak) taslamalar' diýip atlandyrýar.
aaa2.png 742.41 KB

Esasan hem Hytaý harby obýektleriniň gurluşyklaryny döwletleriň öz goňşulary bilen araçäklerindäki jedelli etraplarda alyp barýar.

Bu syýasatyň işjeňligini üpjün etmek üçin Hytaý eýýäm özüniň iňňän köp sanly goşuny bolan Harby deňiz flotyny döretdi. Adam sanyna görä ol ABŞ-den hem öňde.

Şi Jinpiňiň öňe sürýän 'Bir guşak - bir ýol' syýasatynyň manysy indi aýdyňlaşýan bolsa gerek. Muňa meňzeş syýasat Gitler döwründe-de bolupdy. Berlin-Bagdad demir ýolunyň gurluşygy bilen başlanan syýasatyň soňunyň nähili gutarandygyny hemmämiz bilýäris. Muňa SSSR hem ynanyp, goldaw beripdi.

Birnäçe ýyl mundan ozal hem Hytaýy güler ýüz bilen garşylaýan döwletler, bu gün onuň 'kömeginden' gyssagly ýüz dönderýärler. Olaryň hatarynda Afrika döwletleri, Günorta-gündogar Aziýa döwletleri we Latin Amerikasynyň käbir döwletlerini görkezmek bolar.

Bu meselede bize hem pikirlenere zat barmyka diýýärin.

Garadamakly
bu blog 150 gezek okaldy

Teswirler

@Guvanch 1 aý öň
bah
@FAT_TONY 1 aý öň
Hytayyn alyp baryan syyasaty hic gowne jay dalay. Goreli bakaly gonkong name diyya.
Älemjahan