ÇI­GIL­DEM GÜ­LÜ­NIŇ ÇEMENI (hekaýa)
ÇI­GIL­DEM GÜ­LÜ­NIŇ ÇEMENI (hekaýa)

ÇI­GIL­DEM GÜ­LÜ­NIŇ ÇEMENI (hekaýa) +2

@Chynar | 08.07.2019 ý.
Annamyrat bu günem hemişekileri
ýaly ir turup, mellekde güýmenýärdi.
Gyş ýeňse berip, topraga ýyly giden￾soň, bagyň içi ylaýta-da sapalydy. Gyş ukusyndan oýanan agaçlara jan giripdi.Hä diýmän, erikler gülläp başlamalydy. 
Yzgary ýetik toprakdan jana şypaly ser￾ginlik göterilýärdi. Şeýle ajaýyp çagda dünýäň ýüzi täzelenen ýaly bolup du­ýulýardy. 
Elindäki gaýçysy bilen baglary pür￾deýän Annamyratkeýwanysynyň nähiliýanyna gelenini duýmady. Aknur daý­zanyň bu günler süňňi ýeňlän ýalydy. Ol häzirem, näme üçindir, şatlyk bilenýylgyrýardy. Adamsynyň golaýjagyna baryp duran Aknur daýza elindäki su￾raty görkezdi.
— Kakasy, şu surat ýadyňa düş­
ýämi?
Pälwan sypat Annamyrat işini tog￾tadyp, surata ünsli garady. Soňam çalaýylgyryp, müýnli dillendi.
— Ony henizem saklap ýörmüň?
— Men muny hemişe-de aýap sak￾laryn. Bu biziň bagtymyzyň gözbaşyahyryn. Şu suraty sowgat eden pursa￾dyň henizem göz öňümde dur. Şol gün baýramçylyk belläpdik.Annamyrat böwrüne diň salyp durdy. 
— Bu suraty satyn almak üçin, ýöri￾te etrap merkezine gidipdim. Saýlajak bolup durkamam, ak çagba gelip, dün­ýäni suw-sil etdi. Surat eziler öýdüp, azara galypdym.
— Her niçik-de bolsa, gowy surat
saýlapsyň. Surat, näme üçindir, ma­
ňa üýtgeşik täsir etdi. Terje çigildem
gülüniň şekili saňa bolan garaýşymy
üýtgetdi oturyberdi. Menden hoş söz eşideniň üçin, şu suratdan hoşal bo￾laýgyn.
Annamyrat çala ýylgyryp, gözlerini
bir nokada dikdi.
— Şol pursat gözüme düýş ýa￾ly bolup görünýär. Juwanlygymyzyň 
möwç urýan döwri dünýä lälezarlykdy. 
Ýadyňa düşýän bolsa, seniň gyrmyzy
reňkli köýnegiň bardy. Şol köýnek saňa diýseň ýaraşýardy. Şol gezekki baýram biziň bagtymyzy açdy. 
Adamsynyň ýakymly sözlerine gül￾gül açylan Aknur birden dillenenini duýman galdy:
 — Huşum gursun! Gülşat jan bu 
gün ir turuz diýipdi ahyryn.
Gele-gelmäne, içki otaga kürsäp
giren Aknur daýza ýüpek düşekçede
süýji ukuda ýatan balasynyň maňla­
ýyndan emaý bilen sypady. 
— Gyzym, turaý indi. «Mekdebe bu 
gün ir gitmeli» diýýädiň.
— Hawa, eje, häzir turjak. Sona-da 
basym gelmelidir. 
 Sähel wagtdan Gülşat jorasy Sona 
bilen mekdebe tarap ýola düşdi. Olaryň synpdaşlary bu gün mekdebe ir gelip,baýramçylyk çykyşyny taýynlamagy maslahat edipdiler. Boýdaşlar gyssag￾ly gadam ursalaram, kalplaryndaky
ynjalyk bermeýän duýgularyny ýüze
çykarman durup bilenokdylar. Hasam Sona bitakatdy. 
— Ýene goşgy baryny goşup ug￾radypdyr. Men-ä indi olary okabam ýetişemok.
Jorasynyň sözlerine myssa ýylgy￾ran Gülşat şadyýan dillendi.
— Yşkyňda köýüp, däli-diwana
bolup ýörse, başga näme etsin-dä 
görgüli?!
— A, gyz, indi köpçüligiň içinde-de 
habar gatyberýä. Men-ä utanýanam.
 Birden Sona sözüni kesip, jorasy￾nyň ýüzüne garady. 
— Gülşat, Şöhradam saňa ogryn￾ogryn garaýa welin...Ýöne ol käte hon￾danbärsi bolaýýar.
Gülşat syr bildlirmezlige çalyşsa￾da, ugrunyň gaçanlygy mälimdi. Gyzyň
owadan gözlerinde gussa göründi.
Jorasynyň ýagşydan-ýamandan dil 
ýarman, uludan dem almagy Sonanyň peltesine ýag damdyrylan ýaly etdi.
— Şol hondanbärsijäni başyňdan
aýlap goýbersene. «Görmedigim sen bol» diý-äý. Meň-ä indi şoňa gözüm düşse, myrryhym atlanýa.
Sona gyzyp barşyna gaty-gaty gür￾leýärdi.
 Gülşat jogap gaýtarman, uludan
dem almak bilen oňdy. Sona ýene low￾lap başlady. 
— Sesiňi çykarman, içimi ýakýaň￾da. Ahyry bir gün-ä seňem çetiň gyzar. 
Joralar mekdebe baranlarynda, 
synpdaşlary wadalaşylyşy ýaly, jem 
bolupdylar. Baýramçylyk mynasybetli çykyşa höwes bilen taýynlanylýardy. 
Şadyýan sahna oýunlary biri-birinden
gyzyklydy. Ýene hemme babatda Şöh￾rat öňbaşçylyk edýärdi. Janyny aýa￾man, tagalla edensoň, synpdakylaryň
hemmesi onuň tabşyryklaryny yhlas
bilen ýerine ýetirýärdiler. Agzybirlik
bilen başy tutulan işiň hörpi ýokarydy. 
Synpdaşlarynyň arasynda Şöhra￾dyň sarpasy uludy. Zehinli ýigit oku￾wyny gowy okaýardy. Diňe öz okuwy
bilenem çäklenmän, beýlekileriň okaý­şyna-da gözegçilik edýärdi. Jandurmaz Şöhrat sähel biperwaýlyk edilse, du￾rup bilmän igeniberýärdi. Hoşniýetlilik bilen edilýän bu igençlere hemmeler boýundy.
Şöhrada gyzlaryň köpüsi biparh däldi. Emma, näme üçindir, oňa diňe
Gülşat mynasyp görülýärdi. Gülşat
görmegeý gyzdy. Hemişe aýdyň na￾zar bilen garaýan edep-ekramly gyza 
höwes bilen garaýardylar. Ýöne ol 
ilkinji ädimi ätmäge aýgyt edenokdy. 
Gaýtam onda Gülşada bolan nähilidir
bir basdaşlyk duýulýardy. Ol beýle￾kilere garanda, gyza has köp talap
bildirýärdi.
Bu gezegem şeýle boldy. Gülşadyň 
sahnada özüni alyp barşy Şöhrada 
ýaramady.
— Gülşat, sülmüreme-de, janlyrak
hereket etsene. Sen sagymçy gyzyň 
edebi keşbini döredýäň. Sagymçylar
beýdip süýnüşip-sarkyşyp ýörenoklar
ahyryn.
Köpçüligiň öňünde howy basylan
Gülşat hasam aljyrady. Aýtmaly söz￾lerinem dürs aýdyp bilmedi. Lapykeç
bolan gyz bir gyra çekilip, ýüzüni sallap
duruberdi. Şöhrat azgyrylanyny duý­
man galdy:
— Ýene taýynlyksyz gelipsiň, Gül­
şat! 
Gülşat ýagşydan-ýamandan sesini
çykarmady. Sona jorasynyň tarapyny
tutdy. 
— Bolmanda-da beýdip, azgyry￾lyp dursaň, hiç kimem dogry çykyş
edip bilmez. Hemmesine özüň päsgel berýäň.
Şöhrat gaharyna bäs gelip bilmedi:
— Näme diýseňem, Gülşat bige￾leňlik edýär!
Gülşat mundan artyk durup bilme￾di. Öýkeli halda otagdan çykyp gitdi.
Synpdakylaryň hemmesi oňaýsyz hal￾da galdy. 
Şol gün Gülşadyň mazasy bolma￾dy. Asuda gylykly gyz öýkeli haldady. 
Synpdaş gyzlary Gülşadyň daşyna
egele boldular. Ýerli-ýerden göwünlik
bermäge çalyşýardylar. 
Uly arakesmede Gülşadyň asla
garaşmadyk wakasy ýüze çykdy. Ol 
ýaňy mekdebiň bagyna çykypdy welin, ýanaşyk synpda okaýan Mekan edep bilen ýanyna geldi.
Bu şähdaçyk oglany hemmeler
gowy görýärdi. Uzyn boýly, sagdyn 
bedenli ýigit ilki nazaryň düşenden, 
ýakymly täsir döredýärdi.
— Gülşat, baýramyň gutly bolsun!
Hemişe üstünlik gazan!
Mylaýym ses bilen aýdylan bu 
mähirli sözlere Gülşat çyn ýürekden 
hoşallyk bildirdi.
— Sag bol, Mekan!
Mekan mundan artyk eglenmedi. Ol 
şadyýan ýylgyryp, çalt-çalt ýöräp gitdi.
Gülşadyň Mekan bilen gatnaşygy
Şöhrada welin ýaramady. Onuň özüni alyp barşy bada-bat üýtgedi. Hemişe￾ki özüni ynamly alyp barýan dogumly ýigidi indi tanar ýaly däldi. Ol gözlerini bir nokada dikip, ýerinde butnaman otyrdy. 
Şöhradyň suslananyny aňan Sona
heşelle kakýardy. 
— Jora jan, tüýs oňardyň! Oňa ge￾regem şol. Ýeriň-gögüň direginiň diňe
özi däldigini, goý, bilsin. Mekan ondan
has gowy oglan ahyryn.
Şöhradyň kalbyna susluk aralaşa￾nyny diňe Sona däl, ähli synpdaşlary
hem aňýardy. Ýöne olar Sona ýaly, 
heşelle kakman, haly teň ýigide duý­
gudaşlyk edýärdiler. Hemme babatda
özleri üçin alada edýän jandurmaz
ýoldaşlaryna haýpygelijilik bilen nazar salýardylar. 
Arakesmäniň jaňy kakylandan, 
Şöhrat Gülşadyň ýanyna geldi. Tolgun￾madan ýaňa, ýüzi agyp-dönýän ýigit
üzlem-saplam gürleýärdi.
— Gülşat, men gyzmalyk edipdirin, 
bagyşla! — Gülşat asuda häsiýetine
eýerip, ýene ýagşydan-ýamandan se￾sini çykarmady. — Gülşat, näme üçin 
sesiňi çykaraňok? Men senden ötünç 
soraýan, bagyşlaýaňmy?
Gülşat ýene sesini çykarmady. So￾na oturyp bilmedi:
— Gülşat bagyşlanok.
— Näme üçin?
— Sen ala-böle Gülşadyň üstüne
gygyrýaň. Köpçüligiň öňünde utan￾dyrýaň.
— Men ötünç soraýan ahyryn.
— Ötünç soranyň bilen, ýürekdäki
kinäni aýryp bolanok. Gülşadyň kalby
näzik.
Şöhradyň birden ýüzi üýtgäp gitdi.
Hemişekileri ýaly, ýene gyzyp başlady. 
— Gülşat bigeleňlik edýä. Tabşy￾rylan işe taýynlyksyz gelýä. Gülşadyň
günäsi bilen çykyşymyzyň bir bölegini
henizem taýynlap ýetişemzok. — Şöh￾rat indi gahar bilen iki ýana zowzulda­
ýardy. Ýüzi hasam gamaşypdy. — Gül­
şat, ertir bir işi bökdemesene. Haýyş
edýän, wagt azalýa. Çykyşymyzyň ta­
ýynlygy gijä galýa. Eşidýämiň, Gülşat?!
Şöhrat birden öte geçenligini duý­
dy. Ol Gülşadyň ýanyna ötünç sorap
gelipdi ahyryn. Aljyraňňy ýigit näderi￾ni bilmän, boz-ýaz halda ýerine geçip
oturdy. Şöhradyň bu bolşuna gülüp 
goýberen Sona ýene jorasynyň daşy￾na geçdi.
— Näme üçin alpetinden alaňok?
Agzyňa öwrenişdiripsiň, diňe saňa ök￾de. Heý, beýlekileň adyny tutýamy?
Gülşadyň bolsa bu wagt jorasynyň
aýdýan sözleri gulagyna ilenokdy. Tol￾gunmadan ýaňa, ýüzi lap-lap gyzýan
Gülşat oturyp bilmän, dälize çykdy. Ýü­
regi arassa howany küýsän gyz uly pen￾jiräniň öňüne nähili baranyny bilmedi.
Penjire açykdy. Daşardan gelýän arassa
howadan kükregini dolduryp, dem alýan 
Gülşat nepesini dürsejek bolýardy. 
Gyza ýakymsyz duýgy azap berýär￾di. Göz öňünden Şöhradyň naýynjar 
keşbi aýrylanokdy. Ýigit göýä, haraý
isleýän ýaly, delmuryp bakýardy. 
... Birden synp otagynyň gapysy
batly açyldy-da, Şöhrat atylyp çykdy. 
Şöhradyň ýüzünde reňk-pet ýokdy. Ol durky bilen saňňyldap durşuna, Gülşa￾dyň üstüne gygyrdy. 
— Bu ýerde beýdip durma-da, ýe￾riňe geçip otur!
 Şöhradyň ganyny gaçyryp, üstü­
ne heňkirmegi Gülşada täsir etmedi.
Gaýtam gyzyň gözlerinde şatlyk gö­
ründi. Gülşat çalaja ýylgyryp, ses￾siz-üýnsüz okuw otagyna girip gitdi.
Şöhrat bolsa tolgunmadan ýaňa, 
henizem süňňüni saklap bilenokdy. 
Ol garşysyndaky Mekana gözüni
alardyp seretdi-de, yra-dara ornuna
geçip oturdy. 
 Synp otagyna dartgynly ümsümlik
aralaşdy. Şöhradyň birden erkini ýitir￾megi hemmeleri haýykdyrypdy. Synp￾daşlary indi Şöhrada howsala bilenseredişýärdiler. 
 Birden garaşylmadyk ýagdaý ýüze
çykdy. Gülşat eda bilen gadam urup, 
Şöhradyň ýanyna bardy. 
— Şöhrat, tabşyryşyň ýaly, çykyşa
hökman taýynlanyp gelerin. Beýdip
gaharlanmasana.
Bu mylaýym ses bilen aýdylan
sözler diýseň ýakymly eşidildi. Şöh￾radyň eginleri biygtyýar ýazylaýdy. 
Ol nähili ör turanyny bilmedi. Şöhrat
oslanmadyk ýerden oturýan ornunyň
tahylyndan bir desse çigildem gülüni
çykardy. Köz ýaly gyzarýan çigildem￾ler terjedi.
— Gülşat, baýramyň bilen gutlaýan! 
Şöhrat şeý diýip, gül dessesini Gül­
şada gowşurdy. Gülşat özüne sowgat berlen güllere haýran galyp seredýärdi. Bu gülleriň nireden, nähili tapylyp gel￾nenligine düşünip bilenokdy. 
bu blog 127 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan