Iki damar / satiriki hekaýa

Iki damar / satiriki hekaýa +9

@Dipsomaniac | 04.07.2019 ý.
IKI DAMAR 
(Satiriki hekaýa) 
Sorag-ideg bilen daýymlary tapdym. Daýymy çagakam görüpdim. Ejemiň hatyny gowşurdym.
Okap boldy-da, diliniň üstüne biri münen ýaly, esli wagtlap dymdy. Näme sebäpden beýdendigine
düşünmedim. Beýle agyr oýlara çümer ýaly esas ýokdy. Ol meni diňe işe ýerleşdiräýmelidi.
Wessalam. Ol, ejem aýtmyşlaýyn, bir edaraň kethudasymyş. Ol bir haýukdan soň “bolýa-da” diýdi.
“Daýyly oglan dartyk” diýilişi ýaly, men-ä ganat bekläp geldim, bi-de zordan “bolýa-da” diýýär. 
Birsalymdan daýym meni öz iş kabinetine çagyrdy. Çaý başynda ikiçäkdik. 
– Ýegen, seni öz ýanyma-da alyp bilerdim. Ýöne dogan-garyndaşlaryny çekýär diýmezleri ýaly, seni
başga ýere ýerleşdireýin. Emma daýyňy ýüňsakal etmeli dälsiň… 
– Daýy, men spesalist ahyry. Iş başararyn. Ýerleşmäge hemaýat etseňiz bolýar. 
– Ana, gördüňmi, eýýämden “men spesalist ahyryn” diýip başladyň. Beýdip, ýol almarsyň. Bu
dünýäde tanyşlyk gerek, tanyşlyk, ýene-de tanyşlyk! Iň esasy zadam: ýolbaşçyň göwnüne
ýaramaly… onuň bir diýenini iki gaýtalatmaly däl. Onuň pikirini diline gelmänkä hereketinden
aňmaly. Gaty duýgur bolmaly. Onuň gaňyrşyna gaýtmaly däl. Diliňden “hoş” sözüňi aýyrmaly däl.
Oňa akyl öwretjek bolmaly däl, ol ýolbaşçy ahyryn. Öz pikiriňi orta atmaly däl, pikiriň bolsa,
ýanyňda sakla. Iň gowusy-ha, pikirlenmezligi öwrenmeli. Tankytdan daşda dur – ol bulagaýlaryň
işidir… 
– Daýy, eger dogry düşünen bolsam, men eli diplomly, boýny galstukly göle bolmaly-da?! Şeýlemi? 
– Aý, diliňe döneýin, bildiň, ýegen, bildiň! Onda-da mölegöz göle! 
– Daýy diýýän-ä, häzir ylmy medisinada hirurgiýanyň has rowaç tapyp, gudrat görkezýändiginden
habarym bar. Adamyň arhytekdura gurluşynda kelle diýen ýaly has möhüm detal bolaýmasa,
galanlaryndan isläniňi kesip taşlamak ýa-da emeli organ bilen çalşyrmak itiň aňsadymyş… 
– Ýegen, näme diýmekçi bolýäň? 
– Daýy jan, sabyr ediň, düşündireýin. Adam anatomýasyndan başy çykýanlaryň şaýatlyk edişine
görä, her adamda, ownuk-uşak damarlary hasap etmäniňde, söýgi, gahar, gülki, uky, wyjdan,
namys diýen uly damarlar barmyş. Şularyň iň soňky ikisini jähenneme iberäýsem nädýär?! 
Meniň niýetime daýym düşünäýdi öýdýän, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi: 
– Genialno, ýegen, genialno! Meniň ýegenimdigiň bep-belli-dä! 
– Bep-belli bolsa, daýy jan, şo iki damaryň ýoguna ýansam, süňňümem ýeňläýer. Wyjdan bilen
namys damarym bolmasa-da, oňşuk etse bor. Beýlekilerindenem dura-bara dynaryn-da. 
– Berekella, berekella ýegen! Seniň almajak galaň bolmaz! 
– Daýy diýýän-ä, ilki işe girmekçi bolanyňyzda, siz nämäňizi kesdiripdiňiz? 
Bu oslagsyz sowal daýýymyň gözleriniň owasyny giňeltdi. Ol saňgaty bolup galdy. Men ony oňaýsyz
ýagdaýdan halas etmäge howlugdym: 
– Daýy jan diýýän-ä, siz, belki, häzirkiňizdenem uly wezipäni isleýänsiňiz. Geliň, ýaňky
damarlarymyzy bileje kesdireli! Kesdirmän, ýöne üýtgedibem bolýa. Mysal üçin, öňünden “bi”
goşduryp, binamys, biwyjdan ýaly formada özgertmek mümkin. Forma hiç, mazmuny üýtgese
bolýar… 
Daýymyň gözlerine gan aýlandy-gaharyň alamaty. Gaharyň hereketdäki formasam – wagşylyk.
Ýekegapanyň öňünden sag-aman sowulan ýagşy. Berdim ýazzyny. 
Aşyrberdi KÜRT
bu blog 92 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 2 hepde öň
Dowamly bolsun!
@Dipsomaniac 2 hepde öň
Bilmän gürlemeklik gowy zadam däl welin, ýöne şu derejedäki tapylgysyz eseri miras eden adam aradan çykan bolmagy gaty ahmal.
@Jepax 2 hepde öň
Beyle jogaplardan song dayysy oz yanyna ishe de alsa bordy. Peydasy degjek oglan eken
@Gürgençli 2 hepde öň
Mmbäh.
Älemjahan