Iki küýze
Iki küýze

Iki küýze +2

MissMeri, 12.10.2020
 Bir wagtlar Hytaýda iki sany uly küýzeli garry aýal bardy.
 
 Egninde, ol küýzeleriň hersi iki uçly taýagyň gyrasyndan asylýardy.
 
 Olaryň birinde jaýryk bardy, beýlekisi kemsizdi we elmydama suwuň doly bölegini tutýardy.
 
 Derýadan garry aýalyň öýüne çenli uzak ýol gutarýança, jaýrykly küýze elmydama bary-ýogy ýartylygyna dolydy.
 
 Iki ýyl bäri her gün şeýle bolýardy: garry aýal öýüne hemişe diňe küýzäň ýarsyna çenli ýetip duran suwy getirýärdi.
 
 Birkemsiz abat küýze öz işine diýseň buýsanýardy, görgüli jaýrykly küýze bolsa öz ýetmezçiliginden utanýardy we hemişe ýarpy işi edip bilýändigine gynanýardy, beýleki küýze ýaly ýasalanam bolsa.
 
 Iki ýyldan soň, özüni tükeniksiz ýaramlydygyna ynandyrýan ýaly bolanda, küýze garry aýala ýüzlendi:
 
 - Jaýrygym sebäpli ýolda men seň öýüňe çenli suw akdyrýanyma mydama utanýaryn.
 
 Garry aýal gülümjeredi.
 
 - Ýoluň gyrasynda gülleriň ösýändigini sen gördüňmi, ýöne beýleki abat küýzäniň gyrasyndan däldigini görmediňmi? Ýoluň gyrasynda gül tohumlaryny ekdim, sebäbi seniň ýetmezçiligiňi bilýärdim. Şonuň üçin her gün öýe baramyzda, olary suwlandyrýardyň.
 
 Iki ýyllap yzly-yzyna bu ajaýyp gülleri kesip, olar bilen stoly bezäp bilýärdim. Sen bolmadyk bolsaň, bu gözellik bolmazdy we ol gözellik öýümize beýle hormat getirmezdi.
Vase

                                                          @MissMeri
BU BLOG 2387 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 1 hepde öň
Her bir işde haýyr bardyr diýýänleri şu.
@MissMeri 1 hepde öň
@MyratDowlet Hawa, hakykatdanam