Ilkinji adam haçan peýda boldy?
 Ilkinji adam haçan peýda boldy?

Ilkinji adam haçan peýda boldy? +1

MissMeri, 15.09.2020
Ilkinji adam takmynan 2,6 million ýyl ozal Ýer ýüzünde peýda bolup, oňa "ökde adam - homo habilis" diýilýär. Australapitekusyň has irki görnüşlerinden ewolýusiýa prosesleri arkaly ösendir öýdülýär. Awstralopitekinler aslynda iki aýakda gezýän maýmynlar bolan bolsa, homo habilis häzirki zaman adamyň bedenine meňzeş beden gurluşyna eýe bolup, akyl-paýhasa eýe bolupdyr. Häzirki zaman adamzadyň nesli hasaplanýan ökde adam.
 
 Homo sapiensiň galyndylary ilkinji gezek 1960-njy ýylda Tanzaniýanyň Olduwaý jülgesinde tapyldy. Täze gominid görnüşleriniň skeletiniň sensasiýa tapylmagy tutuş ylmy dünýä tolgundy. Şeýle süňkleri gözlemek bütin dünýäde başlandy we tiz wagtdan alymlar ökde adamyň häsiýetlerini jikme-jik suratlandyrmak üçin ýeterlik nusgalary ýygnadylar, bu görnüşiň barlygynda ynsanperwer jandarlaryň ewolýusiýasynda öwrülişik pursatynyň bolandygyny çaklamaga esas berdi. Göze ilki bilen görünüp, üns çekilen zatlaryň biri: aýry däl, beýleki barmaklar bilen deňlikde hem-de golaý ýerleşýän aýagynyň barmagy, häzirki adamyň bedenisinde aýagynyň topugynyň gurluşy ýaly; has giň, homo sapience (Homo sapiens - häzirki zaman görnüşi) budunyň süňki ýaly, has uly hem tegelek kellesi bilen we uly beýniniň göwrümi bilen çagalary dogurmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, adam galyndylarynyň gapdalynda ilkinji zähmet guralynyň yzlary köplenç ussatlyk bilen tapyldy, görnüşi ýaly, olar ömrüniň dowamynda ulanypdyrlar. Bularyň hemmesinden başarnykly adamyň ýer ýüzündäki iň gadymy adamdygy we peýda bolan wagtynyň takmynan 2,6 million ýyl ozaldygy barada netije çykaryp bileris.
Ewolýusiýa

Emma homo habilis diňe ylmy gözleglerde we arheologiki meýilnamalarda adamzada degişlidir. Adamzadyň häzirki zaman wekilinde, gysga boýly (uzynlygy 1,2 metr), tüýli we zordan çykýan sesi bilen gominidy - buýsançly "adam" sözi ulanyp, atlandyryp bolmaýardy.

Häzirki zaman adam - homo sapience - takmynan 130,000-nji ýylda Ýer ýüzünde başga bir görnüşiň - göni arkaly ýöreýän adamyň ewolýusiýasynyň netijesinde ýüze çykypdyr. Häzirki wagta çenli tapylan iň gadymy gomo sapience takmynan 140,000 ýyl ± 20,000 ýyl we Günorta Afrikanyň Border gowagynda tapyldy.

                                                          @MissMeri
BU BLOG 2477 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Tokmak 2 hepde öň
Peýdaly maglumat. Gaty gysga ýazypsyňyz. Aslynda bu gaty giň we gyzykly tema.

Ýene bir zat, suratda nesilleriň ýerleşdirilişi biraz ýalňyş düşünje berýär. Neandertal adamlary biziň ata-babamyz däl. Olar homo erectusdan bölünen şahalaryň başga birine degişli. Ýagny bir döwür biziň bilen parallel ýaşan görnüş.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Her dürli pikire hormat goýýan. Ýöne menä şu ewolýusiýa düşünjesine hiç hili ynanamok. Hatta bu bir delilem däl. Bu diňe çaklama. Ýagny "teoriýa".
@MyratDowlet 2 hepde öň
Meniň pikirimçe adam ilkinji adamdan Adam ata bilen How eneden gaýtdy.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Dogrydyr süňkem tapandyrlar, 2.6 million ýyl mundan ozala degişlidir. Ýöne ol tüýli bolupdyr, kelle şekili maýmynyňky ýaly bolupdyr ýaly çaklamalar ateist düşünjäniň getirýän gürrüňleri.
Seredip otyrsaň şol tapylan süňk adamyňkam däldir.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Awtor, bezobit men diňe pikirimi aýdýan.
@MyratDowlet 2 hepde öň
aslynda Adam ata we How eneden adamlar köpeldi düşünjesini yslamam, hristýanlaram we ýewreýlerem (musewiler) ynanaýarlar. Belkem buddist we krişnalaram ynanýandyrlar.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Awtor "Miras" neşirýatynyň Kyssasyl Rabguzy eseriniň birinji tomynyň birinji babyny okap gör. Şonda älemiň dünýäniň adamyň ýaradylyşy barada gowy maglumatlar bar. Ýöne kitabyň dili agyrrak ýazylan, öňünden aýrdan.
@MissMeri 2 hepde öň
Sag boluň... pikiriňize))
@MissMeri 2 hepde öň
Sag bopuñ her kimiñ her tüýsli we her dürli düşünjesi bolup biler! Biz sizi ynandyrjak ýa-da pikiriňizi üýtgetjek bolup goýamzok, hormatly okyjy!!! Bu bir mysal alymlaryň pikir edişlerine we işleýşlerine görä çykarylan netijeleridir! Elbetde hiç kim önki döwürleriň wagtynda bolup we görüp gelen adam ýok...
Siziň özüňizem gidip görü0 gelen dälsiňiz beýle ynamly ýazan zatlaryňyzdaky pikiriňizi aýdarsyňyz ýaly... ; )
Oňa diňe biziň Ýer planetamyz şaýat bolandyr hemme bolup geçen zatlara bu dünýede....)))
@MyratDowlet 2 hepde öň
Ok @missmeri onda saňa sorag.
Sen haýsyna ynanýaň?
@Nemelaý 2 hepde öň
@MissMeri Siziň özüňizem gidip görü0 gelen dälsiňiz beýle ynamly ýazan zatlaryňyzdaky pikiriňizi aýdarsyňyz ýaly... ; )
@Nemelaý 2 hepde öň
Onsoňam siz alymlaryň pikiri dälde, hamana makalaň awtory öziňiz ýaly @MissMeri diýiwem goýupsyňyz....Tupizmyň alamatlary gaty göze dürtgüç bolup dur.
@MissMeri 2 hepde öň
Siz tupizm däl bolsaňyz onda özüňizi haýwan ýaly, terbiýe almadyk mal ýaly özüňizi alyp barmazdyňyz! Sag boluň, gysgaça bizem siziň häsiýetiňizi bilip galdyk çykyş edişiňize görä...
Bärde blog her kim islegine görä goýup we okap wagtyny geçirýänler üçindir. Siz oturyp iňlis dilinden terjim edip goýup synanşyp görüň, awtoryň goýan zadyna at dakman, belki siziňem peýdaly işiňizi göräýeris!
@MissHappy 2 hepde öň
Adamlar biri birini peseltmegin ugrunda dine, daje shujagaz saytdada. Tuwelemelay.
@MissMeri 2 hepde öň
Не скажите...
Очень не красиво, когда не воспитанно ведут себя...
Bir zady biri ýumuran ýaly, ýazyp...
""Akyllysyrap"" ýazanlaryndan gowysy häsiýetiniň üstlerinden işläp düzedenleri kem bolmazdy, ýazýan sözleri adam şekilli bolar ýaly.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Teswir ýazanyma puşman etdirdiňizaý.
@MissMeri 2 hepde öň
Siziñ bärde günäňiz ýok agza ýöne haýyşt prowakasiýa bolmasa bolýar.
Sorag berip ýüzlenesiňiz gelse çat bar bu ýerde...
Esasy sylag hormat birek biregiňize goýsaňyz bolýar, adamçylyk hasiýet hakda ýatdan çykarmaň hormatly okyjylar!!!
@Nemelaý 2 hepde öň
Gadyrdan @MissMeri ilki bilenä men artykmaç zat ýazmadymda biriniň teswirine ýazan teswiriňiz bilen öziňizi teswirledim. Beýleki tarapdanam makala oziňiziňki bolsa aşagyndan @MissMeri diýip ýazan bolsaňyz a onda başga gürrüň.
@Nemelaý 2 hepde öň
Ikinji bilenem men bular ýaly temalary makalalary, bu ýerde birinji gezek okamokda, göre göre gelýän.
@Nemelaý 2 hepde öň
Onsoňam "siz tupizm däl bolsaňyz"dälde , "tupoý däl"diýilmeli. Gadyrdan, intelligensiýanyň görnükli wekilsumagy
@MissMeri 2 hepde öň
Спасибо за короткую лекцию, но она лишнее, она не нужна, так что не утруждайте себя зря, "умный" читатель!
И да это ""слово"" специально, как вы там написали таки оставила ничего не изменив)))
Хорошо раз уж теперь не настроены на негатив и на критику, тогда теперь можно считать, что будет уважение к окружающим людям!!!
Большое спасибо за понимание и внимание ))