Islän kişiniñ düýşüne girmek
Islän kişiniñ düýşüne girmek

Islän kişiniñ düýşüne girmek +2

NazarSTG, 22.06.2020
Islän kişiniñ düýşüne girmek barada näme pikir etýäñiz ? Belki siziñ gowy görýäniñiz bolup biler ýada tersleşen tanyşyñ bolup biler ýagny islän kişiniñ düýşüne girer ýaly ýerine ýetirmeli düzgünler bar. Bu düzgün subut edilendir ençeme adam şu ýol bilen islän kişisiniñ düýşüne girmäni başarypdyr we garşydaşyna soranda olam gördügini aýdandyr. Munuñ bir gowy tarapy isleýän adamyña isleýşiñ ýaly görnüp ýada islän zadyñy diýip bolýar. Nädipmi ? Geliñ onda etmeli zatlary bileliñ. Bu düzgünde diñe duýmany başarsyñyz boldy. Ünsli okañ. 
Eger düýşüne girjegiñiz adam bilen ýakyn bolsañyz we oñ bilen gowy gürleşýän bolsañyz düýşüne girmek has añsat düşer. Ondada ruhdan düşmäñ bu işi gowy ýerine ýetirseñiz boldy. 
Ilki bilen düýşüne girmek isleýän adamyñ ýatýan wagtyny biliñ. Ýagny agşam 2 de 3 de ýatandyr. Soñ bedeniñizi rahatladyñ we rahat bir ýere ýatyñ. Esasy ýadow däl gaýgysyz aladasyz bolsañyz gowy bolar. Rahat boluñ gaty rahat bolmalydyr bu iñ gerekli zatdyr rahat boluñ we hemme gaýgylaryñyzy hemme aladalaryñyzy kelläñizden çykaryñ hiç zat ýok ýaly boluñ diñe hemme pikiriñizi hemme güýjüñizi etýän işiñize beriñ. Rahat bolmasañ kelläñde aladañ bar bolsa ýada başga zatlar pikir etýän bolsañ bu hijem başa barmaz. Esasy zat rahat gaýgysyz bolmak. Ýatañyzda aýagñyz eliñiz gaty rahat dursun. Daş töweregiñde ünsüñi bozjak zat bolmasyn ýagny ýanyñda bir adam ýada sesli bir zat bolmasyn. Sessiz ýerde ediñ sähel ses bolsa bary ünsüñiz gider. Şo sebäpli köp adam bu düzgüni agşam hiç kim ýokka etýär. Düýşüne girjek adamyñyzy saýlañ.
Bedeniñizi polny gowşadyñ ýagny bedeniñizi duýmaýan ýaly gaty gowşadyñ aýagyñyzy eliñizi düýbünde gowşatmalysyñyz bedeniñizi rahat goýberiñ hemme myşsalaryñyzy goýberiñ endamyñyzy hiç duýmaýan ýaly gowşatmagyñyz gerek. Rahat bolduñyz aladyñyz ýok bedeniñizem polny gowşadan bolsañyz 20 gezek rahat we asuda dem alyñ. Ýagny 20 gezek dem alyp goýberiñ. 
Ýene bir zat eger özüñe ynamyñ bolmasa edeniñ peýdasy ýokdyr özüñüze gaty ynamyñyz bolsun özüñüzi etýän zadyñyza ynandyrmagyñyz gerek. Şonuñ düýşüne girjegiñe ynanyp et. 
Eger has duýguly adam bolsañyz gaty gowy bolar sebäbi iñ gerek bolan zat duýup bilmek duýgularyñ birem ynamyñ bilen başarýañ sen şo zady. Iñ esasy gerek bolan zat şudyr duýup bilmek. 
Indi has berjaý etmeli ýere gelýäs. Hemme zada taýyn bolsañyz 20 gezek dem alan bolsañyz düýşüne girmek isleýän adamyñyzyñ 3 nji gözi diýip atlandyrylýan ( Mañlaýyñ sähel ýokarsynda 2 barmak bolup biler ) ýerden adamyñ içine girjek boluñ. 3 nji gözünden gireniñi pikir et duýmany başar sen şo adamyñ 3 nji gözünden girdiñ we şony gowy duýmany pikir etmäni başaryñ 3 nji gözünden girýäniñizi pikir ediñ we muña ynanmagyñyz gerek. Boldy şu ýerini geçseñ galan ýeri añsat. Soñ sen şo adamyñ düýşünde ýaly pikir et 3 nji gözden gireniñden soñ sen şo adamyñ düýşündemişiñ ýaly gowy duý pikir et we özüni ynandyr. Sen şo adamyñ düýşündedigiñe ynanmaly. Galan zady öz islegiñe bagly soñ sen nähili geýinseñ näme diýjek bolsañ şony duýmany başarsañ boldy ony öz kelläñizde edersiñiz diýjek zatlaryñyzy 3 nji gözden gireniñden soñ diýiberiñ ýagny diýýän ýaly pikir ediñ. Etýän zadyña ynanmagyñ gerek. Bolmaz diýseñ bolmaýar. Geýimiñi saçyñy oñ eşigni daş töwregiñizi öz kelläñizde pikir ediñ we duýuñ. Diýjek zatlaryñyzy arkaýyn diýiberiñ. Ýöne hemme ünsüñizi şoña beriñ. 
Eger başa barmasa we özüñüze ynanmadyk bolsañyz ruhdan düşmäñ we 1 2 gezek ýene ediñ ýagny bir gezekde goýmañ ýene 1 2 gezek synanyşyñ. Eger ynansañyz hökman bolar. Ýöne başda düýşüne girjek adamyñ "Señ şu gün düýşüñe girjek" diýmäñ beýtseñiz agşam şo diyen zadyñyz ýadyñyza düşer we bimaza eder. 
(Düzgünler çyndyr we BBDR HulMai bilim uniwersitetleri tarapyndan subut edilendir, internedi gözläp görseñiz esasy şu düzgüne köp gabat gelersiñiz)
BU BLOG 3852 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Tokmak 2 hepde öň
Düýş diýilýän zada kän ynanamok. Beýdip köseneniňden, wagtyňy peýläp, asuda ýere geçip, gözüňi ýumsaň, şol adamyň keşbini göz öňüňde janlandyryp bolýar. Islendik görnüşde pikiriňde aýla, erkiň eliňde.