Jübiň galyň bolmasa barmaklyk maslahat berilmeýän ýerleriň biri MADO
Jübiň galyň bolmasa barmaklyk maslahat berilmeýän ýerleriň biri MADO

Jübiň galyň bolmasa barmaklyk maslahat berilmeýän ýerleriň biri MADO +1

@123456 | 08.08.2019 ý.
Salam Älemjahançylar. Ýagdaýlaryňyz gowudyr diýip umyt edýän. Men size bu açan blogymda Aşgabat ýerleşýän üýtgeşik dizaýnly kafeleriň biri bolan MADO kafe barada ýazmakçy. Bu lafeniň açylanyna 2, 3 aý bolupdyr. Ýerleşýän ýeri: Oguzhan seýilgähi, Podwoýski bilen Çehowyň çatrygyndaky alleýanyň içinde ýerleşýär. Internetden gözleg edenimde bu kafeniň düýp dolandyryjysy Türkiýe döwletinde bolup, häzirki wagtda Gazagystan, Türkmenistan we beýleki Aziýa ýurtlarynda öz söwda nokatlaryny açypdyrlar. Kafe esasy süýjülik tortlary, süýjilik önümleri bilen tanalýar. Kafedaki ofisiantlardan soranymda süýji tortlar bärde bişirilmän, Türkiýe döwletinden getirilýändigini aýtdy. 'Kellä sorag geldi, NÄDIP?'. Türkiýe döwletinden nädip getirýärler, uçarlymy? Ýa-da refrežator ulagyndamy? NÄDIP? Onsoňom tort sowuk howa bolmasa çalt zaýalanýan zatlaryň biri, nädip getirýänlerine bolsa doly düşünmedim. Belkide bişirmeklik üçin goşýan reseptlerini Türkiýeden getirýändirler, Eger bilýän bolsaňyz teswirlerde ýazmaklygyňyzy haýyş edýärin. Kafe gowy, içinde hem oturyp bolýar, daşynda hem, üýtgeşik özüne çekiji Aşgabat içinde görülmedik dizaýny bar. Iň ýaman(erbet) zady haçan-da eliňe menýuny alyp tortlaryň bahalaryny gören pursadyň bolsa gerek. Aldym, bahalaryny gördüm, naharlar bilen tanyşdymda daş töweregime seretdim we içimden 'MEN NIREDE OTYRN? o.O '. Daşymdaky oturanlara seretdim, köýneginiň aşagy garlawaç kesilgi sowremenny türkmen gyzlary, garagöz türkmen oglanlar. We soňrada 1 çeýnek gök çaý we iň arzan 1-je bölek tort getir diýdimde oturyp pikir etmäge başladym Aşgabadyň niresinde buratinadaky ýaly teňňe sallanýan agaç barka diýip. Agzalar şonýaly bag nirede bar aýdyň? Hakykatdanam men durmuşdan yza galýan, nireden Aşgabatda munça pul? Umuman iýip içip bolanyhmdan soňra 1 çeýnek çaý bilen 1 bölek tortumyň bahasy 80 manat boldy.
Eger orta aýlyk (700 manat) bilen hasap etseň, 80 manat alýan aýlygymyň 12% bolýar.
Diýmek 1 çeýnek gök çaý bilen 1 bölek tort = Gazanjymyň 12%

Ýaşaýyş erbet däl (içi ýananyň içgepletmesi).

bu blog 163 gezek okaldy

Teswirler

@Schastye 2 hepde öň
Elýetmez pulýetmez...
@Atabeg 2 hepde öň
80 manada bir bolek tort dalde bitin bir tort satyn alyp bolya
@7urkm3n 2 hepde öň
"Moda"-na bilmedim welin, "Chatma" yada "Chadyr" bolmaly ine shonyn gymmatja yer diyip bilerdim.
@donnie 2 hepde öň
$4 diýýäňmi :D
@Adymyok 1 gün öň
o suratdaky aňyrda oturan meň ballymmaý??:D
Älemjahan