Jynsy gatnaşyk robotlary
Jynsy gatnaşyk robotlary

Jynsy gatnaşyk robotlary +1

NazarSTG, 17.10.2020
Tehnologiýanyñ ösmegi bilen hemme zat üýtgeýär. Adamlar  durmuşymyz, düşünjelerimiz ýagny hemme zat hökman üýtgäýmeli. Adamlar her hili zat çykaryp görýär, barlap görýär, edip görýär. Her hili täze robotlar çykarýarlar, ýöne  sizi bulardan has üýtgeşik robotlar tanyşdyralyñ. 
Jynsy gatnaşyk robotlary, eýýäm www.alibaba.com saýdynda satylyp ugrady. Daşky görnüşi hem özüne çekiji bolan bu robotlar aýdylmagyna görä wagtyñ geçmegi bilen has täze zatlar goşulyp, adam bilen bu roboty tanap bolmajak hala getiriler.
Bu başgaça aýdylanda tehnologiýa bilen gyzgyn gatnaşyk. Köp gözleglere görä 2030 njy ýyla çenli gaty köp öýde jynsy tehnologiýa bilen gatnaşyk geçirlip biler. A ýene bir gözlege görä 2050 nji ýylda ynsan dälde jynsy gatnaşyk robotlarynyñ saýlanjakdygy aýdylýar. Hatda hakyky jynsy gatnaşykdan robot gatnaşyklary bir birinden aýry hala geler. Şo sebäpli geljekde robot bilen öýlenenlerem görip bileris. 
Jynsy gatnaşyk roboty näme üçin hakykysyndan beter ýakyn garşylanýar ? Munuñ sebäbi ortada, hakyky bir adam bilen durmuş gurañyzda onuñ gepi, iññirdisi bolup bilýär, we munuñ daşyndan goh, uruş, oñuşmazlyk hem bolýar. Garşydaş garşysyndakydan gatnaşyk islände kabul etmän bilýär. A robotlarda bolsa beýle däl, iññirdi ýok, gep ýok, uruş goh oñuşmazlyk ýok, ol seniñ isläniñi berýär. Ýagny öz psikologyñy öziñ ýanyñda göterýäñ. Gowy şeýle dälmi ?
Indi bir adam bir robot bilen jynsy gatnaşykdan beter çene gidip bilermi ? Ýagny bir adam robota aşyk bolup bilermi ?
Jogaby hawa. Bir adam bir roboty söýüp biler. Professor Sherry Turkle hem munyñ adaty bir zatdygyny aýtýar. Göz öñüne getiriñ, bir adam tehnologiýa aşyk bolýar. 
Bir adam bilen robotyñ gatnaşygynda ynsanyñky ýaly gyzgynlyk bolup bilermi ? 
Bu köp jedelleşilen temalardan biridir. Ynsan gatnaşygyndaky inçe hereketler (dodak dişlemek, bedenini duýup bilmek, ysyny, sesini, ýüz hereketleriniñ duýgularyny duýup bilmek we ş.m) bir robotda bolup bilermi ? Köp kişiniñ aýtmagyna görä bu zatlar bir robotda bolup biler, ýöne onuñ üçin wagt gerek bolar. Tehnologiýa bu zatlaryñ üstünden uly ädimler bilen ätläp dur. Täze çykýan robotlar bolsa köp ynsany hereketlere eýe hem boldy. Bu duýguny ýaşasy gelýänler 150 $ garşylygynda robot jynsy gatnaşyk öýlerinde robot bilen gatnaşyga girip biler. 
Harmony 2.0 atly robot gürleşip, degişip, utanyp, gaharlanyp we ýene 18 sypat ýüklenip satyn alyp bolýar. 
Siz bu robotlar barada näme pikir etýäñiz ?
BU BLOG 659 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@yzgant 11 sagat öň
Mister biniňki ýaly gurjak göterip ýören bolsaň bolýan zat ekeni, Robatlary geljekde ösdürmek isleýärler. ýuwaş ýuwaşdan köpelýärem, ýöne robatlar durmyşyň esasy bölegini tutup biler öýdemok. her näçe pikirlenip gepleýänem bolsa, her näçe näme etsede barybir ol ýalanlygyna galýa hasap edýän menä
@TonyStark 7 sagat öň
Meniň pikirimçe robotlar geljekde adamlardan hem köp bolar.Ýagny ýeriň ýaşaýjylarynyň köp bölegini nanotehnologiýalar tutup adam ün gadjet wezipesini ýerine ýetirer.Emma bir zady ýatdan çykarmaly däl:"Tehnologiýa adamzady däl-de,eýsem adamzat tehnologiýany döretdi" Şol sebäpden hem adam barybirem adam bolýa,robot bolsa öz ýerinde robot.
Emma gowy temadan gürrüň açypsyň,@NazarSTG täze bloklara garaşýas,üstünlik!!!