Käşir aslynda benewşe reňkde bolýar.
 Käşir aslynda benewşe reňkde bolýar.

Käşir aslynda benewşe reňkde bolýar. +1

MissMeri, 09.09.2020
Adaty mämişi käşirine öwrenişen köp adam, beýleki reňkleriň bardygyny bilip geň galar. Mundan başga-da, başda bu gök önüm düýbünden mämişi däldi: gyrmyzy we sary reňkler agdyklyk edýärdi.
 
 Käşiriň ýabany görnüşleri onlarça, hatda ýüzlerçe müň ýyl mundan ozal hem bardy we gahrymanymyza degişli "saýawan" maşgalasynyň özi planetada millionlarça ýyl bäri bar. Ýabany käşiriň köp görnüşi sary, goýy benewşe reňkde (фиолетовый цвет), ululykda, tagamda we reňkde üýtgeýärdi. Aýratynlykda Aziýa sebitinde käşiriň has gara görnüşleri ösýärdi we Ortaýer deňzinde açyk sary reňkler bolýar.
 
 Uzak wagtlap käşir ýabany ösümlik bolup galypdyr: bu adama mälimdi, ýöne ata-babalarymyzyň ähli ünsi galla we başga-da birnäçe öý ösümliklerini ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilipdi. 10-njy asyrda käşire ýörite üns berilip başlanyldy: ony Kiçi Aziýada bilgeşleýin ösdürip başlaýarlar.
 
 Gyzykly tarapy: käşiriň gara reňkine antosian atly bir madda täsir edýär. Antosianler tebigatda hemme ýerde bar we ösümlikleriň güllerine we miwelerine gyzyl, benewşe (фиолетовый) we gök reňk berýär. Alfa we beta karotin, käşir ýaly köp ösümlikleriň sary reňkine jogapkärdir.
 
 Birnäçe asyr geçensoň, Ýewropa ýurtlarynda käşir ösdürip ýetişdirilip başlandy. Emma Ortaýer deňziniň sary käşiri elmydama sypatsyz we inçe kök gök önüm bolup galdy - açyk we uly Aziýa käşirine laýyk däl. Ýewropaçylar bu ýagdaýa uzak wagtlap çydap bilmediler we XVII asyrda dürli sebitlerden sortlaryň kesişmegi bize mälim bolan mämişi käşiriniň döremegine sebäp boldy.
 
 Bu kök ösümlik görnüşi Aziýa we Ortaýer deňzi käşiriniň peýdaly maddalaryny we witaminlerini (antosinler, karotinoidler) birleşdirýär, uly göwrümi we süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanan mämişi käşiridir. Ýöne käbir ýerlerde ekzotik sary ýa-da benewşe (фиолетовый) käşirleri henizem duşup bolýar.
 

                                                          @MissMeri
BU BLOG 1216 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Pishijek 3 hepde öň
Göni terjime edilende biraz gödek okalýar. Meselem:
"gahrymanymyza degişli" ýa-da "bilgeşleýin ösdürip başlaýarlar"
Ýerini başga sözler bilen çalşyp bolar.
@Pishijek 3 hepde öň
Tema gyzykly. Käşiriň fioletowyý reňkiniň bolup biljekdigi barada pikir ýokdy kellede))
Indi dadyp görmek isleýän.