Käteler...
Käteler...

Käteler... +2

Aýlara, 05.02.2020

Käte şu gereksiz boşluk dünýäni,
Ýer ýüzüne aýlap urasym gelýär,
Dünýämi şu diýip nalanyp käte,
Özüm täze dünýä gurasym gelýär.

 Käteler şeýlebir ýanýandyr içim,
 Buz deý suwy oňa guýasym gelýär,
 Käteler şeýle bir gam-gussa batyp,
 Sil deý gözýäşymy guýasym gelýär.

 Begenip käteler kalpdan ýylgyryp,
 Göýäki guş deýin uçasym gelýär,
 Küýsäp käte Alysdaky agamy,
 Gelse,ylgap baryp guçasym gelýär.

 Asmana seredýän,aý hem ýyldyzlar,
 Garanky gijäni ýagta öwürýär,
 Ýyldyzlam ýok welin maşgalam Aýym!
 Diňe olar üçin ýaşasym gelýär.

 Käteler şeýle bir höwesli bolýan,
 Okap hemmelerden ozasym gelýär,
 Käte bolsa ýazan setirlerimi
 Pikirlenmän derrew pozasym gelýär. 

 Awtory : Aýlara Atajanowa
BU BLOG 4225 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Sehra 2 hepde öň
Ajaýyp
@Aýlara 2 hepde öň
Minnetdar!
@Ayzada 2 hepde öň
Şygyr äleminde üstünlik! Tüweleme gaty gowy!
@Aýlara 2 hepde öň
@Ayzada Köp köp minnetdar!!! :)