Köşek hem düýe
Köşek hem düýe

Köşek hem düýe +2

@Graff | 26.06.2019 ý.
Bir köşek ene düýeden sorapdyr:
— Ene, biziň örküjimiz nämä gerek? Arkada artykmaç ýük bolup dur.
— Köşejigim, şol örküçde toplanan ýaglar arkaly çöllerde-de biz uzak wagt suwsuz oňup bilýäris. Ol artykmaç ýük däl-de, biziň beýleki jandarlardan artykmaçlygymyzdyr — diýip, düýe düşündiripdir.
— Onda, ene, biziň boýnumyz näme sebäpli beýle uzyn? — diýip, köşek ýene sorapdyr.
— Bu-da bize berlen artykmaçlykdyr, köşegim, biz hemme jandarlardan has uzakdan görüp bilýäris — düýe ýene-de özleriniň magtanmaga mynasypdyklaryny aýdypdyr.
Köşek bolsa ýene sowal beripdir:
— Ene, näme üçin aýagymyzda toýnak däl-de, has uly paşmak bar-a?
Ene düýe:
— Şol paşmak hem bizi beýleki jandarlardan parhlandyrýan artykmaçlyklaryň biridir. Köşegim, biz ýasy paşmakly bolanymyzsoň, akyp ýatan hürpük çägeli çöllerde-de örän tiz hereket edip bilýäris — diýipdir.
Uly gözlerini mölerdip, köşek geň galyp, şeýle diýipdir:
— Ene, biz hemme jandarlardan artyk bolsak, bu yzgytsyz adamyň mal ýatagynda näme işläp ýörüs-ä?!

@Graff
bu blog 56 gezek okaldy

Teswirler

@cherry 3 hepde öň
wah caga)
Älemjahan