Kiçijik gyzjagaz, jigisini ölümden halas etdi
 Kiçijik gyzjagaz,  jigisini ölümden halas etdi

Kiçijik gyzjagaz, jigisini ölümden halas etdi +3

MissMeri, 16.10.2020
Tessi owadan, ýöne çynlakaý, alty ýaşlyja gyzjagazdy. Bir gün ene-atasynyň kiçi jigisi Ted hakda gürleşýänini eşitdi. Ol agyr syrkawdygyny we ene-atasynyň pulunyň ýokdugyny bilýärdi. Tessi kakasynyň aglap oturan ejesine umytsyzlyk bilen aýdanyny eşitdi:
 
 - Tedy indi diňe bir gudrat halas edip biler.
 
 Soňra Tessi otagyna ylgady we ähli tygşytly ýygnanja pullaryny jemden (warenýe) galan aýnaly baňkadan çykardy. Ol hemmesini ýere dökdi we seresaplylyk bilen sanady, soňra teňňeleri bankanyň içine saldy we mümkin boldugyça hasyrdap, bar güýji bilen dermanhana tarapa ylgady.
 
 Ol ýerde işleýän bir adama, ol gyza üns bermegine umyt bilen, sabyrly garaşdy, ýöne başga bir adam bilen söhbetdeşlikde başagaý bolany üçin, alty ýaşlyja gyzjagazy görüp bilmedi. Tessi özüne ünsi çekmek üçin aýagyny bilen tarkyldadyp başlady. Reaksiýa ýok (hiç hili üns bolmady). Soň bolsa gaty üsgürip başlady. Ýene-de hiç zat görmedi. Ahyrynda bir teňňäni çykaryp, jäçden aýnany tarkyldadyp kakdy.
 
 'Size näme gerek' -diýip, dermanhanaçy gaharly ses bilen sorady. - “Görýäňizmi, men näçe ýyllap görmedik, Çikagoda bolýan, doganym bilen gürleşýärin.
 
 'Bolýar, ýöne menem jigim hakda gürleşmek isleýärin' - diýip, Tessi dermanhanaçyň sesine meňzedip, ol gyzjagaz ýüzlenip aýtdy. - Bilýärsiňizmi, ol gaty syrkaw ... we gudrat satyn almak isleýärin.
 
 - Bagyşlaň, näme?
 
 - Onuň ady Ted we kellesinde erbet bir zat bar, kakam indi ony diňe bir gudrat halas edip biljekdigini aýtdy. Bu gudratyň bahasy näçeräk?
 
 - Gyzjagaz, bu ýerde gudrat satamzok. Bagyşlaň, ýöne men saňa kömek edip bilemok '- dermanhanaçy diýdi.
 
 “Seredäýiňdä, ynha meniň pulum bar we töläp bilerin. Bu pul ýeterlik bolmasa, men ýenede tapyp bilerin. Ýöne näçeräk çykdajydygyny aýdaýyň.
 
 Dermanhanaçynyň oňat geýnen dogany, dyzyna oturdy-da, gyzjagazy özüne çagyrdy.
 
 - Seň jigiňe, haýsy gudrat gerek körpeje? 'Bilmedim' - diýip, Tessi sojady. - 'Men diňe onuň syrkawlydygyny bilýärin we ejem operasiýa gerek diýýär. Emma kakam munuň üçin pul töläp bilmeýäni üçin, pulumy ulanmagy isledim.'
 
 - Olaryň näçesi bar? Çikagodan gelen adam sorady. “Bir dollar we on bir sent” diýip, Tessi pyşyrdady. - Bu meniň barja bolan pulum. Ýöne gaty zerur bolsa, men ýene-de tapyp getirerin.
 
 'Nähili gabat gelme' diýip, adam ýylgyrdy. - Bir dollar we on bir sent.
 
 Puluny ýumrugynda gysdy-da, gyzy elinden alyp, öýüne alyp gitmegini haýyş etdi.
 
 “Men kiçi jigiňizi görmek we ene-ataňyz bilen duşuşmak isleýärin. Gel göreli, size nähili gudrat gerek bolýanyna!
 
 Bu oňat geýnikli adam - neýrohirurgiýa esaslaşan hünäri bilen meşhur hirurg, doktor Karlton Armstrongdy. Operasiýany düýbünden mugt ýerine ýetirenden soňra, tiz wagtdan Ted öýüne sagdyn bolup gaýdyp geldi. Ejesi bilen kakasy begençlerinden ýaňa, bagtly bolup, hirurga sebäp bolan tötänleýin wakalaryň gürrüňini edipdiler.
 
 - Bu lukman gudrat, - ejesi pyşyrdady, - hakyky gudrat.
 Buny bilmek gyzykly, munuň bahasy näçe?
 
 Tessi ýylgyrdy. Gudratyň näçeräk gymmatdygyny anyk bilýärdi ... bir dollar we on bir sent. Mundan başga-da, gyzjagazyň çyn ýürekden bolan ynamy bilen imany...
Ynam-Gudraty

                    
                                                          @MissMeri
BU BLOG 986 GEZEK OKALDY.

Teswirler