kitaptm.com
kitaptm.com

kitaptm.com +4

@Batyr | 06.06.2019 ý.
         Salowmaleýkum agzalar, Sizi kitaptm.com saýtyna ýagny “Ýaşyl Ýaprak” elektron kitaphanamyza çagyrýarys. Häzirki wagtda bu elektron kitaphana ýurdumyz boýunça iň uly elektron kitaphana hökmünde çykyş edýär. Bu elektron kitaphanadan ylym-bilime degişli dürli kitaplary, dürli temalardan ýokary we orta hünär okuw jaýlarynda okaýan talyplar üçin niýetlenen referatlary, ýyllyk işleri, ylmy işleri, dürli temalardan prezentasiýalary, maksatnamalary, ýyllyk statistiki neşirleri, häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyk namalary,  mekdep okuwçylary üçin dürli temalardan düzmeleri, audio-wideo sapaklary, şeýle hem android  programmalary alyp bilersiňiz. 
          Bulardan başga-da biziň saýtymyz tarapyndan hususy taraplar üçin düzen biznes proýektlerimiz, maýa goýum taslamalarymyz, biznes planlarymyz 30-dan gowrak bolup, olar ýurdumyzyň täjirçilik banklary tarapyndan ýeňillikli görnüşinde karzlaşdyryldy. Şolaryň netijesinde hem ýüzlerçe iş orunlary döredi. Olar boýunça biraz giňişleýinmaglumat ýazaýyn:
Häzirki wagtda “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446-njy kararyna hem-de “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 942-nji kararyna laýyklykda Ýurdumyzyň hususyýetçilerini goldamak maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Bu kararlar boýunça, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde önümçilik maksatly taslamalar ýeňillikli karz pul serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Biziň saýtymyz hem önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde öz goşandyny goşup, telekeçilere, hususy kärhanalara, hojalyk jemgyýetlerine, kärendeçilere, mülkdarlara, daýhan hojalyklara bir näçe maýa goýum taslamalaryny düzüp berdi olar ýurdumyzyň täjirçilik banklary tarapyndan ýeňillikli karz pul serişdeleri bilen karzlaşdyryldylyşy. Olardan käbirleri: 
* Ýyladyşhanany gurmak üçin gerek bolan enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;
* Diri görnüşli iri we ownuk şahly mallary satyn almak boýunça;
* DSP önümçiligi üçin enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;
* Kerpiç önümçiligi üçin kerpiç öndürýän enjam satyn almak boýunça;
* Bezeg metal önümçiligi üçin çig mal hem-de enjam satyn almak boýunça;
* Polipropilen we polietilen çig mallaryndan öndürilýän, dünýä standartlaryna gabat gelýän harytlaryň önümçiligi üçin awtomatlaşdyrylan enjamlar toplumyny almak boýunça;
* Maldarçylyk fermasyny satyn almak boýunça;
* Oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, gök we miwe önümlerini gaplamak üçin gerek bolan enjamlary satyn almak boýunça;
* Unaş önümlerini öndürýän enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;
* Çaphana önümçiliginde zerur bolan çig mallary satyn almak boýunça;
* Oba hojalyk tehnikalary we gurallary satyn almak boýunça;
* Tikinçilik sehiniň iş gerimini giňeltmek üçin çig mal satyn almak boýunça;
* Süýji-köke önümlerini öndürmek üçin gerek bolan enjamlary satyn almak boýunça;
* Çüý önümleri öndürmek üçin enjamlary satyn almak boýunça;
* Mebel önümçiliginde zerur bolan çig mallary satyn almak boýunça;
* Dokma önümlerini öndürýän enjamlar toplumyny satyn almak boýunça;
* Hajathana hem-de aşhana kagyzyny öndürýän enjamlary satyn almak boýunça;
 
       Siz hem telekeçi bolup bilersiňiz ýa-da ozaldan bar bolan telekeçiligiňizi giňeldip bilersiňiz. Biz hem size ýokary netjeli meýilnamalary düzip bereris. Siziň ideýalaryňyzy diňlemäge, ugrukdyrmaga, olary durmuşa geçirmek üçin ýakyndan ýardam bermäge biz hemişe taýyndyrys. Ýeňilliklerden peýdalanyň.

+993 65 87 83 84 Batyr.

bu blog 269 gezek okaldy

Teswirler

@Graff 3 aý öň
https://www.kitaphana.net
@Graff 3 aý öň
Bu ýerden kitaplary mugt ýükläp bilersiňiz :)
@Foton 3 aý öň
Pul bermeli ekena kitap aljak bolsan. Mugt kitaphana bara gül yaly, Graff dogry aydyar, kitaphana.net-de. Onsonam alemjahan.netde-de gül yaly kitaplar bar.
@wonderfull 3 aý öň
Şeýle amatly ugurlar bilen telekeçiligi ýola goýup bolýan bolsa siz näme üçin kitaplardan gelýän teññelere göz dikip otyrsyñyz? Eger beýle däl bolsa näme üçin kitaplar mugt däl? :)
@Batyr 3 aý öň
Biz teňňelere gözdikmedik, diňe azabymyzy mugt goýmak islemedik. Gerek adam 5 manadyň gürrüňini etmän alýar.
@Foton 3 aý öň
Howwalay, pully eden bolup olary. Entek mugt kitaplary okap gutaramyzok biz... :)
@Foton 3 aý öň
Gerek adam 5 manadyn gurrunini etman alyar. Yone sen o tayda 5 manada goyan kitaplaryny bashga saytda oglanlar mugtjak goyupdyrlar, mugtjak. Elleri-gozleri dert gormesin sholaryn. Shoncha kitaby yaltanman goyupdyrlar bolsa-da.
Älemjahan