Çäklendirme we lezzet.
Çäklendirme we lezzet.

Çäklendirme we lezzet. +2

@Montyoskyo | 29.10.2019 ý.
Adaty zatlardan lezzet almak üçin, adaty zatlardan özüňi çäklendirmeli, (belli bir wagt aralygynda). Onsoň zarýad üýşensoň çäklendirmäni aýyrýaň welin adaty zatlar belli bir möhlet bilen keýp berýär. Ýöne eger belli bir wagt aralygynda adaty zatlardan çäklendirip, soňra lezzet berýän zatlara geçip gitseň ola wapşe Aristoteliň urowenine ýetip lezzet alýaň. Ýöne....”wagtama geçip barýar, mysal üçin 1 aý ömrüň boş gury geçjek, oňa derek çäklendirip ýörmän 1 aý gury geçirmän geçireniň gowy gelýär göwnüme” diýip bilersiň. Bir zat bar, şol bir zat gaýtalansa onuň effekti gaçyp ugraýar. Iň bärkisi doktor saňa leçeniýe ýazyp bereninde şol bir dermany ýazyp oturýan däldir, üýtgedip durýar. Köp yzygider atsaň onuň täsiri peselýär. Doktor hem aýdýandyr şol bir mazy köp yzygider çalsaň organizmiň öwrenşýär. Onsoň sen pepsi kola günde içseň onuň çuň urowendäki (Pifagoryň uroweni) hakyky lezzetini duýman başlaýaň. Çilimi günde çekseňeffektini keýpini betinden duýmaýaň. Bärden şeýle netije gelip çykýar çuň lezzet almak boýunça. Ýagny seniň adaty zatlardan özüňi çäklendireniňdäki ýagdaýyň bilen adaty zatlary köp ullananyňdaky ýagdaýyň arasynda tapawut galmaýar. Ikisinde de sen çuň lezzet alaňok. Y=X . 

Bu aýdýan çäklendirmäňi ýerine ýetirmek prosta newozmojna diýýänsiň. Bir zada “prosta newozmojna” diýmek üçin şo zadyň hiç hili amala aşmajak ýagdaýyna aýdylýar. Hiç hili mümkinçilik ýok ýagdaýy. Meselem sen ol düýşüňdäki ýaly ýeriň dartyş güýjinden sypyp uçup bilmeýäň. (Elbetde samalýot bilen uçarsyň). Ýa bolmasa sen ol strit faýter oýnunfaky ýaly “haduuuket” diýip eliň aýasyndan oot çykaryp bilmeýäň we ş.m. Biziň agzan ýagdaýymyzy ýerine ýetirmäge bolsa aňsatjak mümkinçilikler bar. Tebigatyň kanunynada ters zat däl, newozmojna diýer ýaly. Prosta bu gürrüň adaty lezzet dälde has çuň derejedäki asman derejesindäki urowende lezzet almak isleýän höwesjeňler üçin.

Mysallar:

Muzykany günde diňlemän hepde de bir gezejik (ýörite ritual edip onam) diňleseň, gündeki muzyka diňläniňdäki ýaly lezzetden tapawutly lezzet alýaň. We ş.m mysallar kän.. 
bu blog 1149 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 1 hepde öň
Lezzetinem caginden cyksan onda ol lezzetsizlik bolya diyip okapdym bir kitapda.
@Montyoskyo 1 hepde öň
Dogry bellik, goşulýan.
@Garadamakly 1 hepde öň
Gyzykly teoriýa. Hemme zat hem çeni bilen bolsa ýagşy.
Älemjahan