Läle gülüň ýapragy (hekaýa)

Läle gülüň ýapragy (hekaýa) +2

@white | 11.10.2018 ý.
Maňa läle gülüň ýapragy diýip ejem diýýär. Bir gezek ondan:
 “Eje näme üçin meniň adym Läle?“ diýip soradym. Ejemem: „Läle adyň owadan dälmi näme?“ diýdi. Menem: „Owadan“ diýdim. Soňam ejemi gujakladym. Maňa şeýle owadan ady dakany üçin gujakladym. Ýöne läle gülüň ýapragy bolmak aňsadam däl. Maňa aglamak bolanok. Bir ýerim agyryp gaty aglasym gelse-de, hiç kime bildirmän aglamaly. Tiz-tizden suwa düşüp durmaly. Kiçijikkäm suwa düşmegi halamaýan ekenim. Indi suwa düşmeli diýseler hezil edýän. Ýogsa entek ulalamogam. Ýaňy bäş ýaşadym. Bäş ýaşanymam ejem aýydýar. Her doglan günümde bir ýaşaýarmyşym. 
 „Onda çalt-çaltdan doglan gün edeliň, menem derrew ulalaýyn“ diýsem, oňa-da ejem göwnänok. Doglan gün ýylda bir gezek edilýär diýýär. Emma, hakykatda ol meniň ulalmanymy gowy görýär. Özi diýdi maňa bir gezek „Gyzlar ulalansoň durmuşa çykýarlar“ diýip. „Durmuş“ diýýäniniň niredigini bilemok, ýöne ulalan gyz öýden-ä gidýärmiş. Gitjek däl diýse-de gidýärmiş. Bu çyn bolmaly. Ony ejem uludan dem alyp, gynanyp aýtdy.
 Wiý, men size öz adymy aýdyp doganymyň adyny aýdamogam. Doganymyň ady hasam owadan. Bürgüt. Ejem maňa läle gülüň ýapragy diýende kakamam: „Meňem oglum bürgüt guşuň ganatydyr“ diýýär. Doganym şonda ýylgyryp oňaýýar. Ol indi begenende bökjeklänok. Uly adam boldy, mekdebiň dördünji synpynda okaýar. Synpam ýylda bir gezek bolýan bolsa, doglan gün ýaly gowy zat bolmaly. 
 Bürgüt guşuň ganaty bolmak nähili gowy! Bürgüdi men haýwanat bagyna gidemizde gördüm. Ganaty özündenem ullakan. Men kakamdan „Oň ganaty näme beýle ullakan?“ diýip sorasam „Belentdenem belentde uçjak bolsaň ganatyň uly bolmaly-da“ diýdi. Kakamy güldürjek bolup „Doganymam uçarmy?“ diýip sorasam „Hawa“ diýdi. Kakamyň gülmän gaýta çyny bilen „Hawa“ diýmesine ilki geň galdym. Soňam doganym uçar sürýän boljakdyr diýip pikir etdim. Uçaryň sürüjisi bolmak nähili hezildir! Guş bolup uçmakdanam hezil bolsa gerek. Çünki sen ýeke özüňem däl, uçaryňa bir topar adamam mündürýäň.
 Uçar görjek bolup penjireden seretsem, Asmanda bir guş bar. Ullakan ganatlaryny geripdir-de gaýyp ýör. Men oňa bürgütdir öýtdüm. Ylgadym doganymyň ýanyna. Doganym çaltyrak görüp ýetişsin diýip „Penjireden seret, bürgüt uçýar, bürgüt uçýar“ diýip gygyrdym. Doganymam derrew penjireden seretdi-de „Ol-a bürgüdem däl“ diydi. 
 — O näme ücin bürgüt däl? Sen oň uçuşyna seret. Kiçijik guşlar ýaly pysyrdap aşakdan uçanok. Gökde gaýyp ýör! Seret, seret! 
 — O guş näçe gaýyp uçsa-da bürgüt bolup bilmez. Sebäbi ol gyrgy. Serçeleri gorkuzyp ýören gyrgy. Onda bürgüdiňki ýaly ýürek yok. Kakam maňa bürgüdiň ýüregi ganatyndanam uludyr diýdi. 
 — Nädip? Göwresi ganatyndan kiçä?
 — Ganatlaram ýygyrlanda kiçelip, göwresine ýelmeşip dur-a. Bürgüdiň ýüreginem gerek bolýança şeýdip gysylýandyr. Ýogsa gorkman beýik gaýalaryň ýüzünde höwürtge ýasanyp bilmezdiler. Namysjaň guş bolansoňlar çöp-çalamlaryň üstünde höwürtge edinmeýärmişler.
 — Namysjaň bolanda nähili bolyar?
 — Namysjaňmy? Ejem saňa läle gülüň ýapragy diýýär-ä. Senem köp-köp suwa düşýäň. Sen kirli bolmaga utanýaň, namys edýäň. Düşündiňmi?
 — Onda sen nädip namys edýäň?
 — Menmi? Men mugallymymdan ikilik almaga namys edýän. Şonuň üçinem köp-köp okaýan. Bilýärmiň, kakam her kimiň öz namysy bar diýýär. Kimiň namysy uly bolsa, şonça-da güýçli bolýar. 
 — Doganjygym sen ulalaňda uçar sürüjüsi boljakmy?
 — Bilemok. 
 — Kakam saňa bürgüt guşuň ganaty diýýär. O günem „Doganjygym uçarmy?“ diýsem „Hawa“ diýdi. 
 — Uçar sürmek kyndyr-a.
 — Seňem bürgüdiňki ýaly namysjaň bolsaň uçmaly bolarsyň-da. 
 — Namysjaň bolsaň hökman uçmalydyr öýtme, jigim. Sen garynjalary gördüňmi? 
 — Hawa gördüm. Ýanlaryna barsam üstüme çykyp barýalar.
 — Olaň özlerindenem ullakan zady süýräp baryşlarynam gördüňmi?
 — Ýok, görmedim. Olar meniň aýagymyň üstüne çykjak boldular menem gaçdym.
 — Men gördüm. Saňa-da görkezerin. Garynjaň özi kiçijigem bolsa namysy ullakan. Şonuň üçinem ol özündenem ullakan zady göterip bilýär.
 — Doganjygym, doganjygym, aýtsana, namysy bolmadyk bolsa ho-ol gaýyp ýören guş uçup bilmezdi gerek?
 — Uçup bilmezdi. Namysly bolandyklary üçin guşlary Asmanam gowy görýär. 
 — Nädip?
 — Kakam seni has begenip gowy görende nädýär, goltugyňdan tutup ýokaryk göterýär gerek?
 — Hawa, hawa, bökdürýärem.
 — Asmanam guşlary gowy görensoň olary ýokaryk göterýär. Haýsy guşy näçe gowy görse şonça-da ýokary göterýär. 
 — Asmanyň eli ýog-a?
 — Şemal näme? Seň saçlaryňy şemal sypanokmy näme?
 — Şemal penjirämiziň tutusynam gymyldadýar. O şonda biziň öýmüze seredip görýärmi?
 — Hawa. Şu ýagtylyk Asmanyň gözü-dä. Gije ol gözüni ýumup uklaýar welin garaňky düşýär. Irden turup gözüni açanda hemme ýer ýagtylýar.
 — Ýagyş ýaganda ol aglaýarmy?
 — Kä wagt aglaýar, käwagt derleýär. Köplenjem seň ýaly läleleriň ýapyraynyň üstüne hezil edip suw sepeleýär. 
 — Şonda älemgoşaram çykýar gerek?
 — Hawa. 
 — Älemgoşar ýaly owadan bolaýsam!
 — Sen älemgoşardanam owadan-a. 
 — Älemgoşarda her hili reňkler bar-a.
 — Seňem saçlaryň garaja, ýüzüň akja, dodajyklaryň gyzyl... 
 — Köýnejigim gülli. Jorabymam akja.
 — Sen gülübem bilýäň. Güldüribem bilýäň.
 — Hemme kişem maňa hem akyllyja hem owadanja diýýär. Älemgoşaram diýýärmikä?
 — Diýýändir. Kakam maňa dünýädäki hemme zatdan ynsan owadandyr diýdi. Şonuň üçin hemme gowy zatlar ynsany gowy görýär. Adamdan güýçlem bolsalar oň diýenini edýärler.
 — Hawa-da, obada mamamyň ullakan sygyry nirä äkitse yzyna düşüp ýör.
 — Bir oglanyň at münüşinem gördükmi şonda?
 — Hawa, hawa. Ol meni gujagyma alaýynam diýdi. Ejem bermedi-dä. Läle gülüň ýapragy at münüp kirläýmesin diýdi.
 — Läle sen indi özüň oýna, men sapaklaryma taýýarlanaýyn.
 — Häzir ejemem geler. Sen ulalaňda uçar sürersiň gerek? Süräýdä. Şonda menem ýanyňa müdüräý-dä.
 — Bor.
 — Hezillik, hezillik! Doganjygym meni uçara mündürjek diýdi. Birden bürgüt göräýsem seni çagyraýynmy?
 — Çagyraý.
 Doganym kitaplaryny okamaga gitdi. Menem penjireden Asmana seretdim. Asman gyrgyny henizem eliniň üstünde gaýdyryp ýördi. Ol ony uçurmakdan ýadamyýarmyka? Ýa ol guşuny şeýle gowy görensoň ýadasa-da uçuryp ýörmükä? 
 Gapy jyňňyrdaýar welin ejem gelendir! „Ejem geldi, ejem geldi“.
 — Ertekilerdäki owlajyklar ýaly bolup balajyklarym maňa garaşýarmyka? Kim maňa garaşýar?
 — Men garaşýan, men garaşýan.
 Ejeme gapyny açyp beren doganymam, ejeme garaşsa-da, bökjeklemedi, meniň bolşuma ýylgyryp oňaýdy. Çünki ol indi uly adam, mekdebiň dördünji synpynda okaýar diýdim-ä...
 
 * * *
 Bu günden soň ýyllar geçdi. Läle gülüň ýapragy tämizligiňi saklamak üçin diňe bir sabynly suwa ýuwunmagyň ýeterlik däldigine düşündi. Älemgoşar ýaly owadan, hatda älemgoşaryňam saňa owadan diýmegi üçin garaja saçyň, akja ýüzüň, gyzylja dodagyň, güllüje köýnek bilen akja jorabyň ýeterlik däldigine akyly kesdi. Doglan günüňi alyp gelselerem ýyllaryň diňe şatlyga beslenmeýäninem bildi. Ejeler hernäçe gynansa-da gyzlaryň durmuşa çykýandygyny, öz başyndan geçirdi. Bir mahallar bürgüdiň ýüreginiň ganatyndanam uly bolup bilýändigine ynanmazçylyk etse-de, soň onuň çyn ekendigine göz ýetirdi. Ony doganynda gördi.
 Dogany bürgüt ýaly namysjaňlygy sebäpli köp kösendi. Başgalaryň pysyrdap uçan dünýesinde ol ganatlaryny gerdi. Ol Asmany, Asmanam ony her näçe gowy görse-de, guş bolup uçmak üçin howanyň basyş, ýeriň dartyş güýjüni, garşydan ösýän ýelleri, garaşmaýarkaň gelýän tüweleýleri ýeňmegiň gerekdigini gördi. Her niçik bolsa-da, kakasy ogluna ýönelige „Bürgüt guşuň ganaty“ diýmeýän eken. Ol uçdy. Läle jigisiniň isleýişi ýaly uçar sürüjisi boldy. Uçaryna münende köplenç onuň bir desse läle gülüni näme üçin ýanyna alýandygyny welin hiç kim bilmeýär. Bilse Läle gülüň ýapragy bilmeli. Arman olam çykyp giden durmuşynda, mundan habarsyz ýaşap ýör. Ejesi ýaly, ähli ömrüni, yhlasyny bagyş edip bürgüt guşuň ganatyny ulaldýar.
bu blog 54 gezek okaldy

Teswirler

@Vettel 1 hepde öň
Beybä täsin. Özimem oýa batyp gitdim. Gaty oňat oýlanma. Kiçijik gyzjagazyň soraglaram täsinje. Ýekeje ýerinde gülenmem duýman gallym. "Asman aglaýamy"
"Kä wagt aglaýa kä wagt derleýä" :))))
@white 1 hepde öň
@Vettel sagboluň :)