Maýkl Jordan-dan üstünlige ýetmek babatdaky 10 sapak
Maýkl Jordan-dan üstünlige ýetmek babatdaky 10 sapak

Maýkl Jordan-dan üstünlige ýetmek babatdaky 10 sapak +4

Graff, 25.10.2019
Maýkl Jordan-dan üstünlige ýetmek babatdaky 10 sapak (1-nji bölüm)

Yhlasyň hökman anyk bir netijä ýetirjekligine men mydama ynanýardym. Men hiç haçan ýarym yhlas görkezemok, sebäbi munuň bary-ýogy ýarym netijä ýetirip biljekligine akylym çatýar.
                   Maýkl Jordan.

     1. Özüňiz üçin zerur zady ediň.
     
«Käbir adam belli bir zadyň amala aşmagyny isleýär, käbirleri bu amala aşar diýip pikir edýärler, beýleki birleri bolsa muny amala aşan derejä ýetirýärler».
     
Üstünlige ýetmek üçin gapynyň gabsasyny goparmaly bolsaňyz hem, her edip — hesip edip, öz niýetiňizi amala aşyrmak gerekdir. Siz şowlulyga umyt edip oturmaly dälsiňiz, üstünlik wagtyň geçmegi bilen, öz-özünden gelýän däldir. Eger üstünlik gazanmak isleýän bolsaňyz, siz ýeňiňizi çermäp, her näme-de bolsa, oňa ýetmelisiňiz.
     2. Hyjuw.
    «Men gartaşyp, saçyma çal sepip, oýnamaga halym bolmasa-da, bu oýny jan-tenden söýerin».

Üstünlige ýetmek üçin sizde hyjuw, hyruç bolmalydyr. Eger üstünlige ýeten bolsaňyz hem, ol diňe hyjuwyňyza eýermegi bes edýänçäňiz siziňkidir.
Siz nähilidir bir ýigrenýän zadyňyzy etmek arkaly üstünlik gazanyp bilmersiňiz, siz hatda haýsydyr bir halaýan zadyňyzy edeniňiz bilen hem, üstünlige ýetip bilmersiňiz, hakyky üstünlik siz nämedir bir zady jan-tenden eý görüp, oňa hyjuw bilen amal eden halatyňyz gelýändir.

    3. Synanyşyň!
    «Men şowsuzlygy kabul edip bilerin, her bir kişi nämedir bir zatda yza tesýär. Emma men synanyşman bilmeýärin».

Hiç haçan synanyşyp görmeýän bolsaňyz, siz nädip üstünlige ýetersiňiz? Muny amala aşyrmak üçin hiç haçan synanyşyp hem görmänligiňize akyl ýetiribem, ýeri, siz nädip iň soňky «tünegiňize» sümülip bilersiňiz?
Gidiljek ýollaryň haýsysynyň siziň üçin iň gowusy boljaklygyny öňünden anyklap bilmersiňiz, özüňiz üçin dürs ýoly seçmegiň hem açmagyň ýeke-täk usuly synanyşyp görmekdir. Özgerişleri görýänçäňiz synanyşyň hem çytraşyň. Hut nirede üstünlige ýetmegi başarjaklygyňyzy bilýänçäňiz synanyşyň.

    4. Işläň!
   «Men her gün 3 sagatlap öl-myžžyk bolup derläp, türgenleşdim, men muny ýöne bir özüňi derlän halda duýmagyň nähili bolýanlygyny bilmek üçin etmedim».

Eger üstünlige ýetseňiz, onda ynamly bolaýyň, siz onuň üçin işlemeli bolarsyňyz. Iň gowulardan biri bolmak üçin, özüňizdäki iň gowy zatlaryň baryny bermeli bolarsyňyz. Siz beýlekileriň ählisinden hem köp işlemelisiňiz.
Özgeler dynç alýarkalar siz işlemelisiňiz. Üstünlik oýundyr, siz güýçli oýnamalysyňyz, siz bäsleşikde ýeňmelisiňiz, düýrmegiňiz bilen işe berilmelisiňiz. Maýkl Jordan şeýle diýipdir: "Men hemişe başbütin işe berilsem, netijesi hökman geler diýip hasaplaýardym."

    5. Şowsuzlyk.
    «Men karýeramyň dowamynda 9000 gezekdenem köpräk sowa düşdüm. 300-e golaý oýunda ýeňildim. 26 gezek aýgytlaýjy topy zyňmagy maňa ynananlarynda, men pys geçdim. Men ömrümde gaýta-gaýta utulyşa uçradym. Ine, şular hem üstünlige ýetmegimiň sebäbi boldy».

Hiç haçan şowsuzlykdan gorkmaň; synanyşmazlykdan gorkuň, iň gowy zadyňyzy berip bilmezlikden gorkuň, ünsden düşürilmekden gorkuň, ýöne hiç haçan şowsuzlykdan gorkmaň. Şowsuzlyk — üstünlige tarap ýoldur. Şowsuzlyk — siziň dogry ugra hereket edýänligiňiziň alamatydyr.
Üstünlige iki esse tiz ýetmek üçin iki esse köp säwlik goýberiň, ýygyrak ýalňyşyň, günde ýalňyşyň, şonda siz tizara üstünlige ýetersiňiz. Jordan şeýle diýýär: «Men hiç haçan şowsuzlyga uçramakdan heder etmedim». Şowsuzlyklara bolan gatnaşygyňyzy üýtgediň.

dowamy bar...
@Graff
BU BLOG 450 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Garadamakly 8 aý öň
Adamlar diňe ýetilen üstünligi görýärler, oňa çenli edilen azaplary görüp bilýän welin az-az. Minnetdar.