Maýmynlar 4 boldy waý halymyza...
Maýmynlar 4 boldy waý halymyza...

Maýmynlar 4 boldy waý halymyza... +8

@GülZyýada | 09.02.2019 ý.
Durmuş öz akymyna gidip dur. Ne närazylygymyza seredýär ne-de razylygmyza. Töweregimizdäki wakalara her birimiz bir hili garaýarys, dürli-dürli düşünjede bolup her birimize edýän täsiri üýtgeýär.
A biziň töweregimizdäki wakalara garaýşymyz nähili?!

Ýyly ýerden örüp, gyzgynjak naharmyzy iýenmizde pikrimizde aç adamlaryň ýokluga belli... Diňe özümizi bilip gulagmyzy, gözümizi, ýapyp hiç zatdan habarsyz ýaly öz bähbidimizi arap ýaşap ýörüs...
Üç maýmyny bilýäňizmi?!
Göremok,
Eşdemok,
Bilemok.

Gaýnaýan gazanmy diýsem, çuň çukyrmy diýsem, düýpsiz guýymy diýeýin ýa-da adamlary has dogrysy adamkarçiliklerini ýuwudýan batgalykmy diýeýin?

Agzy bolan gürleýär mi diýeýin ýa-da agzyndan çykýan sözleri gürleýänleriň gulaklary eşdenokmy diýeýin?

Ýaltalyk döwrümi diýeýin, hilegärlik döwrümi diýsemmikäm ýa, parhsyzlyk döwri diýseňem boljak...

Köpçülige seredeniňde gyzma, gaharly, terbiýesiz, edepsiz, wyždansyz, gorkusyz, sylanşyksyz adamlar görýäň.

Mysal; Dünýä ýaryş sahnasy diýýärler. Ralli ýaryşyndaky maşynlar biri birinden galmajak bolup ýaryşýarlar. Asfalt ýa çägesöw toprakda tapawudy ýok biri birlerinden galmajak bolup ýokary tizlikde dynyş çyzygysyna ilki barmak üçin arasynda-da sandan çykan tekerlerini ussalaryna oňardyp ýene ýaryşa dowam edýärler. Iň soňunda dynyş çyzygna gelenlerinden soň maşynlaryny gowy edip remonda berýärler ýaryş sandan çykardy sebäbi ähli işjeňligini. Indi biz adamlaram şol ýaryş maşynlary ýaly biri-birimizden galmajak bolup gije-gündiz dynman ýaryşýarys. Diňe özümizi bilip, kä halatlarda ene-atalaryň öz çagalaryda gözlerine görünmeýär...Biz ýaryşdaky ýaly tekerlere derek öz imanymyzy ýa-da wyždanmyzy arassalaýarysmy? Iň bärkisi saglygymyza-da köp üns bermeýäris.

Öz ene-atasynyň üstüne heňkirip sylag diýen zadyň nämedigini bilmeýän çagalar köpelipdir...

Köpçülik bolup münülýän ulaglarda çagalar ularyna ýol bermäni kiçilik bilýär garrylar, ýaş ulylar dik dur ýaşajyk çagalar oturgyçda göwünleri bir ýaly otyr...

Ulagly bir ýerik gitseň gapdalyňdan geçýän maşynlar ýokary tizlikde. Siz sebäpli näçe maşgala enesinden ýa atasyndan, gelninden ýa çagasyndan jyda düşdi habaryňyz barmy? Bardyr bilmedik bolýaňyz, eşitmedik bolýaňyz...

Lukmana nobata duranyňda tanyşlaryny ara salyp 1 sagatda girmeli ýeriňe 2-3 sagatda zordan girilmegi...

Dükanlarda satylyp döwlet bahasyna berilýän zatlaryň nobatyny, urşyny göreniňde açlyk barmyka diýdirýä. Şo derejede gözden çykynçlygyň näme geregi bar? Şol nobata duryp alan harydyny gymmat bahadan satyp güzaranyny aýlaýanlarmyzam az däl...

Çagam hiç zada zar bolmasyn diýip näme diýilse edilýän çagalaryň, ýekeje gezek haý-küş edilmedik çagalaryň soňundanam şony hantama bolmagy. Maşgala bolanlaryndan soňam ene-atasynyň garamagynda bolunmagy, öz başyny çaramazlygy, ene-ata eklemeli diýen düşünjeli çaglara...

Çagaň dyrnagyna zarlyk bilen dogran çagalaryny eklemän, çagasyny köçä eklenç üçin kowýanlar, dilegçilik edidirýän eneleriň ýürekleri nämedenkä....?

Haram keýipe kowalaşyp, aňsat eklenjiň yşgyna düşenlermi ýa ýoldaşy sowuk, it ýaly ýüzüne alýar diýip başgasy bn gününi geçirýänlerimi aýdaýyn...

Erkek eşek diýip zenanlaryň başlaryna giderenimi aýdaýyn, erkegi-de zenanyda eşek edýän aslynda özümiz...

Gara ýumrygyna daýanýan ejize ganym ärsumaklar, gelin dälde gyrnak alandyryn öýüdip ogullaryny gepden çişirip gelinlerine ikli gan ýugytdyrýan gaýynlar, gaýnyna hyzmat etmäni özüne kiçilik bilýän gelinler...

Öýünde"öýlenýänçäm ejem ekledi, öýlenemsoň aýalym eklesin"diýip gelniniň eklenjine aýagyny galdyryp "alma biş agzyma düş" diýip ýatan ýerinden birje jan gelip çilim berilýär sözüne dükanyň öňünde şol minut peýda bolýan ýanýoldaşlary aýdaýynmy. Ýa gelnini bahanalap karyz sorap bergidarlarynyň hasaby ýiten ärleri...

Hiç ömrüňizde çagalaryny seredip bilmän ýa-da ýük görüp internada tabşyrýarlar. Şol internada baryp gördüňizmi. Şol çagalar ne iýmite, ne-de eşige zar diňe ýyly mähre we oýünjaga. (Okaýakam bir gün topar ýolbaşçymyz şol internada aýdylan çörek iberdi, bizem aramyzda pul üýşirdik, özüm gitmedim... birgiden zat alyp gidipdirler, pulynyň galanyna şar alypdyrlar. Barsalar çagalar daşlaryna üýşipdir ne köke bilen işleri bar diýä ne-de süýji bilen, şary görüp begenşipdirler iň soňunda 2 sanjagyna ýetmändir... Şolary görüp kursdaşlarym aglap geldiler... Soňky gezek özüm gitdim ýüregiň gyýym-gyýym bolýar... Çaga nähili doganda-da öz jigeriňden bir parçany şeýitmek bolarmyka...?)

Aýdylan diýip ýyly ýerden iýse öňünde, iýmese ardynda adamlara paýlaman ýeter ýetmeze bermegi pikir etdiňizmi?

Internetde ýüz görlenok hiç kim meni tananok diýip,islänini ýazyp pozýanlarymy aýdaýyn... Ýüzüň görülmese-de adam däldigiň görülýär habaryň barmy...?

Biri ýykylsa kömege derek gülüp geçmegi adata öwürlmeginimi aýdaýyn...

Gün güýçliniňki, gowurga dişliniňki döwründe pulyň, paraň ýol alanynymy aýdaýyn...

Bilýän ýyllar boýy üç maýmyn sebäpli boldy bary. Indi üçi az boldymy nämemi dördünji peýda boldy bir ýerlerden. Ol baryndan parhsyz çykdy başymyza.
Menem şol üç maýmun mysaly görýänlerimi görmezden, eşitýänlerimi eşitmedik, bilýänlerimi bilmedik bolup dördünji maýmyn ýaly maňa näme diýip ýaşasamykam?
Ýaşap bilerinmi?
Ýaşap bilerisiňmi?
Ýaşap bilersiňizmi?
bu blog 108 gezek okaldy

Teswirler

@GülZyýada 1 hepde öň
sizem bana ne lerdenmisiňiz teswir ýok:)
@rosso 6 gün öň
Pikirimi beyan etmage yaltanyanda
@Aristokrat 6 gün öň
Gowy zat yazypsyn yone.....................
@Gülbahara 6 gün öň
Kyýamat alamatlary
@myhman 5 gün öň
Biz bananelerden degiliz biz idealiz.
Elbetde bizem şu jemgiyediň adamy, jemgiyediň hasiyetlerinden bardyr bizdede. Iň azyndan özümde. Kim name etse özüne edyarden çak alsak her kim islan zadyny edip biler diyip bolar belki.
@Demir57 4 gün öň
Maymun halki namussuz olur bunlar daha cogalacak ))
Älemjahan