Matallar we läleler

Matallar we läleler +2

Annagul, 25.05.2020
Haýsy-da bolsa bir hadysa ýa-da zada degişli göçme manyda aýdylyp, jogabyny oýlap tapmaly soraga matal diýilýär.
• Agzy gyzyl alamat, içi doly kyýamat, hassa girer sag çykar, bu nähili keramat (tamdyr bilen çörek).
• Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy (ýyldyz).
• Asty gaty, üsti gaty, arasynda haram eti (pyşdyl).
• Atdan beýik, itden pes (eýer).
• Başy-darak, guýrugy-orak (horaz).
• Bir küýzede iki suw (ýumurtga).
• Bir zadym bar, daşa ursam döwülmeýär, suwa ursam döwülýär (kagyz).
• Daşy-oýunjak, içi-möjek (pile).
• Dona bürenmez, göze görünmez (ses).
• Gara güjük ýatyr-üýrmezek, öýe adam goýbermezek (gulp).
• Gider-geler, ýol almaz (sallançak).
• Eýesinden ýüz görmez, adam hatyryn bilmez (terezi).
• Esetdi, esetdi, çirkin ses etdi (tüpeň).
• Enem-atam bir ýüzük berdi, ýere gömsem çüýremez, gora gömsem tütemez (adam ady).
• Iýmäge heserlije, on bir gat ak donluja (sogan).
• Iki enäniň on ogly, hemmesiniň ady bar (iki eliň on barmagy).
• Iň güýçsüziň güýçlülerden hökmi zor (çaga).
• Kuwwaty-ýel, ölümi-suw (ot).
• Kyrk günlük ömri bar, dört uka emri bar (gurçuk).
• Suwda biter, suwda ýiter (duz).
• Hamy daşynda, tüýi içinde (içmek).
• Ýaş gününde orak ýaly, orta ýaşda çörek ýaly (aý).
• Ýeri ak, tohumy gara; el bilen ekerler, dil bilen orarlar (hat).


     Läleler gelin-gyzlar tarapyndan döredilip, olarda belli bir waka, aýratyn başdan gçirmeler, isleg-arzuwlar beýan edilýär. Läleler diliniň sadalygy, aýdylyş heňi, tematikasynyň beýan ediliş aýratynlyklary bilen halk döredijiliginiň beýleki janrlaryndan tapawutlan. Läle gyzlar aýdymydyr.


     Läleleriň  öz aýdylyş stili bar. Olar aýdylýan wagtda her bendiň soňunda ony hiňlendirmek, batlandyrmak üçin, labyzly bolsun diýen maksat bilen: “haý-läle-le, he-läle-le” ýa-da “lälim-lä-le, läle-lä-le” — diýip, birnäçe gezek gaýatalanýar. Gelin-gyzlaryň bu çeper döredijiliklerine “läle” diýip at berilmegi hem şu ýerden gelip çykýar.


     Läleleriň aýdylyşy dürli-dürlidir. Läle kakmakda owazyň, heňiň nähili ýol bilen emele getirilýändigine garap, olary birnäçe topara bölmek mümkin:


     Bokurdak ýa-da damak lälesi — Munda läle kakýan gyz barmaklaryny bokurdaga çalaja kakyp, agyzdan çykýan sesde owazly titreme emele getirýär. Barmaklar her bogun arasynda bir gezek sesiň süýndürilip, uzyn çekilip aýdylýan bogunda bolsa üç gezek damaga degýärler.


    Dodak lälesi — Dodak lälesi süýem barmagyň aşaky dodaga degip titremgi bilen ýerine ýetirilýär.


    Eňek lälesi — Bu läle başam barmagyňy eňegiň aşagyndan diräp, galan barmaklaryňy bolsa dodaklaryň üsti bilen saga-çepe hereketlendirmek arkaly aýdylýar.


    Hymmyl lälesi — Bu läle bütin göwräniň, ylaýta-da omuz we arkalaryň hereketlendirilmegi bilen ýerine ýetirilýär.


     Läle ýekeme-ýekelikde-de, ikibir-ikilikde-de, toplum bolup-da kakylýar. Läleler özleriniň aňladýan pikirlerine, suratlandyrýan wakalaryna, beýan edýän maksatlaryna we ony döreden jemgyýetçilik gatnaşyklaryna garap, dürli-dürli bolýar.


    Lälelerde aşakdaky ýaly setirler gelin-gyzlaryň arasynda dilden-dile geçip, saklanypdyr:


Aý dogar aýa garşy,


Suw akar çaýa garşy,


Garyba gyz bermezler,


Çykarlar baýa garşy.


       Lälelerde gelin-gyzlaryň erkin durmuş, azat söýgi baradaky islegleri, umyt-arzuwlary has oňat görkezilipdir.


Gara maňlaýdyr başym,


On üç, on dörtdür ýaşym,


Altmyş ýaşla berdiler,


Kakladylar bu läşim —


   diýen ýaly setirler gyzlaryň agy aýdymy bolup ýaňlanypdyr.


      Köne döwürde şerigat toruna  çolaşyp galan gyzlar bile birlikde, öz isleg-arzuwlaryna ýetmek üçin açyk çykyş eden gyzlar-da bolupdyr:


Näderin-ä, näderin,


 Hossardan dat ederin,


Mal ýaly satyljak däl,


Öz halanyma giderin.


    Bu hili çykyş eden gyz-gelinleriň ykbaly köplenç tragiki tamamlanypdyr. Emma olarda erkin ýaşaýşa bolan ymtylyş, azat söýgä bolan arzuw öçmändir, bagtly maşgala durmuşyny gurmak islegi gitdigiçe artypdyr.


   Lälelerde döredijilikli ösüş ýollarynda ýüze çykan her bir mesele yzygiderli şöhlelendirildi. Gelin-gyzlar azatlygy we azat zähmeti wasp edip, şeýle sözleri aýtdylar:


Azat zähmet at boldy.


Geçmişimiz ýat boldy,


Öňki isleg-arzuwymyz


Indi hakykat boldy.


          Lälelerde okuwa, ylma çagyrmak meselesi has görnükli orun alýar. Gelin-gyzlar azatlyga çykan günlerinden başlap:


Ýap başynda ak derek,


Ony pudamak gerek,


Ýaşasyn aýal-gyzlar!


Durman okamak gerek —


diýen ýaly läleleri düzdüler.


      Beýik Watançylyk urşy döwründe läleleriň tematikasy üýtgedi. Lälelerde sowet halklarynyň urşa, nejis duşmana bolan garaýyşlary we olaryň ýalkymly watançylygy, sowet halklarynyň dostlugy, agzybirligi, şöhlelendirildi. Watançylyk urşunyň ýyllarynda sowet halkynyň Gitler Germaniýasyna garşy alyp baran urşunyň adalatly uruşdygyny beýan edýän:


Aý dogar aýa garşy,


Şöhlesi bize garşy,


Adalatly uruşdyr


Sowet halkynyň urşy —


diýen ýaly läleler döredildi. Lälelerde tyl bilen frontyň birligi, ony has-da berkitmek meselesi aýratyn joşgun bilen beýan edilipdir


Guwandyryp ilimiz,


Berkideliň tylymyz,


Fronta köp zat berýäs,


Pugta guşap bilimiz.


    Beýik Watançylyk urşy döwürde dörän lälelerde edermen, tutanýerli, gaýratly watançylar, halkyň wepaly perzentleri hökmünde şekillendirilýär.


       1945-nji ýylyň dokuzynjy maýy Beýik Ýeňiş güni boldy. Gelin-gyzlar bu güni öz lälelerinde:


Dokuzynjy maýymyz,


Etdik Ýeňiş toýumyz,


Tanaldyk ýer ýüzünde


Bolmaz biziň taýymyz —


    diýip bellediler.


    Uruşdan soňky döwürde dörän lälelerde Watana, onuň baýlyklaryna bolan belent söýgi suratlandyrylýar. Iň gymmatly baýlyklardan biri bolan pagta lälelerde aşakdaky ýaly wasp edilýär:


Pagta, pagta jan pagta,


Eşretleriň kän, pagta,


Seni ýetişdirmäge


Bilim guşalgy pagta.


  diýen ýaly setirleri bolsa adamlaryň maddy, medeni taýdan örän baý mertebä ýetendigini görkezýär.


      Läleler esasan, dörtleme formasynda düzülip, köplenç, her setiri ýedi bogundan ybarat bolýar. Läleleriň birnäçesi, rewolýusiýadan öňki döredilen läleleriň bolsa hemmesi diýen ýaly, birinji, ikinji we dördünji setirleriň kapiýalaşdyrylmagy bilen düzülipdir.


      Läleleriň dili çeper we ýeňil okalýar, olarda düşnüksiz ýa-da düşünmesi kyn bolan sözler bolmaýar. Emma, umuman, poeziýada bolşy ýaly, lälelerde setirleriň bogun sanyny laýyk getirmek maksady bilen grammatikanyň kadasynyň bozulýan ýerleri hem bolýar. Ýöne bu ýagdaý läleleriň dilini geplşik dilinden daşlaşdyrýan häsiýet däldir.

 
 

BU BLOG 1111 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@bilbil 1 aý öň
gowy, yone biraz azajyk yalnys bar
@bilbil 1 aý öň
gowy, yone biraz azajyk yalnys bar