Matematiki soraglar

Matematiki soraglar +1

@Asdfgh | 21.10.2019 ý.
1.  5  sany  şem  ýanyp  dur.  Olaryň  ikisini  öçürdiler. Näçe şem galar?
 2.  Uzynlygy  5  metr  bolan  agaç  bar.  Ony  1  metrden kesmeli. Eger agajy  kesmek  üçin  bir  minut  gerek  bolsa,  onda agajy näçe minutda 1 metrlik böleklere bölmek bolar? 
3.  Guşlaryň sürüsi uçup  gelýär.  Şeýlelikde,  bir  guş öňden,  ikisi  yzdan,  biri  yzdan  ikisi  öňden,  biri  ikisiniň arasynda,  üçüsi  bir  hatarda  uçýar.  Ähli  guşlaryň  sany näçe? 
4.  Gapda  4  alma  bar.  4  adamyň  her  birine  bir  alma ýeter  ýaly  we  bir  alma  bolsa  gapda  galar  ýaly  edip  olary nädip bölmeli? 
5.  Aman  we  Meret  mugallymlarynyň  Milli  bahar baýramyny  gutlamak  üçin  birnäçe  gül  aldylar.  Ýolda Aman  şeýle  diýdi:  «Eger  sen  gülleriňden  4  sanysyny maňa  berseň,  meniň  güllerimiň  sany  seniňkiden  iki esse  köp  bolar».  Meret Amana  ýüzlenip:  «Eger  sen  maňa 4  gül  berseň  biziň  güllerimiz  deňleşer»  –  diýdi.  Olaryň hersinde näçe gül bar? 
6.  Aman,  Meret,  Arslan,  mekdebe  barýarkalar  üç sany  aşyk  tapdylar.  Eger  Amanyň  bir  özi  mekdebe  bar ýan bolsa, ol näçe aşyk tapardy?
7.  Bir  ýumurtgany  bişirmek  üçin  4  minut  gaý nadýarlar.  Dört  ýumurtgany  bişirmek  üçin  olary  näçe minutlap gaýnatmaly? 
8.  Oglanjyk  mekdepden  gelýärkä  bazara  sowlup alma satyn aldy.  Satyjy  oňa  iki  dürli,  ýagny  20  teňňeden uly,  10  teňňeden  bolsa  kiçi  almalary  almagy  teklip  et di.  Oglanjyk  10  teňňe  berip,  kiçi  almany  satyn  aldy. Ol  öýlerine  gelip  almany  iýjek  wagty  şeýle  pikir  etdi: «Men  satyja  öň  10  teňňe  berdim,  bu  almanyň  bahasam 10  teňňe.  Eger  men  bu  almany  satyja  yzyna  gaýtaryp bersem,  onda  meniň  oňa  20  teňňe  töledigim  bolar.  Diý mek,  men  ondan  20  teňňelik  uly  almany  hem  satyn  alyp bilerin».  Oglanjyk  kiçi  almasyny  alyp  bazara  tarap  yl gap  gitdi.  Ol  özüniň  kiçi  almasyny  uly  alma  çalyşmak arzuwyna ýetip bilermi?
bu blog 124 gezek okaldy

Teswirler

@tekegyzy 3 hepde öň
1. 5 shem galar.
@Asdfgh 3 hepde öň
1. 2 şem galar.3si ýanyp gutarar.galany dogry
@tekegyzy 3 hepde öň
2. 4 minutda
@tekegyzy 3 hepde öň
4. 3 almany gapdan ayyrmaly, 1 almany gabyn ozi bilen bermeli
@tekegyzy 3 hepde öň
6. 3 ashyk tapardy
@tekegyzy 3 hepde öň
7. 4 minut gaynatmaly
@KimdirBiri 3 hepde öň
8. 10 tennelik almany yzyna bersen 10 tennani yzyna bererda:)
Älemjahan