Men-ä bilemok

Men-ä bilemok +3

Asdfgh, 15.10.2019
Mugallym: — Haýsy sözleri biziň klasymyzyň okuwçylary köp ulanýarlar? Okuwçy: — Men-ä bilemok. Mugallym: — Gaty dogry. 

                       *****
Bir awçy uzyn günläp gezip, aw tapyp bilmändir. Şo barmana onuň öňünden bir towşan çykan. Olam towşany kowalap başlan. Şol wagt oňa obadaşy duşup: — Ýeri, pylany, näçe towşan tutduň? - diýip soran. Awçy: — Şu kowalap barýanymdan başga dokuzysyny tutsam, on bolýar - diýip, içiniň ýangyjyna aýdypdyr. Ol adam bolsa ters düşünip: — Bäý, awçy diýip, şuňa aýdaýsaň, eýýäm on towşan tutaýypdyr, ýa bu ýerde towşan bolmuka? - diýip, geň galypdyr.   
                        *****
Bir adam ýoldaşyndan: — Sagadyň dogry işleýärmi? - diýip sorapdyr. Ol bolsa: — Sagadym günüň dowamynda iki gezek dogry işleýär - diýen. 
                      *****
Aýaly adamsyna: — Aýu, ýanýoldaşymyz, iller-ä dutar çalanlarynda ellerini bir ýerde goýanoklar. Sen bolsaň, eliňi bir perdede goýup, şony tutup otyrsyň - diýen. Onda adamsy: — A-how, iller şu perdäni gözläp, tapyp bilenoklar - diýip, jogap beripdir.   
               diýipdirler.
                *****
Bir adamyň ogly bolsa-da, bolany durmaýarmyş. Onsoň ýaňky adam bir gezek ogly bolanda, yrym edip, onuň adyna Kürre dakypdyr. Ýyllar geçip, ol oglan ulalyp, uly adam bolup ýetişýär. Ol öz adyny halaman: «Heý, şu adymy üýtgedip bolmazmyka?» diýip, adamlary öýüne ýygnapdyr. Adamlar hem oňa: — Adyňy üýtgedip bolar, sebäbi her bir zat hem ulalsa, ady üýtgeýär. Meselem, senem ulalypsyň. Indi seniň adyň Kürre bolmaly däl-de, Eşek bolmaly - diýipdirler.
BU BLOG 1090 GEZEK OKALDY.

Teswirler