Menin Telewizor bolasym gelyar! (Oylanma)

Menin Telewizor bolasym gelyar! (Oylanma) +3

Gatygyzykly, 25.03.2020
“Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlaryň biri okuwçylaryna özleriniň isleg-arzuwy, näme bolasy gelýändikleri, Alladan näme dileýändikleri hakda düzme ýazmagy tabşyrypdyr. Sapak gutarandan soňra, mugallym okuwçylaryň ýazan ähli düzmesini öýde okamak üçin ýany bilen alyp gaýdypdyr. Okuwçylaryň ýazan her bir düzmesi mugallyma ýiti täsir edipdir. Olaryň arzuwlary, islegleri, göwün ýüwürtmeleri sadadan aýdyň, şol bir wagtda hem ýürek gozgaýjy ekeni. Mugallym şol düzmeleriň birini okanda welin, gözüne ýaş aýlanyp gidipdir, aglap başlapdyr. Şol wagt gapydan giren ýanýoldaşy onuň aglap durmagynyň sebäbini sorapdyr. «Ine, şu ýazylan düzme meni aglamaga mejbur etdi. Ony özüň okap gör» diýip, elindäki düzmäni ýanýoldaşyna uzadypdyr. Düzmäniň mowzugy: «Meniň telewizor bolasym gelýär». Ol okamaga başlapdyr: «Eý, Alla jan, men saňa şu gün ýörite aýratyn haýyş bilen ýüz tutýaryn. Meniň telewizor bolasym gelýär. Telewizora öwrülesim gelýär. Telewizor ýaly ýaşasym gelýär. Men öz öýümizde telewizoryň ornuny tutasym gelýär.

Goý, biziň maşgalamyz meniň töweregimde halkalaýyn, tegelenip otursyn. Men olaryň esasy üns merkezinde bolaýyn, olar başga tarapa ýüz öwürmän, sözümi bölmän diňe maňa üns bersinler, diňe meni diňlesinler. Meniň her bir aýdýan sözümi çynlakaý kabul etsinler. Hatda telewizoryň öçük wagty hem onuň daşyny, ýüzüni süpürişdirip, serenjam berip, alada bilen gurşaýyşlary ýaly maňa hem ähmiýet bersinler. Kakam işden ýadap gelende, onuň ýanynda men bolaýyn. Ejem darygyp ýa-da bir zada gynanyp, gyýlyp otyrka, onuň ünsüni bölýän men bolaýyn. Doganlarym we jigilerim meniň bilen ýoldaş bolmak üçin, meniň bilen oturyşmak üçin dawalaşsynlar. Men maşgalamyzyň ähli zerur işlerini bir ýana goýup, hut meniň üçin ýanymda oturýandyklaryny duýaýyn. Men olary ýadawlygyndan açaýyn, ynandyraýyn, begendireýin, dem-dynç bereýin. Eý, Allam, men durmuşdan kän zat hantama däl, ýekeje haýyşym, öýümizde telewizora öwrülesim gelýär, telewizor ýaly bolasym gelýär!». Ýanýoldaşy bu düzmäni okapdyr-da, başyny ýaýkapdyr: «Her ýerde çagasyna üns bermeýän, geleňsiz ene-ata bar-ow» diýipdir. Mugallym aglamjyrap oturyşyna şeýle diýipdir: «Ýöne, bu biziň öz oglumyzyň ýazan düzmesi…».

Eýsem, özümize başgaçarak görünýändigine garamazdan, çagalar ýa-da körpeje jigilerimiz ýanymyza gelende, «dursana, päsgel berme», «bar, soňrak gel», «aýryl öňümden», «şuny bir görmäge goýuň», «ýürege düşdüňiz-aý», «ýuwaş boluň-how» ýaly sözler bilen, olary lapykeç goýup, dogrusyny aýtsaň, känbir haýry bolmadyk ýazgylara tomaşa edýändigimiz hakykat. Hiç kimiň ünsümizi bölmegini islämzok, hatda şol wagt daşardaky siňegiň wyzzyldysy hem beýnä ýük ýaly görünýär. Tapawudy ýok, ol her sagatda gaýtalanyp we täzelenip duran dünýä habarlary bolsun, soňy ýok teleseriallar bolsun, oýny bilen 139 dünýäni kökerýän «Barselona» bilen «Realyň» arasyndaky futbol sahnalary bolsun… çagajyklaryň ýa-da beýleki maşgala agzalarynyň ýüzüniň alynmagyna, soraglarynyň jogapsyz goýulmagyna asla degenogam.”

Çagalarymyzyň we jigilerimiziň göwünlerine degmäliň!

@Gatygyzykly
©gatygyzykly
BU BLOG 2138 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Jenap_Jon 1 hepde öň
Druk,sen yazañoga muny.owalam goyuldy bu
.awtoram sennãl
@Elnara 1 hepde öň
Awtory yaly edip goyupsynyz ozunizi, bir hili bolmayamy?
@Gatygyzykly 1 hepde öň
Awtor edip goymadyn dostym Gyzykly ol prosta web sahypam
@Jenap_Jon 1 hepde öň
© e dushunyanmi?!