Mert türkmen zenany hakynda
Mert türkmen zenany hakynda

Mert türkmen zenany hakynda +4

MyratDowlet, 23.10.2020
"Ruslar Ahaltekede 1879" atly kitaby belki eşidendirsiňiz, belki okandyrsyňyz. Kitaby Russiýa imperiýasy tarapyndan gatnaşan taryhçy Tugan Mürze Boronowskini öz gözi bilen görüp ýazan. Ruslar häzirki Türkmenistanyň terretoriýasyna gelenden tä 1879-njy ýyldaky 1-nji Gökdepe söweşine çenli bolan aralalykdaky wakalary jikme jik beýan edilen. Men bu kitabyň hemmesi barada gürrüň etmek islämok. Ýöne içinde bir waka meni has ünsümi çekdi. Ýagny:
 ruslar gökdepä golaýlanlarynda rus esgerlere tarap ýapgydyň aňyrsyndan tüpeň bilen biri ot açdy. Üç gezek tüpeň sesi geldi. Rus esgerler ýapgyda tarap barsalar, oýda bir zenan maşgala sapança ok salyp otyran ekeni. Ýanynda ýerde ýene iki sany sapança ýatyr ekeni. Ruslar bu zenany ýesir alyp komandirleriň ýanyna eltipdirler. Olaram üýşip ýaňky zenan maşgalany terjimeçiniň kömegi bilen  soraga tutýalar we şu aşakdaky gepleşik bolup geçýär.

Komandir zenana ýüzlenip: "gorkma, saňa ýamanlyk edilmez"

Ýesir aýal bir ädim yza çekilipdir we hemmelere gaharly we arly nazaryny aýlap:

"Men hiç zatdan gorkomok, eliňizden gelenini aýamaň. Ýöne siz kapyrlar, bizden gorkuň we eýmeniň, sebäbi siziň hiç biriňiz biziň ýurdymyzdan aman gitmez" diýipdir.

Bu ýesir zenany boşadyp goýberipdirler. Ýöne komandirleri bu jogap gaty pikirlendiripdir, duşmanlary (türkmenler) barada pikirleri üýtgedi.

Belkem şeýle pikir edendirler: "bularyň aýallary şeýle bolsa erkekleri nähilika"

Çeşme:
"Ruslar Ahaltekede 1879" 110-njy sahypa.

BU BLOG 1385 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MucizeM 1 aý öň
“Ÿere gaçan ÿyldyzlar” kitaby okadyñyzmy? Sholam gyzykly kitap eken, Gôkdepe söweśi hakdady.
@MyratDowlet 1 aý öň
Eeeee @mucizem tam üstüne basdyň. Men şol kitaby okap 1-2 aý täsirinden çykybilmedim. Şeýle bir gyzykly ýazylan kitap, seýle bir gowy suratlandyrylan wakalar bar. Prosto okap lezzet almasaň söz bilen düşündirer ýaly däl. Gaty gowy kitap. Okamadyklara maslahat berýän.
@MucizeM 1 aý öň
Menem haladym, ol kitapdaky janlandyrylan wakalaryñ kâbirini göz öñûñe getirmegem gorkulydy... gaty gowy kitap eken. Dogrusy menem kán vagt tásirinden çykyp bilmándim. Awtoryñ baśga kitaplaryny okadyñyzmy?
@MyratDowlet 1 aý öň
Awtoryň 90-njy ýyllarda gazetlara çap etdiren makalalary bardy. Solary we "salyr soňy saragt" diýen kitabyna göz aýladym.
@MyratDowlet 1 aý öň
Awtory Juma Hudaguly
Onuň başgada kitaplary bar.
Men bir bilýän birinden soradym. Ol awtoryň asyl hünäri suratkeşlik ekeni. Şol sebäpden ýazan zatlaryny okanyňda göz öňeni aňsat gelýär. Bu ussatlyk bilen suratlandyrmagynyň netijesinde bolýar diýdi.
@MucizeM 1 aý öň
Men baśga-da 3 kitabyny gyzykly hekaÿalaryny okapdym, okasañyz halarsyñyz, gyzykly olaram☺️
@MyratDowlet 1 aý öň
Ady näme?
@MucizeM 1 aý öň
“Söÿgûde serhet ÿok”, “Gyrmyzy bàgûller”, “Ömrûzaÿa” sholar, mümkin okanlaryñyz bardyr arasynda?!