Miss happy so happy (süýnen ýyldyzlar)

Miss happy so happy (süýnen ýyldyzlar) +3

Frederick, 01.07.2020
'Blýat maşynam gerekmejek wagtda bozuldy, ýogsam bu yssy howada awtobusa garaşmaly bolmazdy' - diýip öz içimden hümürdäp, gelen awtobusa mündim. Kän bir adam ýokdy, daş töweregi ýatdan bilýän, aýnadan daşa seretmegem gyzyksyz diýip, awtobusyñ soñuna geçdim-de içindäki adamlary synlap başladym. Ýaşlary 40-dan geçen 3 gelneje, saçy agaran ýaşuly, tahýasyny togalap jübüsine salan 4 ýa 5-nji klas oglanlar we 2 sany talyp gyz bardy. Gyzlar biri birini tanaýardy, ýöne gürlemezlige ant içen ýaly gözleri bilen düşünişýärdi. Onsoñ elime telefony alyp, öz içimden olary bahalap başladym. Biri uzyn boýly ýöne ýenede aýagyna ökjeli aýakgap geýeni üçin, geýimine 5 bal berildi, figurasy edil 90-lyk bolmasa-da golaýrak bolany üçin 9, owadanlygyna 6, jemi 20 bal. (Somurdyp barýanlygy üçin gülüşine ýada ýylgyrşyna bal berip bilmedim). Beýleki 1,55 boýlarynda bolsa-da, özüne gelişip duran sarymtyl reñkde gysga saçy bolany üçin ilkinji balym 8, agramy edil figurasyna, syratyna laýykdy, şol sebäpli ikinji balym 7, edil göze ilip duran owadanlygy bolmasa-da adamy özüne çekmäni başarýar we soñky balym 8, jemi 23. Bu ballaryñ bir gyzy saýlamagym üçin diñeje %25 ähmiýeti bar, intäk gülüşine, gürleýşine, aramyzdaky dialoga, edýän şutkasyna bal bermedim...
 
  Eýýäm iki gün bäri on birlik bilen ýola çykýan, köp wagtdan bäri ýöreýişem etmändim. Güniñ batmagyna bir sagat golaý wagt bar, myhmanlar gelmänkä, wagtynda öýe ýetişeýin diýip duralga tarap howlugyp başladym. Ýañy golaýladymam welin, duralgada duran biri ünsümi böldi, wauw belki bu meniñ ençeme zamandan bäri gözleýän gyzym bolup bilerdi. Içimde hemişe ony ilki görenimde tanaryn diýen duýgy bardy, ýöne howlukmagyñ peýdasy ýok, birinji nobatda ol menden iñ uly baly almaly. 
   
 Blýat ol meñ awtobusyma dälde başgasyna garaşýar ekeni.. zyýany ýok, bu gyz üçin öýe giç barsamam, myhmanlar mensizem ýaşar. 
  
 Birlikde onuñ garaşýan awtobusyna mündim we ol çak edişim ýaly şu wagta çenli menden iñ uly bahany aldy, beýle ýürekden ýylgyryp bilýän gyzy ahyry tapdym. Onuñ düşen duralgasynda menem yzyna düşdim, indiki mesele nädip tanyşmalygydyny oýlap plan düzüp başladym...
 
  Onuñ bilen tanyşmagyma 1 aý geçdi, bu añsat başa barmady, özi ýaly ady hem seýrekdi. Men indi bu günler diñe şo at bilen ýatyp turýan...
 
  - Bilýäñmi owadanjam, indi özümi sen bilen men diýip aýyrasym gelenok, indi sen we men dälde 'biz' bolduk, sebäbi biz ikimiz birlikde idealnyý adam.
  - Bilýäñmi käte iñ uly kemçilik idealnyý(kemçiliksiz) adam bolmak. 
 - Sen nädip muny başaryp bilýäñ, men beýle romantiçnyý sözi başga gyza aýdan bolsadym, ol eýýäm ganatly adama öwrülipdi.
 - Sen romantik, men realist, biz bir birimizi tamamlaýarys. 
 - Kino gidelimi? 
 - Ýok, sen bilýäñä men eýýäm doktor boldum, basym işe gitmeli, wagtym çäkli. 
 - Näme üçin gije işleýäñ, seniñ bilen birlikde süýnen ýyldyzlary görmek isleýän.
 - Süýnmegi möhümmi?
 - Dileg üçin hökman diýýärler... 
 
 
 
 (Dowamy bar.) 
  
BU BLOG 4907 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Orel 1 aý öň
Awtobusda tapylan bagt diýip goýmala teman adyny ))))
haçan toý indi bagtly bolun!
@Anuşkam 3 hepde öň
Dıne kınolarda bamyka dıyyadım,eysem hakyky durmushdyda sxunyaly zatlar kop bolya..menem garaşyan toya heh