Mr. Robotdan kiber gorag sapaklary
Mr. Robotdan kiber gorag sapaklary

Mr. Robotdan kiber gorag sapaklary +7

@rosso | 17.11.2019 ý.
Bu görýän kartaňyzda kiber dünýäde bolup geçýän hüjümleriň häzirki wagtdaky ýagdaýyny görüp bilersiňiz. Ýagny, şu wagt görünmeýän bir dünýäde gyzgyn urşlar bolup dur. Bu gün 350 000-denem köp kiber hüjüm bolupdyr. Bu gaty känem däl. Hat-da kiber dünýäde sessiz  bir parahat günleriň biri. Bir günüň ahyryna çenli 1 milýondan artykmaç kiber hüjüm edilýär. Milýonlarça kompýuterdir telefonlara wiruslar ýokaşýar.

Birem hüjümlere garşy goraglar alyp barýan kiber goragçylar bar. Internet samanynyň içinden zyýanly iňňeleri gözleýärler. Wiruslary barlaýarlar. Käbirleri özlerine daşdeşen diýýärler. Sebäbi olar hem edil daşdeşen ýaly agaçdan gurçuklary, parazitleri awlaýarlar. Elbetde agaçdan däl, internetden.

Bu hüjümler internet äleminde bolup geçýär, maňa bildirýän ýeri ýok, iň kyn bolan ýagdaýynda kompýuterim doňar, soňrak açaryn, hiçzadam bolanok diýip pikir etmäň. 2016-njy ýylda ýaýlyma goýberilen Zero days atly dokumental filminde edilýän hüjümleriň fiziki enjamlaryňyza hem bolup biljegini we hat-da kiçijek partlamalar hem bolmagy ahmaldygyny aýtdy. 

"19-njy asyrda ýurtlaryň goşunlary diňe gury ýer we deňiz güýçleri bardy. 20-nji asyrda harby howa güýçleri hem goşuldy. 21-nji asyrda bolsa kiber güýçler bu söweşleriň 4-nji ölçegini emele getirdi" - Zero days dokumental filminden.

Kiber gorag örän ähmiýetlidir. Aşakda bu tema barada Mr. Robot serialyndan saýlap alan käbir sahnalar bilen arkaly nähili gorag etmelidigini ýazmakçy emma ilki bilen geliň ýakynda bolup geçen wakany ýatlalyň.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynyň 21-ne Amerikada dünýäniň iň uly käbir web saýtlaryna girip bolmady. Ol gün Paypall (internet töleg sistemasy) işlemedi. Netflix görüp bolmady. Onlaýn oýunlaram oýnap bolmady. We hiçkim bu tema barada sosial mediada hiçzat ýazyp bilmedi sebäbi sosial media hem işlemedi. Az wagtyň içinde dünýäniň iň uly 85 sany web saýtlary ýitdi. Sebäbi DNS paýlaýjylaryna örän uly DDos hüjümi edildi.

Ine, kinolardaky ýaly bir uly hüjüm edildi. Emma bu hüjümiň niýeti bir kompaniýa ýa-da firma däl, DNS paýlaýjylary. Ýagny, web saýtlaryň atlaryny ýazanyňyzda sizi şol adrese iberýän sistema doňdy. Bu sistemany bir öýe meňzedeliň. Siz bir web saýtyň adresini ýazanyňyzda bir öýüň gapysyny kakýaňyz diýeli. Her öýüň gapysy adaty internet trafikasyna görä bolýar. Meselem bir wagtda 10, 50, 100 adama gapyny ýeňillik bilen açmaga niýetlenen gapyny milýon adam kaksa ne gapy galar, ne-de öý... ine şuňa meňzeş hadysa bolup geçdi.

Hawa, bolýar, bulardan maňa näme diýip bilersiňiz, meň beýle hüjümlerden habarymam bolmady diýip pikir edýän bolup bilersiňiz. Emma habaryňyz hem bolman şeýle hadysalaryň bir kiçijek bölegi bolup bilersiňiz. Siz däl, siziň tehnologiki enjamyňyz.

Sebäbi ol gün botnetlerden emele gelen bir goşun sekuntda 1.2 terabitlik islegleri bilen DNS paýlaýjylaryny doňdurdy. Muny etmek üçin birnäçe enjamlar gerek. Milýonlarça enjam... Botnetler eýýäm zombi bolan kompýuter ýa-da telefonlar diýmekdir. Diňe kompýuter däl, islendik internete baglanyp bilýän enjamlar ýagny modem, printer, telefon, tablet, telewizor hem bolup biler. Şoň üçin siziň habaryňyz hem bolman siziň enjamlaryňyz botnetlere öwrülmegi mümkindir. Meselem ulanýan kompýuteriňiziň ýa-da telefonuňyzyň kody 123456-my? Onda ýagdaýyňyz kyn, enjamlaryňyz eýýäm botnetlere öwrülen bolmagy ahmal.

Bor, näme etmeli? Häzirki wagtda diňe kitap, gazet okamak ýeterlikli däl. Islesek islemesek tehnologiki älemiň bir parçasy bolduk. Şoň üçin ulanýan enjamlarymyz barada özümiz okap, bilmeli.

Indi geliň has dykgatly internet ulanyjysy bolmak üçin näme etmelidigini Mr. Robot serialynda oýnaýan Elliotdan öwrenmäge synanşalyň. Sebäbi ýokarda aýdyşym ýaly bu serial internet goragyna degişli hakykata ýakyn maslahatlary berýär.

Siziň başyňyza beýle hadysa gelmezligi üçin ilkinji ädimimiz açar söz (parol) 123456 bolsa muny üýtgediň. Isleseňiz ynanyň, isleseňiz ynanmaň, dünýäde her 100 adamdan 17 adamyň paroly şu. Has uzyn, has güýçli parollar ulanyň. # ýa-da * şekilleri ulanyň. 123456yedi bolmaz. Iň ähmiýetli zat, ýadyňyzda saklaň, parolyňyz siziň syryňyz. Hiçkim bilen paýlaşmaň.

Kinoda Elliot internetdenem aňsatjak tapyp bolaýjak bir parol listini yzly yzyna barlap görýär we aňsatlyk bilen paroly tapýar. Muň üçin "elpscrck" diýen programmany ulanýar. Hakykatda beýle programma ýok emma "Elliot's password Crack" diýen manyny berýär, ýagny öz ýazan programmasy bolup biler.

Internet älemi hem biziň fiziki älemimize meňzeýär. Bu dünýäniň köp ýerleri owadan, gowy bolsa-da ýanyna hem baryp bolmajak erbet ýerleri hem bar. Bu ýerlere barmakdan nähili çekinýän bolsak internetde hem şeýle ýerlere girmeli däl. Girýän web saýtyňyz size mugt käbir zatlary berjekdigini ýazýan bolup biler. Emma, gaty uly ähtimal sizden hem käbir zatlary alýandyr. Siziň habaryňyz hem bolman enjamyňyza malware, spyware, adware, keylogger we has erbedi ransomware ýokaşdyrýan bolup biler. Bu soňky ýazanym kompýuteriňizi doňduryp, täzeden ulanyp başlamak isleseňiz sizden para isleýär.

Mr. Robotyň 2-nji bölüminde mugt CD paýlap ýören biri bar. Kompýutere dakaňyzda döwük ýaly bolýar emma çykarmankaňyz kompýuteriňize "troýa aty" "trojan" goýup gidýär. Edil taryhdaky ýaly Troýa şäherine girmek üçin ullakan at ýasap içinde esgerler garaşyp durýar. Ine munuň kompýuterdäki görnüşi "Remote administration tool" diýilýär. CD, DVD, USB flash drive arkaly ýa-da internetden kompýuteriňize ýükleýän faýllaryňyz arkaly geçýär we kompýuteriňiziň içindäki zatlary barada uzakdan başga biri hemme zatlary görýär. Hat-da kompýuteriňiziň kamerasyny, mikrofonyny işledip bilýär.

Geleli meň iň gowy gören sahnama. Bir kafede tanyşan 2 sany adam bar. Olara Jenap Android we Hanym Ios diýeli. Haýsy operatiw sistema has çalt diýip bir-birleriniň arasynda gürleşýärler. Gyz hem Android'a bir saýt berýärde girip tizligiňi barlap gör diýýär. Häli gepiniň soňuna ýetmänkä Jenap Android'iň telefony hacklenýär.
Ios has ynamdar diýip pikir edýäňizmi? Başga bir kinodan alynan bir sahnada şeýle diýýär. "Hiç bir operatiw sistema ynamdar däl" (Who am I?)

Siz hem gorag etmegi elden bermäň.

Online hyzmatlar ulanýan bolsaňyz 2 ädimli gorag dogrulama etdiriň. Dijital aýak yzlaryňa gowuja serediň. Kän ulanýan web saýtlaryňyzyň ynamdardygyny biliň. Mailiňize gelen her hatlara ynanmaň, kimden gelendigi belli bolmaýan mailleri açyp içindäki "şu ýere bas" diýilýän ýerler basmaň. Iň ähmiýetli zat, şahsy maglumatlaryňyzy her ýerde ýazmaň.  Her gapyňyzy kakan adamy öýüňize alaňyzok gerek!? Kiber dünýäde-de her gapyny kakany öýüňize salmaň.

Hokman goralmaly ýene bir zat bar. Düşünjäňiz.

Terjime: http://barisozcan.com/mr-robottan-siber-guvenlik-dersleri/
bu blog 3644 gezek okaldy

Teswirler

@rosso 3 hepde öň
Elbetde hemme teksti terjime etmedim. Iň gerekli ýerleri diýip hasaplan ýerlerimi aldym.
Kinony meň özümem gördüm. Maslahat berýän, gowy serillaryň biri.
@Alemjahan 3 hepde öň
Hujum $owly bolanda name bolya saydy oz adyna geciryami ya maglumatlary alyamy
@white 3 hepde öň
Gyzykly maglumatlar, @rosso, sagboluň paýlaşanyñyza.
@Galacticos 2 hepde öň
Govy yazylypdyr diysem asla sen yazanyn eken. Molodes Rossoneri :)
@Biolog 2 hepde öň
Prosto SUPEEER! Molodes))))
@Break 2 hepde öň
nothing is safe ..!.
@Tarcetti 2 hepde öň
"Her gapyňyzy kakan adamy öýüňize alaňyzok gerek!?" Mena alyan
@Begmyrat 4 gün öň
Ddos ataka nahili programmada edilyar