Ömrümiň dowamynda men şu zatlara akyl ýetirdim
Ömrümiň dowamynda men şu zatlara akyl ýetirdim

Ömrümiň dowamynda men şu zatlara akyl ýetirdim +5

@Graff | 08.06.2019 ý.
1. Dünýäde öwrenmek mümkin bolan sapaklaryň iň gowusy goja kişiniň aýagynyň alnyndadyr.
2. Eger aşyk bolsaň, bu aýan bildirýändir.
3. Kimdir biri maňa: «Bu gün sen meni bagtly etdiň» diýse, bu meni bagtyýar edýär.
4. Çagajygyň ellerimde irkilmegi — bu iň tolgundyryjy duýgy.
5. Ýagşy bolmak mamla bolmakdan has möhümdir.
6. Çagajygyň berýän sowalyndan hiç haçan ýüz öwürmek bolmaýar.
7. Eger özge birine başgaça hiç hili kömek edip bilmeýän bolsam hem, men onuň üçin elmydama ýagşy dileg edip bilerin.
8. Durmuşym näçe argas bolsa hem, çekinmän arkaýyn bälçireşmek mümkin bolan adam hemişe zerur.
9. Käte adama bar gerek zat — bu gyzgyn elgysyşma we seni diňlejek kişiniň bolmagy.
10. Kiçijekkäm tomus agşamlarynda kakam bilen eden ýönekeýje gezelençlerim durmuşymyň soňraky ösüşine täsin täsirini ýetirdi.
11. Durmuş bir top hajathana kagyzy ýaly, soňy golaýladygyça, ol şonça-da çalt hereket edýär.
12. Hudaýyň isleýän zatlarymyzyň ählisini bermeýänligi üçin hem biz bagtly bolmalydyrys.
13. Gündelik kiçijek şatlyklar durmuşymyzy özüne çekiji edýär.
14. Iň berk örtük astynda özüne gadyr goýulmagyny we gowy görülmegini isleýän ýürek ýerleşýär.
15. Hudaý Zemini bir günde ýaratmandyr. Näme üçin men mümkin däl zady etjek bolýaryn?
16. Faktlary inkär etmek olary üýtgetmegi aňlatmaýar.
17. Wagt däl, ýaralara söýgi em bolýar.
18. Özümden has akylly adamlar bilen töweregimi gurşanymda, şahsyýet hökmünde ösmek maňa has aňsat düşýär.
19. Gabatlaşýan her bir kişiň ýylgyryş bilen garşy alynmaga mynasypdyr.
20. Perzendiň bilen bile irkilip, ýaňaklaryňda onuň demini syzmakdan gowy hiç zat bolup bilmez.
21. Mümkinçilikler ýitirim bolmaýar, seniň sypdyran mümkinçiligiňi kimdir biri hökman tapar.
22. Her bir kişi mylakatly hem ýagşy sözleri aýtmalydyr, sebäbi ertir seniň ol sözleri gaýtaryp almaly bolmagyň mümkindir.
23. Ýylgyryş — gowy bolmagyň iň elýeterli usulydyr.
24. Näme duýýanlygymy saýlamak meniň erkimde däl, ýöne munuň üçin etjek zatlarymy welin saýlamaga ygtyýar özümde.
25. Her kim dagyň depesinde ýaşamak isleýär, emma bagt hem ösüş şol belentlikde däl-de, oňa çykyp barýan çagyňdadyr.
26. Iş üçin wagtym näçe az bolsa, şonça-da men köp zada ýetişýärin.

@Graff
bu blog 134 gezek okaldy

Teswirler

@cherry 3 aý öň
3 we 4 has haladym
@Graff 3 aý öň
Minnetdar!
@Schastye 3 aý öň
Soňky döwür hemme zat çalt geçýär welin, gorkup başladym. Soňuna geldimmikäm?!
@Graff 3 aý öň
Dialektiki garaýyşdan ugur alsak, hemme zat geçip dur, hemme zatlar hereketde...
@Schastye 3 aý öň
Profildaky surat ýaly surat mende-de bardy, özümiňki :)
@Batyrsary 3 aý öň
Älemjahan