Näme üçin kagyz sebäpli barmagymyz kesilenden soň agyryp durýar?
 Näme üçin kagyz sebäpli barmagymyz kesilenden soň agyryp durýar?

Näme üçin kagyz sebäpli barmagymyz kesilenden soň agyryp durýar? +3

MissMeri, 29.09.2020
Bir nädogry hereket we ýuka kagyz barmagy kesýär, göze görünmeýän ýarany galdyrýar, hem-de ýaňy barmagyň özi kesilen ýaly agyryp hem ötýär. Şol bir wagtyň özünde, pyçakdan şuňa meňzeş ýa-da has uly kesilen ýara asla zyýan bermeýär we bir minutda unudylýar. Näme üçin we nädip beýle bolýar? Geliň jogabyny bileli mähriban okyjylarymyz...
 
 Kagyzyň agaçdan ýasalandygyny hemmeler bilýär. Ýuka kagyz ýylmanak bolup görünse-de, ulaldanyňyzda, ösümlik süýümleriniň köpdügini görüp bilersiňiz.
mikroskop astynda kagyz

Kesilende bu süýümler ýarada galýarlar. Reseptorlarymyz gyjyndyrmalara jogap berýärler we beýnine signal iberýärler, bu bolsa agyry duýgusy hökmünde düşündirilýär. Pyçak bilen deňeşdirilende, onuň ýüzi birmeňzeş bolup, kesilende ýarada hiç zat galmaýar, şonuň üçin az agyrýar we has çalt gutulýar.

Elbetde, kagyz kesilen agyryny ýeňletmek üçin süýümlerden dynmak üçin ýarany akýan suw bilen ýuwmak ýeterlikdir. Teoriýa boýunça, gan akýan ýara bilen şol bir täsir ediler - gan ýaradan ähli bölejikleri ýuwar we agyry bes ediler.

                                          
                                                          @MissMeri
BU BLOG 2823 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Graff 2 hepde öň
@MissMeri berekella, peýdaly maslahat :)
@MissMeri 2 hepde öň
Köp köp minnetdar aýdanlaryňyza!!! )
@IDEALLIDER 2 hepde öň
Diýmek onda kagyza kesdirenimizde kesilen ýerini gowja ganatmaly:) Like
@MissMeri 2 hepde öň
Ýagdaýyňyza serediň agyrsyna çydap bilseňiz)
@Azimmuhammet 1 hepde öň
Şu Graff bubutadaky Graffmyka???