Näme üçin narpyz salkyn duýgy döretýär?
Näme üçin narpyz salkyn duýgy döretýär?

Näme üçin narpyz salkyn duýgy döretýär? +3

MissMeri, 16.11.2020
Haçan-da narpyz sakgyjy çeýnäňizde we hem, agzyňyzda salkyn duýanyňyzda hemmeler bu duýgyny bilýärler. Has uly täsiri, şu usul bilen ýetip bolýar, agzyňyzdaky narpyz ýaprajygyny çeýnäňizden soňra suw içeňizde : agzyňyzda buz bar ýaly duýgy döreýär. Emma näme üçin sowuk duýýarys, haçan-da dilimiz adaty temperatura bilen bolanda?

 Bularyň hemmesi bir madda sebäpli bolýandyr - onuň ady "mentol". Bilşiňiz ýaly, deride hem nemli bardada (слизистая оболочка) ýerleşýän millionlarça reseptor dürli duýgularyň (ýylylyk, sowuk, degmek we ş.m.) kabul edilmegine jogapkärdir. Olaryň arasynda reseptorlar bar, olaryň wezipesi beýniniň temperaturanyň peselmegi barada duýduryş bermekden ybarat. Sowuk bolanda reseptorlar derrew beýnimize signal iberýärler. Bu bolsa öz gezeginde doňan ýere gan az basyp başlaýan damarlary daraldýar. Hut şu reseptorlarda mentol hereket edýär, olary beýlekilerden has duýgur edýär. Aldanan reseptorlar temperaturanyň peselendigini pikir edýärler we muny beýnimize duýduryş berýär, bizem öz gezegimizde salkyn duýýarys.

 Mentol, iň köp mukdarda, burçly narpyzda (перечная мята) bolýar. Elbetde, öz sakgyçlarynda, sorulýan süýjilerinde ýa-da diş pastalarynda, “narpyz tagamly”- diýip ýazýan marketologlar muny hem bilýärler. Ýöne önümçilik üçin mentol hakykatdanam narpyzdan alnan bolsa, bu ösümlik bilen müňlerçe gektar ekilerdi. Indi mentollaryň hemmesi diýen ýaly emeli usulda öndürilýär. Ýöne hakyky narpyzy dadyp görmek gaty ýönekeý: ýurtda hiç hili kynçylyksyz ösdürilip ýetişdirilip bilner, esasanam oňa ideg zerur däl, we salkyn howada ösüp bilýär.
 
 Bu gyzykly: Çili burçunyň bir meňzeş, ýöne ters täsiri bar: ol gyzgyna reaksiýa berýän reseptorlarу, işjeň ýagdaýda, nerw impulslary beýnä geçirtýär. Ilki çili burçuny iýip, soňam narpyz çeýneseň näme bolar? Muny etmäge synanyşan bolsaňyz, onda duýgularyňyzy biziň bilen paýlaşyp bilersiňiü, mähriban okyjylar!
Мята перечная

                                                          @MissMeri
BU BLOG 1593 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@TonyStark 2 hepde öň
Gyzykly maglumatlar üçin sps @MissMeri :)
Elbet-de pikriňe goşulýan,sebäbi tebigy narpyzdan alsalar,onuň üçin gektarlap narpyz ekerdiler,emma häzirki wagtda himiýa senagaty ösdi,şonuň üçin köp zatlar sintetiki(EMELI) usul bilen alynýar...
Narpyz-örän peýdaly dermanlyk häsiýeti bolan ösümlikdir.Ýaz günlerinde çaýa atsaň,özboluşly ýakymly tagam berýär,tiz köpelýär.
Sebäbi onuň tohumy örän ownuk,maýda külke görnüşde bolýar.
@MissMeri 2 hepde öň
@TonyStark спасибо... Minnetdar! :)
Teswirdäki aýdanlaryňa goşulýan...))
@MyratDowlet 2 hepde öň
Hemme zat sintetika öwrülip barýaraý.
Gelejekde taryh kitaplara "bir döwürler adamlar közenip tebygy zat elde edýädiler" manysynda jümleler girmese bolýalaý.
@MissMeri 2 hepde öň