Näme üçin temperaturamyz galanda biz üşeýäris?
 Näme üçin temperaturamyz galanda biz üşeýäris?

Näme üçin temperaturamyz galanda biz üşeýäris? +2

MissMeri, 10.09.2020
Ýarawsyz adam gowşaklygy, işdäň ýetmezçiligini, myşsalaryň agyrysyny we elbetde hemişe sowuk duýgusyny başdan geçirýär, bu bolsa sizi birnäçe gatlak ýorgan bilen örtdirip, şol sebäpdenem düşegiňizden çykasaňyz gelenok.
 
 Şol bir wagtyň özünde, gyzzyrma, ewolýusiýanyň hakyky sowgady bolup, haýwanlar dürli ýokançlyklara garşy göreşip, dürli mikroorganizmleriň köpelmegi üçin çydap bolmajak şertleri döredip bilerler. Şonuň üçin biz ýarawsyz ýagdaýymyzda ejir çekip geçirmeli bolýarys.
 
 Pirogenler üçin günäkär, bedenimiziň temperaturasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýan maddalar. Pirogenler bedeniň içindäki dürli wiruslary, bakteriýalary ýa-da dokumalary bölmek önümlerini aňladýar. Pirogenleriň ekzogen (daşky gurşawdan bedene girmegi) we endogen (bedende emele gelýändigi) ýüze çykýar.
 
 Bir syrkaw adam köp adamly awtobusda ýanyňyzda asgyrýandygyny göz öňüne getiriň: bedene girýän bakteriýalar, leýkositler bilen söweşe girýär - netijede pirogenler çüýrän önümler emele gelýär. Bakteriýalar köpelende ýygnanýan toksinler hem pirogenlerdir.
 
Gipotalamus.jpg 67.49 KB

Alnan maddalar gipotalamus üçin iň güýçli gyjyndyryjydyr - bedeniň termoreýulýasiýasyna jogapkär merkezdir. Gipotalamus bakteriýalara garşy göreşmek üçin bedeniň gyzgynlygyny ýokarlandyrmagy 'karar berýär' we elýeterli serişdeleri ulanyp başlaýar.

Hususan-da, derlemegi azaldýar, agzalardaky gan damarlaryny çäklendirýär we derä gan gitmegini, aýlanmagy (приток) azaldýar. Deriniň temperaturasy peselýär, bedeniň içindäki temperaturany ýokarlandyrýan ýylylyk geçirişini çäklendirýär. Deriniň üstüki temperaturanyň peselmegi sebäpli adam üşäp, dygdyrap başlaýar, özüni ýorgan bilen örtmek islegi döreýär.
41485819.jpg 173.68 KB

Ýöne temperatura belli bir derejä ýetenden soň, gipotalamus deriniň damarlaryny giňeldýär: sowuk duýgusy ýok bolýar we adam ýylylygy duýup başlaýar.

                       
                                                          @MissMeri
BU BLOG 1124 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 3 hepde öň
Durşyna Allanyň gudrataý. Allanyň goýan kanunlary. Biziň habarymyzam ýok ýöne beden agzalar özleri göreşmäge başlaýar. ewolýusiýa ynanýan adamlar nädip şu zatlary görmänden gelýärka!?
Şu makalaňy hä höwes bilen okadym.
@MissMeri 3 hepde öň
)))
@MissMeri 3 hepde öň
Salam!
Sag boluñ, örän şat, size ýarap peýda beren bolsa! ))