"Ýok" zat - "gowulyk"
"Ýok" zat - "gowulyk"

"Ýok" zat - "gowulyk" +2

MissMeri, 13.10.2020
Bir psihology gaty halapdym. Bir aýal özünde ýok zady, gynanç bilen sanap geçende, şol psiholog pozitiwe degişli örän möhüm bir zat oňa aýdypdy.

 Şol aýalyň aýdan zatlary:
 Hakyky dost adamlar ýok. Gowy aýlyk ýok. Gowy maşyn ýok. Gowy jaý ýok. Ýaşlygam eýýäm gitdi. Bularyň hemmesi, bir gün bolar diýip, hiç umyt ýok.
 
 Psiholog äýnegini düzedip hem arkaýyn aýtdy: elbetde, sizde kän zat ýok. We gutarnyksyz sanawyň yzyny goşup dowamyny edip bolýar. Agyr bejerip bolmaýan kesel ýok. Millionlarça bergilerem ýok. Hiç kim üçin, hassa garyndaş ýa-da ejiz garry adam üçin jogapkärçilik ýok. Bedende küýkilik ýok.  We hem maýyplyk ýok. Sizde köp zat ýok. Özüňizde ýok zady ýazsaňyz, derrew keýpiňiz gowulaşar. Munuň diňe bir ýok bolman, eýsem bolmajakdygyna umyt dörär.
 
 We ol aýal bolsa pikirlenip, ýylgyrdy.
 
 Şonuň üçin bizde kän zat ýok. Bu hökman geregem däl. Galan zatlaryň hemmesini gazanyp, gowulaşdyryp, sowgat hökmünde alyp ýa-da wagtlaýyn edip bolýar; hiç hili aladalanar ýaly gorkunç zat ýok.
 
 Esasy zat - abat we sagdyn bolmak. Hemem, ýakynlaryňyz abat we sagdyn bolýandygyny görmek. Erbet zat ýoklukdyr. We hem bu - eýýäm gowylykdyr.
 
Sabr


                                                          @MissMeri
BU BLOG 2142 GEZEK OKALDY.

Teswirler