İndi Gyryldymy ?

İndi Gyryldymy ? +4

@kararsyz | 22.07.2019 ý.
Öň bir jemgyýetde Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlar çykypdyr. Soň beýle şahyrlar çykmasyny bes edipdir.

Öň bir jemgyýetde Alty Garlyýew ýaly ilkinji düşüren kinosyny bir ýylyň içinde 50 million adama tomaşa etdirýän režissýorlar çykypdyr. Soň beýle režissýorlar gyrylypdyr. Indi çykanokmyş. Beýle ukyply adamlar indi ýokmyşyn, hemmesi birden ýitipdirler.

Öň bir jemgyýetde Nury Halmämmet ýaly kompozitorlar ýetişipdir. Indi şeýle zehinli adamlar birden zym-zyýat bolupdyr.

Öň bir jemgyýet Gaýgysyz Atabaý ýaly gahrymanlary ýetişdiripdir. Birden şeýle adamlaryň yzy üzülipdir.

Öň bir jemgyýetde Maýa Kulyýewa ýaly ägirt sungat adamlary, Altymyrat ýaly türgenler, Kerim Gurbannepes ýaly edebiýatçylar we başgada birnäçe umumyadamzat gymmatlygyna goşant goşan şahsyýetler kemala gelipdir. Indi şolaryň tohumy tükenipdir. Bolmasa häzirem şol bir jemgyýet, şol bir millet, şol bir howa, şol bir iýmit...

Ýokarda agzap geçen kinaýa gürrüňimi haýsam bolsa bir nätanyş daşary ýurtly birine aýdyp berseňiz, muňa hiç kim ynanmasa gerek. Degişmek üçin aýdyp berýänsiňiz diýip pikir eder.

Hakykatdanam meniň hiç hili akylym alanok. Öň biziň ýurdumyzda şeýle ýiti zehinli adamlar ýetişipdir. Birdenem beýle adamlaryň çykmasy durupdyr. Indi ýok diýýä. Şol jemgyýet ol jemgyýet dälmişin...xxx.?!

Beýle-de bir manysyz gürrüň bolarmy? Indi näme beýle adamlar gyryldymy? Şolaryň hemmesem hutba-hut türkmen. Türkmenistanyň raýaty. Öz adamlarymyz. Näme üçin öň ýetişipdir, indem birden ýok bolupdyr?!

Bu soragy her bir Türkmenistanly (türkmen, rus, özbek, ermeni, azeri...) öz-özi bilen mert ýüzleşip, öz-özüne egri oturyp dogry jogap bermeli. Her jemgyýet öz kemçilikleri bilen ýüzleşmäni başarmaly, öz ýalňyşlyklaryny kabul etmäni bilmeli. “Aý biz gany iň ýokary halk, biziň belent.....” Gaýrat ediň, gury owazyň size peýdasy ýok. Öz-özümizi aldamalyň. Hereketde görkezeliň. Bir hakykaty kabul etmegimiz gerek: Biz täze dünýäden yza galdyk! Biziň öz-özümiz bilen ýüzleşmeli kemçiligimiz: Bilimsizlik we Sowatsyzlyk! Ine başdaky soragyň jogaby şunda ýatyr. Türkmeniň çykalgasy diňe—bilimdir! Biz täze dünýäde bilimde yza galdyk. Başymyza gelen ähli bela-beterlere-de diňe şol sebäp. Elbetde munda hökümeti dolandyrýan adamlaryň günäsi kän emma ylyma aşyk adamlaryň şu günki internet asyrynda bilimden mahrum galmak ýaly ähtimallygy ýok. Allatagala adama “Akyl” atly iň uly nygmaty beripdir. Ulanmak we kämilleşdirmek biziň elimizde.

Bir wakany siz bilen paýlaşmak isleýärin. Sebäbi taryh kitaplarynda bu hakykat kän agzalyp geçilmeýär. Her gezek şu waka ýadyma düşende ýüregim sandyrap gidýär. Sizede peýdaly bolar diýip umyt edýärin. “- Mälik şa Seljukly döwletiniň territoriýasyny iň köp giňelden patyşa. Bir gün ýene uzak döwletleriň birine ýöriş edýär we ýeňiş gazanýar. Söweşden soň Mälik Şa atyna münüp deňize tarap hereket edip başlaýar. Deňiziň içinde tä atynyň baryp bilýän ýerine çenli gidýär. Şol ýerdenem bir gysym toprak alýar. Yzyna Merwe dolanyp gelensoň birinji işi kakasy Alp Arslanyň mazarynyň ýanyna barýar. Şol hälki alan topragyny kakasynyň mazarynyň üstüne sepýärde, şeýle diýýär:
“Kaka! Älemleri Ýaradan Beýik Perwerdigäre şükürler bolsun. Ogluň dünýäniň o künjüne çenli ýetdi. Çet ýurtlara çenli Seljukly döwletiniň mülküne goşdym!”

Mertebesi belent Türkmen halkym!
Şuny diýýän adamam türkmen. Onuň güýçli erkine serediňä. Beýniniň, akylynyň, hyýalynyň ýeten derejesine serediňä. Kakasyna mynasyp ogul. Hudaýjan Mälik şanyň ruhyny biziň şu günki neslimize-de ber!

bu blog 98 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan