Nedir Şah (meni buýsandyrýan we geň galdyrýan pursatlar)
Nedir Şah (meni buýsandyrýan we geň galdyrýan pursatlar)

Nedir Şah (meni buýsandyrýan we geň galdyrýan pursatlar) +1

MyratDowlet, 20.11.2020
Ýenede Nedir Şah barada.

Napolion Nedir şa haýrany bolupdyr,  Napaleon Nedir şany öwüp hat ýazypdyr. Hatda Napaleon özüne "Men täze Nedir" diýipdir.

Stalin Iwan Grozny bilen Nedir Şa meniň mugallymlarym diýipdir.

Nedir Şa türkmenleriň owşar taýpasynyň kyrkly tiresinden bolupdyr. Häzir bu tire alilileriň düzüminde. Bu şa elmydama özüniň türkmenligine buýsanypdyr. Köşkde türkmençe (azeri dialektda) gepläpdir. Beýleki soltanlar öz ata babalary bilen buýsansalar bu garyplykdan, kynçylykdan şalyk derejä ýeten soňra özüni beýleki döwletlere ýazan hatynda "asylly, şan şähratly türkmenlerden, ýada gylyjyň ogly" ýaly öwgüli sözler bilen özüni öwdiripdir. Terretorial manyda gaty köp ýerleri özüne tabyn edipdir. Hatda Nedir Şa ölenden soňra guran döwleti çalt dargapdyr. Nediriň döwletine degişli kafkaz terretoriýada merkezi dolandyrma güýji gaçan soňra bir topar azeri beglikler döräpdir. Mundan peýdalanan Rusiýa Tsary azeri topraklaryny özüne birikdiripdir. Mundan soňra Eýran bilen Rusiýa arasynda "Türkmençaý" ady bilen belli bolan şertnama baglaşylýar. Bu şertnamanyň bir maddasynda Eýrandan göçesi gelýänler Russiýa göçmäge rugsat bermeli diýilen. Şu pursatdan soňra Eýranda ýaşaýan ermeniler häzirki Ýerewan begligine göçürilýär. Bu ýerdede soňra ermenistan guruldy.
Nedir Şa Osmanly Döwletine hat ugradanda öz tagty barada şeýle diýip ýazýar "mawrusi-yi il-i jalil-i turkman"  ýagny  "mirasgärlik alijenap türkmen halkynyňky" diýip ýazypdyr.
Nedir Şa özüniň türkmenligi barada buýsanypdyr we şol sebäpden ol Osmanly döwletine, Babur soltanlygyna we Hywa hanyna we Buhara emirliklerine hat ugradyp, hatda biziň hemmämiziň aslymyz türkmendigimizi we şu esasda biz ýakyn gatnaşmalydygy barada ýazypdyr. Bu özboluşly soýuz döretmek pikiridir. Günümizde Türkiýe Döwleti Turan birligi gurular diýýäni Nedir şa şol döwürler pikir edipdir.
 
Teke taýpasynyň serdary Keýmir Kör bilen Nedir Şanyň başda aralary gowy bolupdyr. Nedir Şa Keýmir körüň baştutanlygynda teke taýpalary Daşoguzdan (has takygy DZ-daky Tekeseňňer galasyndan Gyzylarbada göçmäge rugsat beripdir. Şundan soňra teke taýpalaryň Kesearkaja ikinji gelişleri başlanýar.


Ulanylan çeşmeler:
Wikipediýa
Keýmir Kör Serdar kitaby 
BU BLOG 1517 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MucizeM 2 hepde öň
Üns berip gördüñizmi? Bir sözlemiñ içinde “we” baglaÿjy kömekçisiniñ 3-4 gezek ulanylmagy, sòzlemiñ manysyny gaçyrypdyr.
@MyratDowlet 2 hepde öň
"Hatyja bakma netijä bak" diýen türkleriň nakylyny eşidipdiñmi @mucizem?
Bu blogerleriñ saýty. Herkim islän zadyny ýazýar goýýar. Elbetde ýalňyşlyklar bolup biler. Sen özüňden içiňden düzedip okaý.