Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirden gelýäs döwürdeşler?

Nirden gelýäs döwürdeşler? +7

Aýlara, 22.03.2020

Nirden gelýäs döwürdeşler?

Ar, namysy ýitirip,. 
Atan Güni, boş batyryp. 
Enelere dil ýetirip,.
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Nyrhdan düşýä lebiz, wada,
On sözlülik boldy moda.
Paçak ýaly galyñ dide,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Oýunjaga döndi ýürek,
Bir gursakda bäş-on, gyrnak.
Saçlar sary, uzyn dyrnak,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Ejelerden köçe möhüm,
Atadan alnanok pähim.
Aslyña bir inder rehim,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Döwrüñem gelýär aglasy,
Sylananok ýakyn ýasy.
(Ýasda-da puluñ dawasy).
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Dostlañ sany müñden artyk,
Emma aýbyñ bilmez örtüp.
Dostluk perdesini ýyrtyp,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Zamana dönýär jennete,
Duş edenok ýurt, minnete.
Baha bereliñ hümmete,
Münüp ynsap atly ata.
Gursagña bak,
Bak sen çepe!
Aslyñy bir ýatla şepe!
Şol gursakdan çykyp çete,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?

Çeşme:interesnoe.me

BU BLOG 2066 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Dipsomaniac 2 hepde öň
maymyndan gelyas dalmi name Ayka
@Aýlara 2 hepde öň
1.Maýmyndan däl adam toprakdan ýaradylýar.
2.Men Aýka däl.Adymy norm ýazyň ýa-da ýazmaň.
@white 2 hepde öň
Goşgy gowy köp sagboluň.
@NURMYRADOV 1 hepde öň
Tüweleme