Nollamak hakynda
Nollamak hakynda

Nollamak hakynda +31

Tokmak, 29.05.2020
Daş-töweregimizdäki köp zatlar biz entek dogulmankak döredilen. Bu zatlary bolaýmaly zatlar ýaly kabul edýäris. Olaryň pikirini hem etmeýäris.

Daşary ýurda çyksak welin, biziň öwrenişen käbir zatlarymyzyň beýle bir normal zatlar hem däldigini görüp bolýar. Meselem, Taýlandyň kiçiräk bir şäherinde bolanymda, ýanýoda diýen zadyň ýokdugyny gördüm. Daşary çykan ýeriňde köçe başlaýar. Şäheriň merkezinde hem köçeden ýöremeli. Asyl, ýanýoda hem ösenligiň bir alamaty eken. Biziň üçin bolsa, bu bolaýmaly bir zat.

Görüp ýören zatlarymyzyň her birini geçmişde bir adam oýlap tapypdy. Ýagny, adamlaryň bir zada mätäçdigine göz ýetirilip, şoňa görä-de oýlap tapylan. Öz döwri üçin möhüm bir täzelik. Biziň üçin bolsa adaty zatlar. Sebäbi çagalykdan gözümiz öwrenişen.

Şeýleräk maslahat. Düşünjäňizi 'nollamagy' öwrenmek üçin maşk. Görýän islendik bir zadyňyz hakynda – ol ýok we entek döredilmedik diýip göz öňüňize getiriň. Şonda durmuşyňyz nähili bolardy?

Muny etmegiň nämä peýdasy bar?

Adam köp zatlara öwrenişikli bolansoň, ünssüz ýaşaýar, täzeligi oýlap tapmagyň pikirini hem etmeýär. Aslynda welin daş-töweregimizde çözülmeli mesele örän köp.

Meselem, gündelik ulanýan nagt pulumyz. Hökmany bolmaly zat ýaly. Hytaýda welin ýagdaý başgaça. Ol ýerde nagt pul ýok (!). Dogrusy, bar, ýöne gaty seýrek ulanylýar. Hytaýly adam öýünden çykanda ýany bilen diňe telefonuny alýar. Ne gapjygyny alýar, ne-de bank kartasyny. Töleg etmek, taksi çagyrmak, metroda aýlanmak, goýum goýmak – hemmesi bir telefonda amala aşýar.

Düşünjäňizi nollamaga başlaň. Şonda täze-täze pikirler kelläňize geler.

Niýaz Orazdurdyýew



Awtoryň beýleki bloglary
-----------------------------------------
Goýbermek
Islendik zady goýberip bolýar. Geçmişiňi, adamlary, agyryňy, ...

-----------------------------------------
Ösüş derejämiz
Bir ýurduň ösüş derejesini näme kesgitleýär diýip pikir edýärsiň...

-----------------------------------------
ÖKÜNMEK
Kakam ýaşlygy hakynda şeýle gürrüň beripdi: “Biz oglankak, ejelerimiz ...

-----------------------------------------
BU BLOG 3487 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@rosso 1 aý öň
ylalashyan
@lifeisgood07 1 aý öň
Ullakan LAÝK
@Ayjerena 1 aý öň
Ylalaşýan. Sag boluň
@Dessegul 1 aý öň
Спасибо за интересное и ценное
@Jepax 1 aý öň
Gowy we peydaly tema. Aslynda bu aytyanlarynyz turkmene mahsus hasiyetlere, sabyrly, pespal, kici gowunli, takatly bolmaga eltyar.

Shol sanda hem durmushyn yarysh kanunynda bolsa bizin ayagymyza badak bolyar, bulam bellap bolayjak ing uly minusu. Yone bu eyyam sovsem bashga tema)
@Tokmak 1 aý öň
Seslenmäňiz üçin minnetdar!
@MucizeM 1 aý öň
Dogry aÿdÿañyz, durmushmyzdaky bar zatlary ulanyp ÿashap ÿörenmizden soñ olar gadyrsyz ÿaly görünÿä, kellämizde shoñ ÿok boljagy hakda pikirlensek nämede bolsa düšünÿäs.
Sag boluñ, peydaly mowzuk üçin!
@Tokmak 1 aý öň
Manyly teswiriňiz üçin minnetdar.