O dünýeli gürrüň
O dünýeli gürrüň

O dünýeli gürrüň +6

@white | 10.12.2018 ý.
Biz bilýäris, o ýerlerde
 Aýdym – sazdyr söhbet ýokdur.
 Çeker ýaly zähmet ýokdur
 Çöker ýaly kürsi ýokdur.
 
 Bu dünýäde ýygnan tyllaň
 Kömek etmez suwsan pilläň
 Sämäp durmaz asla kelläň
 Baş aýlara bufet ýokdur.
 
 Bergiň bolsa gutaryp git.
 Imanyňy göterip git.
 Garny mäkäm otaryp git.
 Gäwşemäge owkat ýokdur.
 
 Allaň parzyn etmän berjaý
 Ädim ätdiň bijaý-bijaý
 Belki, ýene eliň gijär
 Emma oňa rugsat ýokdur...
 
 Öldüňmi ýok ölüm howpy,
 Hiç hili zat bolmaz keýpi,
 Goýupjyk git gara seýfi,
 Salar ýaly manat ýokdur.
 
 Ýüz muşakat, müň kynçylyk...
 Ýöne, hemmä deň kynçylyk,
 Gürlemäge mümkinçilik,
 Gowsunmaga gurbat ýokdur.
 
 Dükanynda söwda bolmaz,
 Bäbekleri hüwdä bolmaz,
 Hiç kimseden peýda bolmaz,
 Gowy ýeri töhmet ýokdur... 


Awtor: Berdinazar Hudaýnazarow 
bu blog 204 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan