Ogrynça

Ogrynça +3

@kararsyz | 19.05.2019 ý.
Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa
Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça
Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa
Bilbile duýdurman gülden ogrynça.

Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy
Kümüş şöhlesini her ýana saldy
Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy
Sypadym zülpüni ýelden ogrynça.

Çal bulutlar pytyrap, syryldy perde
Bahar ýeli oýun gurdy bar ýerde
Menem gül içinde-çolaja ýerde
Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça.

Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi
Bagyň güli ýaly görkberdi gözi
... Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi
Ýaşaýas ýar bulen ýyldan ogrynça

H.K
bu blog 136 gezek okaldy

Teswirler

@rosso 3 aý öň
Halyl Kulyyewmi?
Älemjahan