Oýlandyrýan pikirler
Oýlandyrýan pikirler

Oýlandyrýan pikirler +6

@Graff | 18.06.2019 ý.
1. Siziň aňyňyz programmirlenýändir. Eger ony özüňiz programmirlemeseňiz, size derek muny başga biri eder.
Jeremi Hammond.
2. Özüň hakda pes pikirli bolmak — bu salykatlylyk däldir. Bu öz-özüňi weýran etmekdir.
Bobbi Sommer.
3. Turistleriň käbiri Amsterdamy günäler şäheri hasaplaýarlar, hakykatda welin bu — azatlyk şäheridir. Azat-erkinlik şertlerinde aglaba kişi günäni saýlaýar.
Jon Grin.
4. Hakykatyň reňki — çal.
Andre Žid.
5. Ömür (durmuş) — bu siziň alýan zadyňyz däldir. Bu siziň alan zadyňyza nähili çemeleşýändigiňizdir (näme edýänligiňizdir).
Stefani Perkins.
6. Diňe halaýan zatlaryňy okamak arkaly sowatly bolup bolmaýar.
Žozef Žuber.
7. Nämedir bir zat bizi hemişe bökdeýärdi. Asyl bu biziň özümiz ekenik.
Robert Frost.
8. Eger siz ajaýyp günleriň birinde nämedir bir beýik zady amala aşyrmak isleýän bolsaňyz, ýatda saklaň: şol ajaýyp gün — şu gündir.
Jorj Lukas.
9. Men, hamana, kimdir biriniň janyny halas edýän ýaly bolup ýazýaryn. Belki-de, öz janymy halas edýändirin.
Klarisi Lispektor.
10. Kitaplaryň hem duşmanlary edil adamlaryňky ýaly: ot, çyg, haýwanlar, howa we olaryň öz mazmuny.
Pol Waleri.
11. Medeniýet — bu siziň operasion sistemaňyzdyr.
Terens Makkena.
12. Sungatlaryň ählisi terjimehala (awtobiografiýa) eýlenendir. Dür - balykgulagyň (ustrisa) terjimehaly.
Federiko Fellini.
13. Hakyky halypalar özüni köpri hökmünde ulanyp, üstünden şägirtlerini ötürýärler. Soňra bolsa, ýagny şägirtler beýleki kenara geçenlerinden soň, bu köprüleri höwes bilen ýumurmak arkaly, olary öz köprülerini gurmaga höweslendirýärler.
Nikos Kazandzakis.
14. Eger tutuş ömrümizde aýdýan ýeke-täk doga-dilegleriňiz «Sag bol!» bolsa, eýýäm şunuň özi hem ýeterlikdir.
Maýster Ekhart.
15. Howp-hatarsyz ýola diňe gowşaklar ýollanýandyr.
German Gesse.
16. Aýdylaýmaly zatlaryň bary eýýäm aýdylan. Emma hiç kim diňlemänligi sebäpli, ählisi ýene-de gaýtalanmalydyr.
17. Men bolup biläýjek günälerden iň ulusyny etdim. Men bagtly bolmadym.
Borhes.

Taýýarlan: @Graff
bu blog 194 gezek okaldy

Teswirler

@cherry 5 aý öň
Bobbi Sommerle ayni fikirdeyim;)
@Foton 4 aý öň
4. Hakykatyň reňki — çal.
Andre Žid. Name diyjek bolyakanay, dushunmedimay, ya kellam gowy ishlanokmy shu wagt...
@Graff 4 aý öň
"Ajy hem bolsa çyn ýagşy" diýilýändir. Hakykat hemişe gowy zatlar däldigini aýtýar, meselem: ajy bolsada ölüm bar, hakykat. :)
@Foton 4 aý öň
Shey diysene
Älemjahan