On sekiz ýaşym / Toýly Öwezow

On sekiz ýaşym / Toýly Öwezow +4

@Dipsomaniac | 07.11.2018 ý.

Ýüregiň böküp dur, dünýä syganok,
Sähel zada gülen on sekiz ýaşym.
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah, özgesi ýalan, on sekiz ýaşym.

Duýman galdym neneň niçik geçenin,
Toýlarda tans oýnap, serden geçenim.
Şol gözeliň gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan on sekiz ýaşym.

Çolaşasyň geldi dilber näzine,
Sataşasyň geldi söýen gyzyňa.
Biygtyýar düşdüň-gitdiň yzyna,
Ýatlamadan gelen on sekiz ýaşym.

Göz astynda ogryn-ogryn bakmaýar,
Wada berýär, wagty bilen çykmaýar.
Agşam Aý yşygna şöwür çekmeler,
Bar wagtyňy alan on sekiz ýaşym.

Asmana baksaňam şol gyzyň keşbi,
Zemine baksaňam şol gyzyň keşbi.
Beýle jebir nädip paýyňa düşdi,
Soňsuz dedi salan on sekiz ýaşym?

Ähli ahmyr-armanlarym alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim.
Diläniňe bitse, ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan, on sekiz ýaşym.

Diýdi: ”Şahyr gury hyýal haýyşyň” –
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn.
Şindiki ýaşlardan ýalňyz haýyşym:
Gadyryny biliň on sekiz ýaşyň.

bu blog 98 gezek okaldy

Teswirler

@Garadaşly 1 aý öň
Turkmenbasyn gosgysy dalmi bu?
@Demir57 1 aý öň
4nji 5nji bentde kimi taryplayarka gyzykly gelli
@Garadaşly 1 aý öň
@Demir57 Güljemi yada guljanmy bara bir soyeni! Sol bolaymasa
@Demir57 1 aý öň
Bir wagtlar bir yasulyda serdaryn oz durmyshy oz basdan gecilrrnleri barada aydyp beryan gurrun beryan mp3 mp4 yazgyly orginal disklerni gorupdum. Yalnyshmasam yazgylar hem belli adamlara belli bir mukdarda ondurlip berilipdir gaty unsum cekdi yone hicisin alyp dinlap yada barlap gorupbilmedim yalnyshmasam inniki durmushmda beyle bir maglumata dushmarynmykam diyyan so wagt icinde nameler bardygny soramda urshyan oglanlary soyen gyz gelinleri gazanyan pullary ene atasy masgalasy barada oy gurrunleri bar eken ..
@Begli 1 hepde öň
Toýly Öwezowy tanasamda, gören hem bolsamda, Dogan-garyndaşlarynam tanaýan ýöne Aýalynyň adyny blmk
Älemjahan