Ösüş derejämiz
Ösüş derejämiz

Ösüş derejämiz +27

Tokmak, 04.04.2020
Ýurdumyz nä derejede ösen?

Watanymyzda belent ymaratlar, ösen tehnologiýaly zawodlardyr-fabrikler, giň ýollar, uly köprüler gurulýar. Bular – kaşaňlyk, owadanlyk, belki-de baýlyk..

Bir ýurduň ösüş derejesini näme kesgitleýär diýip pikir edýärsiň? Dürli pikirler bolup biler. Meniň pikirimçe, bu halkyň aňynyň ösüşi we bilim derejesi bilen kesgitlenilýär. Her ýurtda bu görkezijiler her hili.

Dürli ýurtlarda bolanymda bir zada göz ýetirdim. Garyp ýurtlarda adamlar köp zatlara düşünmeýär. Aňy ösen adamlar üçin bolsa olar bolaýmaly zatlar. Meselem, daş-töweregi hapalamagyň ýalňyşdygy hakynda. Boş plastik gaplary, iýmit önümleriniň daşlaryny gören ýeriňe zyňmak – yzagalaklyk, peslik. Ýöne, seniň ýaşaýan jaýyň bir özünde (köp gatly jaýda ýaşaýan bolsaň), gör, näçe adam şoňa düşünmeýär?!.. Bular ýaly adamlaryň sany ýüz müňlerçe (!). Olar arassaçylyga düşünjek hem bolmaýar, haýwandan tapawutsyz ýaşaýar.

Ösen ýurtlardaky adamlar üçin düşnükli zatlar başga-da köp. Meselem, ulagda bolsaň, pyýadany goýbermek; pyýada bolsaň, ulagy garaşdyrmazlyk üçin ýoldan çaltrak geçmek; awtoulagyňy parkowkada goýanyňda, özgelere päsgelçilik döretmezlik, satyjy bolsaň, müşderä güler ýüzli bolmak; gaýrat ediň, haýyş edýärin, minnetdar ýaly sözleri ulanmak.. Bular – bolaýmaly zatlar. Öwretmek gerek däl. Sen oňa düşünýärsiň. Köp adam bolsa düşünmeýär. Aňy ýeterlik däl.

Ösen jemgyýetde köp zatlar öz-özünden düşünilýär. Ýöriteläp aýtmak manysyz. Her adam özüne gerek zadyna özi düşünip bilýär.

Adamlar dürli ýagdaýlarda özlerini nähili alyp barmalydygyny bilýär. Boýun alan ýumşuňy wagtynda bitirmek (punktuallyk), gepleşilen işi ýerine ýetirmek (jogapkärçilik), birek-biregi sylamak. Pes düşünjeli adamlar muňa düşünmeýär. Köp adamda bu düşünjeler ASLA ýok.

Bu zatlary bilmeýän adama öwredip bolýar.

Nädip öwretmeli, nädip onuň aňyna ýetirmeli? Adamlar kitap okamaýan bolsa, bar edýänleri – telewideniýe arkaly berilýän seriallardyr-manysyz gepleşiklere seretmek bolsa.. Kyn mesele.

Meniň pikirimçe, ýurdy ösdürmek üçin, akylly we gerekli pikirleri, düşünjeleri halkyň içine köpräk ýaýratmaly. Ýagny, şol düşünjelere eýerýän adamlaryň sanyny köpeltmeli. Näçe köp adam şol pikirde bolsa, şonça-da milletiň aňy çalt ösýär.

Pikirleriň we düşünjeleriň ýaýramagy bolsa maglumatyň berilýän ýollaryna bagly. Özümiz dilden öwretmeli, köçelerdäki plakatlarda, köpçülik ýerlerindäki ýazgylarda, ýolagçy gatnadýan transport serişdeleriniň içindäki ýazgylarda möhüm pikirleri ündemeli.  Daşary ýurduň belli neşirlerini türkmen diline terjime etmeli. Ýoly köp.

Göz öňüne getirip görüň. Halkymyz hemme zada düşünip başlasa nähili bolardy? Mentalitetiň ösüşini görerdik, hemme ugurlarda uly ösüşler gazanylardy!

Bu meseläniň çözgüdi her birimiziň etjek goşandymyza bagly. Düşünjeli adamlaryň sany näçe köp bolsa, ýurdumyzyň ösüşi, biziň ösüşimiz hem şoňa görä bolar.

Niýaz Orazdurdyýew



Awtoryň beýleki bloglary
-----------------------------------------
ÖKÜNMEK
Kakam ýaşlygy hakynda şeýle gürrüň beripdi: “Biz oglankak, ejelerimiz ...

-----------------------------------------
ÝALAN
Aňyň işleýşine nä derejede düşünýärsiň? Ine, aýdaly, gije ýatyrsyň, ...

-----------------------------------------
Durmuş – goýum hökmünde
Adamyň durmuşy – yzygiderli edilýän goýumlaryň toplumy. Biz öz ýolumyzy,  ...

-----------------------------------------
BU BLOG 3100 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Mandarin 2 aý öň
Okayakam kursdashlammyn 100de 80i dil bilenok. Shon un kitap okap bilenoklar. Okasalaram sho uniwerin kitaphanasyndaky belli iki uch sany turkmen dilindaki eser. Dashary yurdyn neshirleri turkmen diline terjime edilse gaty gowy boljak.
@Tokmak 2 aý öň
Hawa, özgermegiň iň esasy ýoly — kitap okamak. Seslenmäňiz üçin minnetdar.
@Observer 2 aý öň

"Çagany ýaşdan" diýilýär, dogry dünýä garaýyş bilen sagdyn pikirlenmegi çagalykdan öwredip başlamaly, bu her bir ene-atanyň ýaşap ýören jemgyýetiniň öňündäki borjy. Gynansak-da, ýaşlarymyzyň içinde sowatsyzlyk, nädogry düşünjelilik, merkantil we egoistik dünýägaraýyşly ýagdaýlar agdyklyk edýär. Hiç hili gymmatlyk sistemalary, durmuşda gollanýan kadalary, düzgünleri ýok.
Käwägt şeýle bir sowatsyzlyga duşýan (ýolbaşçy adamlaryň içinde-de) welin, oturyp "Nädip?" diýen soragy berýän. Iň bärkisi, "Koronawirus ABŞ-nyň edip ýören oýny" diýen pikirller gaty kän, ABŞ wirusdan iň ejir çekýän ýurtlaryň biri bolup, ykdysadyýetini çökerip barýany olara argument däl. Beýle pikirler, maglumaty kritiçeski kabul etme ukybyň ýoklugynyň netijesi.
Garaz, aýtsaň aýdyp oturybermeli, gaty çylşyrymly mesele. Sowatsyzlyk, düşünjesizlik - jemgyýetimiziň bejermeli ýarasy.
@Winston 2 aý öň
Men tersine pikir edyan, shu wagtky yashlar, ululara garanynda has goz yetimi gin, dunya garayshlary achyk, emma yashayysh shertleri olary belli bir iterga ugrukdyryar, yashy uly adamlaryn edyan hereketleri, dushunje we pikirleri yash nesili hem belli bir olchegde boyun egmane mejbur goyyar. Bu zatlaryn duzelmegi uchin yene 2 nesilin chalyshylmagy zerur.
@Tokmak 2 aý öň
Sowatsyzlyk, düşünjesizlik - jemgyýetimiziň bejermeli ýarasy. Dogry bellediňiz. Seslenmäňiz üçin minnetdar.
@Observer 2 aý öň
Ýöne, şu saýda giremde, näme diýseňem ýaşlaryň içinde ukyply, düşünjeli adamlaryň bardygyny uly buýsanç bilen belläp geçýän.
@Tarcetti 2 aý öň
bizi yatlap agzanyn ucin sagbol
@Tarcetti 2 aý öň
kopculikleyin habar beris serisderi arkaly yzygiderli maglumat berlip durulmaly, mahabatlandyrmaly, maglumatlaram elyeterli bolmaly, internedi dokmeli, yone biz entek olar yaly maglumaty edinaysek ona nadip hotde gelmesini, suwagta cenli gormedik zatlarymyzy goraysek olar bilen nadip bas alyp cykjagymyzy bilmeyas, bu zatlary yuwas yuwasdan adamlara gorkezmeli, menin pikrimce hazirki wagtda seylede edilyar
@Tokmak 2 aý öň
Hawa, köp maglumaty birden özleşdirmek kyn bolup biler. Seslenmäňiz üçin minnetdar.
@Nefertiti 2 aý öň
Pikirleri, düşünjeleri ýaýradyjylar - mugallymlar diýýärler welin...
@Tokmak 2 aý öň
Terbiýeçilik işinde mugallym we ene-ata, gürrüňsiz, iň esasy orny eýeleýärler. Seslenmäňiz üçin minnetdar.
@Aýlara 2 aý öň
Ýazýan temalaryňyz ajaýyp!
Tema bilen bir hatarda tema üçin saýlan suratlaryňyz hem gaty gowy!
Ýetireniňize minnetdar!
@Tokmak 2 aý öň
Bolýar, Aýlara. Size-de seslenmäňiz üçin minnetdar.
@Akyllyja 2 aý öň
diysen gowy sagbolyn
@Tokmak 1 aý öň
Size-de sag boluň.
@Hazar 1 aý öň
Aý howwada belki parahorlygam azalardy
@Hazar 1 aý öň
(Yurt ýaşlaryñ egninde beýgelýar) esasy ýaşlara uns bermeli zehinleri ýuze çykarmaly okuwa synanyshýan ýaşlaryñ jübüsine dalde, ylymyna uns bermeli. Ha howwa ýenede ýuz gorme hasiýetimizem aýyrmaly (jennetde jaýyñ bolandan organda daýyñ bolsun) bu nakylyñam guýjini gaçyrmaly (Adalat Mukiñ temelidir) diýýämi Türkler? ana şonam göz öñine tutmaly Umuman ýaşlarda watana bolan söýgi doretmeli, nebir doktar bolmak arzuwy bilen baryp puly bolman okuwa girip bilman gaydan oglanjygyñ ýureginde (oz worotalarynyñ içini yewropa owuren ) çişijek yolbaşçylara ýigrenç doretmeli däl
@Tokmak 1 aý öň
Dogry bellik. Sag boluň.