Owganystan nähili ýurt ?

Owganystan nähili ýurt ? +1

NazarSTG, 26.06.2020
Soñky döwürlerde bolan erbet wakalardan soñra Owganystan Dünýäniñ iñ garyp we iñ howply ýurtlaryndan biri boldy.
Owganystan, pytratmak arkaly ençeme goşunlaryñ geçen ýeridir. 1960 njy ýyllarda SSSR Owganystanyñ içki işlerine goşulyp başlady. 1973 1978 1979 njy ýyllarda bolan uruşlardan soñra bahana edip Owganystana çozdy. SSSR 1989 njy ýylda Owganystandan esgerlerini çekdi. 1960 - da girip 1989 njy ýylda çykandyr. Hemde öz esgerleriniñ, hem Owgan halkynyñ ölmegine sebäp bolandyr. 1992 nji ýylda Owganystan Yslam döwleti guruldy. 1992 nji ýyldan başlap bolsa Owganystan öz içindäki taýpalar oñuşman aýry aýry gruplara aýrylyp uruşmana başlady. 1996 1997 nji ýyllarda Talibanlar Mazari Şerifi basdylar we hökümeti ele geçirdiler. 2001 nji ýylyñ 11 nji sentýabrynda bolan gyrgynçylykdan soñra Taliban işleri has ula gidendir. 
Içinde elmydama uruş bolýandyr. Tüpeñ seslerini her wagt eşdip bilersiñiz. Ýöne muña garamazdan ýer baýlyklaryna, we owadan tebigata eýedir.
Eger birden Owganystanda bolsañyz her şäherinde düşünjesi pes bolan polisýalaryñ bardygyny unutmañ. Sizden pul isläp biler. Olar bilen hiç dawa etmäñ. Owganystanda bolsañyz Amerikalylardan uzak duruñ. Eger olar bilen bile göräýseler sizi rahat goýbermezler. Eger bir şäherinde bolsañyz maşynly birtopar adamlary görmeginiz mümkin, maşyny ol ýerde däli edip sürýärler. Hem gaty çalt sürýändirler. Owganlar bilen gowy aragatnaşykda boljak bolmalydyr eger olara näme etseñ saña köp bolup geler. Eger musulman ýurtdan gelen bolsañyz derrew musulmandygyñyzy aýdyñ, sizi özüne ýakyn duýarlar. Olar bilen ýakynlaşañyzda "Salam Aleýkum" diýmäni unutmañ, olaryñ dost ýurtlaryndan biri boldugyñyzy görkezer. 
Owganystanyñ Kandagar, Helmand, Nimruz atly şäherlerine barmak has howplydyr. Eger Owganystany rahat bir ýer hasap edýän bolsañyz ýalñyşýañyz.
Owganystanda bolsañyz her gün partlama sesleri bilen turjagyñyz bir hakykatdyr. 1996 2001 nji ýyllar aralygynda ýurdyñ köp bölegini taliban terroristleri basyp alandyr. Şäherlerde gaty berk düzgün sürýärdi hatda adamlar gülmänede çekinýärdi. Talibanlar öýme - öý aýlanyp adamlaryñ telewizorlaryny, radiolaryny döwdüler. 2001 nji ýyldan soñ bir çaga ýere gömüp goýan telewizoryny çykaryp adamlara Titanik filmini görkezdi. Owganystana gelen gazetçi bir gyz gaçyrylandyr. Talibanlar döwründe iñ meşhur bolan Owganystandaky iki uly miras heýkelini dinamit goýup ýardylar. Owganystanyñ halky hem uruşjañ halkdyr. Elmydama uruşa taýyndyrlar. Ýurduñ 70 % i 25 ýaşyñ aşagyndadyr. Ýurtda 60 ýyldan bäri içinde uruşlar dowam etýändir şuwagtam uruşlar dowam etýändir. Owganlar taýpa taýpadyr. Bir taýpa başka bir taýpa çozup biler. Ýurtda aýallar isleýşi ýaly gezip bilmez. Örtüli bolmalydyr. Eger zyna edilse ölüm jezasy berilýändir, we bu halk tarapyndan berilýär. Hany bir wideo barda zyna edip tutulýarlar welin ilki erkegi soñra aýaly halk şäheriñ ortarasynda daşlap öldürýär. Aýallar erkeklere sesini gataldyp gepläp bilmez we bu gaty berk düzgün halyna gelendir. Owgan adamlarynyñ çagasyndan 60 ýaşlysyna çenli pyçakly roketly gezip ýörendirler. Hany Rus bir filmde sowet goşunlary maşynly gelýärkä öñünden bir çaga roketaly çykýara, ana edil şolar ýalydyr. Intek kiçijek çagalary hem pyçagy eli bilen bir adamyñ göni kellesine degirip biler. Erkekler has sporda üns bererler şo sebäpli erkekleriniñ köpüsüniñ endamy gatan we daýawdyr. Eger Owganystana barsañyz pir gören ýaly bolarsyñyz, uzyn sakgally, galyñ gaşly, daýaw, ellerinde kalaşyny sallap duran adamlardyr Owganlar. Rus ýaragy "kalaş" halkyñ hemmesinde diýen ýaly bardyr. Çagalary hakyky ýaragy oýunjak edip oýnap ýörendir. Owganystan adamlary aslynda erbet däldir. Degmedige degmezler. Ýöne Ýewropalylaryñ bärde köp durasy gelmez. Sebäbi Owganlar Ýewropalylary we Amerikanlary, Russiýalylary ýigrenýändirler. Eger şäheri basmak üçin ýada talamak üçin daşary ýurtly bir güýç geläýse çagalarynyñ boýnuna bombaly pakedy geýdirip çaga bilen bilelikde şo güýji öldürüp bilerler. Zyýaratçy bolsañyz ýada maşynly ýollara çyksañyz ägä bolyñ, ýollary durşuna garakçylardan ybaratdyr. Gaty erbet dözümsüzdirler. Ellerine düşäýseñiz sypma şansyñyz azdyr. Eger gitjek bolsañyz ýene bir gezek pikirlenmegiñiz gerek. 

Çeşme :

https://eksisozluk.com/yeni-baslayanlar-icin-afganistan--1860931

https://ekstrembilgi.com/genel/afganistan-nasil-bir-ulkedir/

https://www.turna.com/blog/afganistan-ulke-bilgileri

https://youtu.be/N8FCtTmio9M
BU BLOG 5098 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Shahan1900 2 hepde öň
Uly masynly Owgana gatnayan tanyslara bar. Solara owgana yuk bolsa ylgap gidyaler. Baryp sowda-satygam edyaler. Ozumem. Biraz cisirilyan yaly sen mowzuklan
@EvilGeniOus 2 hepde öň
Owgan, eyran, gaty asuda gonshucylykda yashayas oza
@lifeisgood07 2 hepde öň
Terjime gowy däl käbirleri çişirlen. 10 dünýä taryhy açyp oka sen