ÖZÜŇDEN SOŇAM ÖZÜŇI GALDYRMALY… /Akmyrat Şir

ÖZÜŇDEN SOŇAM ÖZÜŇI GALDYRMALY… /Akmyrat Şir +8

Garamaňlaý, 29.06.2020
(Şahsy gündelikdäki ýazgylardan)

Şu günden şeýläk:

1. Hemişe döredijilik, göçgünlilik hem-de dykgatlylyk ýagdaýy saklamaly. Hiç haçan sowuk-salalyga, biparhlylyga, dözümsizlige, samsyklyga ýüz urmaly däl. Hemişe ýürekdeşlikde, dertdeşlikde, mähribanlykda ýaşamaly.

2. Duýgularyň we pikirleriň sekuntsaýyn ewolýusiýasy bolmaly.

3. Duýgularyň we pikirleriň “sanitariýa”,”gigiena” we “profilaktika” düzgünlerini berjaý edip durmaly.

4. Başgalaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi, özünde duýulman geçýän ýagdaýlary duýmagy başarmaly.

5. Özüňdäki ýa-da özüňden daşarky ýagdaýlara akylly başly, sypaýyçylykly çemeleşmeli.

6. Döredijilik ataşyna ýanmaly.

7. Ýazmaly, ýazmaly! Başardýanyna-başartmaýanyna garaman, ynsabyň we ýüregiň bilen ýazmaly! Bir zatlar çykjagyna-da berk ynanmaly.

8. Nägile, mydama nägile bolmaly.

9. Juda aldaman oňmaýan bolsaň, başgalary alda welin, öz-özüňe we hormatly kagyza ikilik etme!

10. Okamaly, okamaly! Näçe okap bilýän bolsan, okamaly!

11. Kinolardan mümkin boldugyça köp zat öwrenmäge çalyşmaly, teatrlaryň ezýetini çekmeli, kartinalaryň öňünde çöke düşmeli, sazlaryň ruhuna siňmeli, gudratly Allatagallanyň ýoluna göz dikip aglamaly. Tebigatyň al-ýaşyllyklarynyň içinde ýitirim bolup gitmeli, kümüş ýaly öwşün atýan Newanyň köprüsiniň üstünde durup, onuň “syratlylygyna we salykatlylygyna” tagzym etmeli, dükanlara aýlanyp çykmaly, gara kofeniň lezzetini görmeli, şowhunly kafelarda, tans edýän gyzlaryň owadan jemalyna syn edip, al-şerap süzmeli, adamlar bilen şady horramlyk etmeli, durmuşyň ýüregindäki gaýgy-ünjülerini unudyp, beýniň argynlygyny aýryp durmaly. Öýüň garaňky burçuna gysylyp, adamlary öwrenmeli, pikir eleginden geçirmeli, arzuw etmeli – DURMUŞY SÖÝMELI !

12. Paýhasa baş egmeli.

13. Ahyrsoňy men ussatlygyň üýtgeşik bir syrynyň ýokdugyna düşündim. Görüp otursam, kim ýürekden söýüp hem ýigrenip bilýän bolsa, şol ussat ekeni.

14. Ýazyjynyň alymlaryňam alymlary bolmagy gerek. Ýöne onuň öz eserlerine gatnaşmagy hökman däl. Sungat matematika (ylmy) takyklyk, guraksylyk, logiki hasaplylyk bilen bir ýere sygyşmaýar.

15. Meniň käte-käte peýda bolup, gözümi-başymy aýlap barýan galp ideýalardan arany açmagym gerek. Maňa özbaşdak dünýägaraýyşly, etiki we estetiki pozisiýaly bolmaga bireýýäm wagt ýetdi. Hiç bolmanda, öz hereketlerimiň goýan umumy hörpüni bilmeli. Ujypsyzam bolsa, pikirlerimiň we ideýalarymyň agramyny saldarlap görmeli. Olaryň howul-haralyklardan we harsallyklardan halas däldiginem bilýän. Gözlemeli! Özüňi we öz ýüzüňi tapýançaň gözlemeli!

16. Samsyk däldigiň entek akyllydygyňy aňlatmaýar. Men şu pikiri öň bir ýerde okadymmykam ýa eşidäýdimmikäm! Köplenç biz başgalaryň pikirini özümiziňkidir öýdüp, özümiziňkini bolsa başgalaryňkydyr öýdüp çalyşýarys. Awtorlygyň, orginallygyň ölçeg taýajygu barmykan?! Eger pikir aňsatlyk bilen peýda bolup, sende hiç hili sarsgyn döretmese ýa-da kalbyňda gozgalaň tapmasa, onda ol ýa-ha başganyňkydyr ýa-da öň lenç edilen pikirdir.

17. Owadan jümleleriň hem-de görnüşleriň albaý perdelerini ýyrtyp taşlamaly.

18. Utançsyzlyk, müňkürlik, bimany hatyrjemlik, meşan pikirlilik, degimsizlik, ýeňleslik, gödeklik, mortalyk, gyzmalyk, bisabyrlylyk, was-waslyk ýaly gylyklardan arany üzmeli.

19. Iň soňy olary mazaryma äkitmeli boljak bolsam, maňa abraý, mertebe gazanyp ýörmek nämä gerek! Özüm bilen ölüp gitmek gazanan mertebäme gaty agyr deger ahbetin! Ýok, tersine meniň gözgyny ýagdaýa düşüp hem-de özüm barada erbet ýatlama galdyryp ölmeýänim üçin oňa ýeňil düşer.

20. Öňden belli zatlaryň, gymmatlyklaryň ählisini gaýatadan gözden geçirmeli. Täzelemeli we täzelemeli!

Çeşme:Galamdaş.com

BU BLOG 4318 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Tokmak 1 hepde öň
Awtory kimem bolsa, 8-nji, 9-njy we 11-nji (bölekleýin) bölümlerinden başgasyny dogry belläpdir. Galamynyň ujy ýiti bolsun!
@Tokmak 1 hepde öň
Akmyrat Şir eken.. Berekella!
@white 1 hepde öň
Sagbol awtor, peýdaly jümleler beýan edipsiñ.