"Palow" nahary barada gyzykly maglumat...
"Palow" nahary barada gyzykly maglumat...

"Palow" nahary barada gyzykly maglumat... +3

bilyanmi, 17.11.2020
Halkymyzyň arasynda, Palowy mundan müň ýyl ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen aýtgy bar. Oňa "Palaw aş" diyip at beripdir. Onuň her bir harpy, goşulýan önümleri aňladýar. Ýagny: 
P- "Pyýaz" -ýagny sogan
A- "Aýez"- käşir
L- "Lahm"- et
O- "Oliýa" - ýag
W- " wet"- duz
A- "Ab"- suw 
Ş- "Şaly" tüwi
Şol döwürlerde ulanylan şiwe sözleri bolup bularyň hemmesi Palowa goşulýan önümleriň manysyny berýär.
Lukman Hekim Palowy derman hökmünde döredip, endamy suwlanyp, çişip oturan Buhara hökümdaryny bejeripdir, ony aýaga galdyrypdyr. 
Palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ol ilki bilen adamyň ganyny tämizleýär. Şonuň ýalyda ganyň düzümine ýokumlylyk, gujurlylyk berýär. Palow adam içegeleriniň diwarlarynda dörän her hili ýaralary bejermäge kömek edýär.
Palowyň iň esasy aýratynlygy bolsa adamyň aşgazanyndaky we bedenindäki gerekmejek zyýanly suwlary, suwuklyklary we gakylyklary özüne siňdirip aýyrýanlygydyr. Il içinde bolsa " Hepdede bir gezek palow we balyk iýýän adamyň ýanyna dert gelmez" diýen aýtgylar hem bar... Umuman aýdanmyzda Türkmen palowyna taý geljek nahar ýok bolsa gerek... Öýleriňizde gazanlar atarlyp, palowlar buglanyp dursun mähriban agzalar! Sag boluň!..
BU BLOG 1893 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@TonyStark 2 hepde öň
Gowy blog,maňa ýarady :)
Öň bilmedik maglumatlarym hem bar eken , SAG BOL!!!
@MyratDowlet 2 hepde öň
Palow gaty gadymy nahar. Şol sebäpden onuň dürli görnüşleri bar.
Arada wikiden okapdym palaw asly hindi nahar diýip.
Ýöne hindileriň bişirişi üýtgeşik. Käşirsiz. Oň deregine burç dograp salýalar. Adam "birýani". Ajy nahar gowy görýänlere gowy nahar.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Men kän duş geldim. Palow özbek milletiniň nahary diýip. Ýöne bir sorag bar bärde. Olam häli özbek milleti ýokka palow giýen söz bardy.
Türkler pilaw diýýär.
Orslar plow diýýär
Hindiler birýani diýýwär we ş m.
Soň bir taryhçydan sorapdym. Olam şuny diýdi. Palow hywa hanlygy döwründe sungat halyna getiripdirler.
Palow bişirmek boýunça konkurs guralypdyr.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Hywanyň milletem özbekler türkmenler we gazaklar.
Indi gazaklar gazak palaw diýýän bolmaly.
Özbekler özbek palaw diýýär.
Türkmenlerem türkmen palaw diýýäler.
Ýöne hemmämiz türki millet.
Gazagam özbegem soň dörän millet.
Türkmenler öňem bardy.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Tak çto meň pikirimçe şu soragda dawa çykmaly däl. Islendik millet meňki diýibersin.
Biz oňa türkmen palaw diýeris.
Ýöne özbekler moladsy. Dünýänin köp ýerinde restoranlar açyp özbek palaw diýip hödürleýäler.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Hatda Aşgabadyň ozünde men iki ýerde restoranyň bardygyny bilýäň. Birä palawhaus diýýänleri Joşgun kafe
Birem aliser nowaýyda altyn ýyldyz restoranynda
@MyratDowlet 2 hepde öň
Owganlaryňam üýtgeşik palawlary bar.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Wikide türkmeniň milli palawy balykdan bolýamyş. Şu barada näme pikir edýäňiz?
@MissMeri 2 hepde öň
@MyratDowlet Dogrysy beýle pikir edemok, belki balyk kän gowy görmeýänim üçindir ))
@MyratDowlet 2 hepde öň
Wikipedivadan
Таджикский и туркменский

Таджикские и туркменские пловы по технологии приготовления риса и основным продуктам (мясо, лук, морковь) сходны с узбекскими.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Wikipediýadan:
Туркменский
Здесь стоит выделить плов из риса восковой спелости с дичью (фазанами). Также особенны два плова прикаспийских туркмен: огурджалинский и рыбный. В первом плове мясо из котла вынимают после его обжаривания с луком и морковью, отдельно отваривают и позже выкладывают на рис за 3—5 минут до готовности блюда. Во втором рыбу полностью готовят отдельно от рисовой и овощной части. В обоих пловах для варки риса добавляется бульон, полученный от приготовления мяса или рыбы.