Parkinsonyñ Kanuny: Wagtymyzy tygşytlalyñ!
Parkinsonyñ Kanuny: Wagtymyzy tygşytlalyñ!

Parkinsonyñ Kanuny: Wagtymyzy tygşytlalyñ! +11

@Röwşen | 10.02.2019 ý.
Biziñ iñ gymmatly baýlygymyz näme?
shutterstock_524161369-660x330.jpg 41.81 KB

Dogry, wagt.
Herkimem öz wagtynyñ gymmatlydygyny aýdýar, emma köpüsiniñ wagtyny sarp edişi millionerleriñ dollar sarp edişi ýaly. Biz öz wagtymyzy biderek zatlar üçin sarp edýäs, ýöne şeýle-de bolsa, wagtymyz ýok diýip zeýrenýäs. Birnäçe manadymyz ýitende gynanýas, emma wagtyny boş geçireni barada hiçkim pikirem edenok. Diñe wagtynda ýetişdirmeli işi etmek üçin wagt azalanda, wagty boş geçirenimiz barada özümize gahar edýäs. Parkinsonyñ kanuny, wagtymyzyñ tygşytsyz ulanşymyzyñ sebäbini  düşündirmäge synanşýar.
Britaniýanyñ taryhçysy Kiril Parkinson, 'Parkinsonyñ Kanunyny' ilkinji gezek 'The Economist' žurnalynyñ 1955nji ýyldaky sanynda agzaýar. Parkinsonyñ Kanunynda 'Işi tamamlamak üçin gerekli wagt, oña niýetlenen wagta baglylykda ulalýar.' diýip aýdylýar.
Parkinson Beýik Britaniýada býurokratiýanyñ ösüşini  çuñlakaý öwrendi. Býurokratiýanyñ ösüşiniñ, hem-de hökümetdäki asyl işiñ mukdarynyñ köpelmeginiñ arasynda hiçhili baglanyşygyñ ýoklugy ýaly, ol bir proýekti tamamlamak üçin berilýän wagt bilen şol proýekti ýerine ýetirip bolýan wagtyñ arasynda baglanşygyñ ýokdugyny tapdy.
time_management_tips.jpg 168.89 KB

Öz durmuşymdan bir mysal:
 Talyp wagtlam, deñ duş talyplaryma Kireýine kursowoý, referat terjime edip, ýazyp berip 5 manat gazanýardym. Şonda-da,  1-2 aý öñünden zakaz edilen işi  soñuna çenli saklap, iñ soñky iki gün  galanda başagaýlap ýetişdirilýärdi. Ýagny, şol zakazlary birinji iki günde-de etse boljak eken.


Sizem şeýle effekti öz durmuşyñyzda başdan geçiren bolmagyñyz ahmal. Bir iş  ýerine ýetirmek üçin 1 aý berseler, şol bir aýyñ 3 hepdesi boş geçirilýär. Diñe soñky hepdesinde işe doly üns berilýär. Netijede şol iş üçin bize 1 hepde hem ýeterlik eken. Onda näme üçin hyýaly işi ilkinji hepdede edip dynmadyk? 
 Parkinsonyñ kanuny biziñ hereketlerimiz we häsiýetlerimiz barada birnäçe gözlegi aýdyñlaşdyrýar.
 Birinji bilen, biziñ hereketlerimiz köplenç awtopilotda bolýar, ýagny sebäpleri anyklanylman hereket edilýär. Ondan başga-da, hereketlerimizi gözden geçiremzok, sebäbi täsirsiz hereket edýänligimizi özümize bildiremzok. Logiki pikirlenip, öz hereketlerimiziñ hakykatdanam maksadalaýyklygyny anyklamaly we netijesi barada özümize hasabat berip durmaly.
 Ikinjiden, diñe isleg bilen ýerine ýetirjek bolýarys. Wagtymyzy tygşytly ulanyp bilmän, indiki gezek çynlakaý işlejek diýsegem, köplenç halatda ol islegimiz wagtlaýyn bolýar. Diñe, islemek bilen maksada ýetip bolmaýar. 
 Üç, daşky gurşawam öz täsirini ýetirýär.  Tehnologiýanyñ ösmegi bilen, ünsümizi özüne çekýän internetiñ jadysyndan gaçyp gutulmak barha kynlaşyp barýar. Ýañy bir işe başlaýyn, birzat öwreneýin diýip otyrkañ nädip imo, instagram dünýäsine gideniñi bilmänem galýarsyñ. Herzat üçin wagt kesgitlenilip edilmese, esasy iş edilmänem galýar. Möhüm işe wagt aýrylmasa, ol soña galýar ýa-da asla edilmeýär, sebäbi añymyz etmesi kynrak bolan, möhümli işiñ deregini peýdasyz, ýeñilräk wagt geçirmeler bilen doldurmany gowy görýär. Muny özümizem köplenç bilmän galýarys.
 Her iş üçin wagt aýyrmagy öwrensek, wagtymyzy tygşytlap bileris. Bir işe gerekli bolan iñ az wagty aýyrsak, şonça hem işi doly üns bilen edip başlaýarys. Galan wagty hem başga möhüm iş etmek üçin ýa-da peýdaly bir zat öwrenmek üçin ulanyp bilýäris. 

bu blog 219 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan