Pikassonyň jogaby
Pikassonyň jogaby

Pikassonyň jogaby +5

@Graff | 17.06.2019 ý.
    Bir aýal Parižiň köçesinde gezim edip ýörkä, ýol boýundaky kafeleriň biriniň eýwanynda stol başynda oturşyna bellikler edýän meşhur hudožnik Pikasso gabat gelipdir-de, ondan elujyndan çekýän şekilleri ýaly, hakyny alyp, özüniň hem suratyny çekip bermegini haýyş edipdir.
    Pikasso razylyk beripdir. Sähelçe minitdan soňra haýyş edilen surat taýýar bolupdyr.
    — Men size näçe tölemeli? — diýip aýal sorapdyr.
    — Bäş müň frank — diýip, Pikasso jogap beripdir.
    — Ýöne siz munuň üçin bary-ýogy üç minudyňyzy sarp etdiňiz ahyry — diýip, ol aýal sypaýyçylyk bilen hudožnige ýatladypdyr.
    — Ýok, munuň üçin men tutuş ömrümi berdim — diýip, Pikasso garşy çykypdyr.

@Graff
bu blog 63 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan