Poligamiýa
Poligamiýa

Poligamiýa +3

MyratDowlet, 16.11.2020
Bu makalany özüm täzeräkde öwrendim. Ýagny köp aýallyk barada.
Başda şuny bellemek isleýän Türkmenistanda köp aýallyk kanun tarapyndan bolanok. Tak çto aşakdakylary diňe maglumat hökmünde ýazýandyryn.

Bilşimiz ýaly Yslam dininde köp aýal almaga rugsat berilýär. Hemmişe köp aýallyk gürrüňi agzalsa onda hökman musulmanlar göz öňüne gelýär. Näme üçin şeýleka diýip geň galyp öz özüme soraýan. Köp aýallyk düzgüni Yslam tarapyndan dünýä getirilen adat däl. Ola birinjiden. Ikinjiden Yslam dini köp aýallylygy edinmek parz däldänem diňe rugsat berýär. Eger mejburiýet bar bolsa din tarapyndan rugsat bar. Üçünjiden bolsa Yslam dini ýeke täk köp aýal almak däbine çäklendirme gitiren din ekeni. Özünden öňki dinlerde çäklendirme ýok ekeni. Bolsa da 4-den kän.
Ol nähilimi? Onda şu aşakdakylary okaly:

Buddaizimde köp aýallyga rugsat berilýär. Käbir çäklendirmeler bar. Olam garyp kastalar üçin.
Krişnanyň 16 000-den gowrak aýaly bolupdyr. Ýagny krişnaitlaram köp aýallylyga rugsat berýän din ekeni. 

Ýewreýleriň mukaddes kitaplarynda-da köp aýallyga rugsat berilýär. Meselem Dawut Pygamberiň köp aýaly bolanlygy barada rowaýatlar bar.
Süleýman Pygamberiň 700 sany aýaly we 300 sany gyrnagy bolupdyr.

Hristian dininde aýal almak barada ýada almaly dälligi barada hiç hili gürrüň edilmeýär. Isa Pygamberiň belleýşi ýaly Injilde "men menden öň gelen dinleriň adatlaryny ýatyrmaga däl, olary amal etmäge çagyrýan" manyda sözleri bar. Şol sebäpden hristianlaram köp aýallyga garşylygy ýok. Sebäbi özünden öňki din Musewi dini.
Ýöne diňe Yslam dini, olam ýeke täk din, köp aýallylyga çäklendirme getirýär. Ýagny isleseň 2-3-4 sany aýal alyp bilersiň diýýär. Ýöne aralarynda ADALATLY bolmak şerti bilen bu işe rugsat berýär. Egerde ADALATSYZ boljak bolsaň onda 1 aýal bilen ýetinmegi ündeýär.
Görşümiz ýaly Dünýäde ýeke täk ýeke aýal bilen geçinmegi ündeýän din bu Yslam dinidir. Galanyna diňe rugsat berýär.

Bilşimiz ýaly taryh her dürli söweşlerden doly. Söweşde ýetim galan çagany, ýa-da dul galan aýala hossar bolmak üçin köp aýallylyk iň gowy çözgüt bolupdyr. Meselem hökmünde Magtymguly Pyraga aýaly barka  özünden uly agasynyň aýaly nikalanyp berilmesi. Howa häzirki logika bilen seredeniňde biraz birhili. Ýöne şol döwüriň agyr şertlerini göz öňüne getireniňde bolsa iň gowy  çykalga şol bolup duraýa. 

Ýene bir gezek aýdýan Türkmenistanyň kanunynyň ýanynda boýnumyz gyldan inçe. Kanunda diňe ýeke aýallyga rugsat berilýär. Kanuny berjaý etmeli! 
Ýokarkylary diňe maglumat hökmünde ýazdym.

Soňy sögüşe ýazjak komentariýa ýazmaň gaýrat ediň!
BU BLOG 1826 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@yzgant 2 hepde öň
16 000 gowyrak aýaly bolan bolsa Hindileriň köp bolmagy şondanmyka :-D günde nobat-nobat bolsa 44 ýyla golaýlaýar.

Dogry belläpsiň Yslam rugsat bermegi bilen başgada naçe sany şerti bar ekeni, Akylly başly bolmagy, baýlyk maly bolmaly, adalatly bolmaly diýen şertleri bar.