Psihologiýadan gyzykly faktlar

Psihologiýadan gyzykly faktlar +6

@Graff | 27.09.2018 ý.
Psihologiýadan gyzykly faktlar

- Hasaplamalara görä günde 6-7 sagat ýatýanýanlar 8 sagat ýatýanlara garanyňda ir ölmek howpy ýokarydyr. 5 sagat ýatýanlar bolsa 8-9 sagat ýatýanlara garanyňda psihiki problemasy 3 esse köpdür.

- Adam üçin iň oňat ses onuň adynyň tutulmagy. Tanyşlykdan öň birinji ýatda saklamaly zat a:t. Bu oňat aragatnaşyk saklamagyň esasy düzgünidir.

- Çalt ýatmak üçin arkalaýyn ýatmaly, bedeniň hemme ýerini gowşatmaly. Gözüňi ýummaly we gözüňi ýokary etmeli, bu ýatan wagtyň gözüň üçin kadaly ýagdaý. Şu düzgünleri berjaý etmek çalt hem-de rahat ýatmaga peýdaly.

- Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň tassyklamagyna görä okamak adam organizmi üçin çalt täsir edijidir. Haýran galaýmaly ýöne bu usul alkagol içmekden köp esse gowy, gezelenç etmekden täsirli, çaý içmekden, aýdym diňlemekden çalt täsirli.

- Käwagtlar paýlaşyp bolmaýan söýgi hakyky ýagdaýyndan peselmegine getirýär. Hat-da psihiki bozulmalara hem getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň biri, meselem “Adeli sindromy”. Adeli sindromy – bu uzak wagtlaýyn kesel bolup, ol bir adamyň beýleki adama bolan jogapsyz galan içki söýgisidir. (Şonuň üçin iň bolmanda içiňizdäki söýgini aýdyň, biraz ýeňlär ýaly)

- Eger biri seniň gözleriňe seredip, bir zatlary ýatlaýan bolsa, siz arkaýyn ynanyp bilersiňiz onuň aladaýandygyna.

- Alymlaryň bellemegine görä aragatnaşykda wagty we ýeri gurnamak belli bir manyny aňladýar. Meselem: duşuşyga gyz bir gijä galyp gelmeginiň edepliligi, asyllylygy aňladyp biler. Zenanlar özüni söýgili hasaplaýarlar haçanda partnýory (işdeşi, klasdaşy...) gabat garşysynda oturan wagty. Olar bile işleselerem, okasalaram, oýnasalaram biri-biriniň garşysynda bolsalar içgin gürrüňdeşlik bolýar.

- Birnäçe milliard ulanyjylaryň postlarynda geçirilen barlaglara görä, sport bilen meşgullanýan adamlarda ýa-da sport janköýerlerinde üstünlige ymtylyş ýokary derejede bolýar. Sebäbi olar belli bir sporta gyzykmak bilen hereketlerini we gürrüňlerini has ynamly aýtýarlar. Gysgaça aýdanymyzda özüňe ynamly bolmak üstünlik gazanma şansyňy artdyryp biler.


© Graff
bu blog 130 gezek okaldy

Teswirler

@CHELSEA 3 hepde öň
Salam. @Graff shular yaly maglumatlary nireden alyanyz, munun yzyny nireden (internetden) tapmak munkin. Sizden hayys hokmunde sorayan:)
@Jepax 3 hepde öň
Gyzykly maglumatlar. Yonr shu yerine dushunmedim:

- Eger biri seniň gözleriňe seredip, bir zatlary ýatlaýan bolsa, siz arkaýyn ynanyp bilersiňiz onuň aladaýandygyna.
@Nejis 3 hepde öň
Berekella
@Graff 3 hepde öň
@Jepax üns bereniňiz üçin minnetdar! Alymlar adamyň gözleriniň seredýän tarapyna görä aňladýan manylaryny belleýärler... şol temadan bir sözlem, eger gyzykly bolsa bu hakda hem tema ýazyp bilerdim :)
@Graff 3 hepde öň
Salam @CHELSEA edil bu blogy dürli ýerden jemledim, ýöne käbirleri okan kitaplarymdan birazajyk alnan... :)
@JohnWick 3 hepde öň
Gutlayan gowy jemlapsin adamlar üçin gaty peydaly we gyzykly faktlar. Sagbol höwrü köp bolsyn:D
@Graff 2 hepde öň
@JohnWick minnetdar! Yene gyzykly maglumatlar ýetirmäge çalyşaryn :)