Reankarnasıýa çynmyka ?
Reankarnasıýa çynmyka ?

Reankarnasıýa çynmyka ? +6

@Montyoskyo | 11.01.2019 ý.
Käte daş töwerege seredip oýlanýan. Kimisi pes şertlerde doglan, kimisi gowy şertlerde doglan. Kimisi ýetim bolup doglan, durmuşda göreni diňe zulum, hossarlary ýok. Kimisi ortaça şertlerde doglan, bolşuna görä ýaşap ýör. Kimisi gowy, köp zatlara elýeterli şertlerde doglan emma gowy işler az edýär we .ş.m Ýagny birini görýärsiň gözüni şu dünýäde açany bäri ýagny kiçiliginden başlap göreni diňe kösençlik, tä ölýänçä itiň güni, ne öýi bar ne hossary. Şu adam näme üçin beýleki adamlardan tapawutlylykda erwet kösençlik görýär ? Şu adam näme üçin erwet şertlerde dogulypdyr ? Beýleki adamlar ýaly ol hem arassa bäbejik bolup doglan. Tapawutlary diňe daş töweregindäki şertler, doglan ýeri we ş.m Bu adam näme üçin beýlekiler ýaly gowy şertde dogulmaly däl ? Şunça soraglary kellede aýlap ýörkäň birden reankarnasia ýada düşýär. Reankarnasiýa bu ýagny bir adamyň 2-3 gezek şu dünýä gelip gitmegi. Belkide agyr şertlerde dogulan adam, ondan öňki durmuşynda (meselem 1781-1838 de ýaşap geçip soň şu döwürde doglan) ýagny öňki dünýä gelen döwründe 1781-de gaty erwet zatlar edip ýaşap giden bolmagy mümkin. Jenaýatlar, ýene ýeneler zatlar ýagny 180-den (spidometriň görkezijisi) tirläş kakan bolmagy mümkin. Şo ýetiren agyr zyýanlaryny ödemek üçin şular ýaly agyr şertlerde doglan bolaýmasyn täzeden ?

Üns beriň !!!  Awtor bu zatlary subut edenok dogry ýa ýalňyşdygy barada. Bu diňe pikir ýöretme. Zyýanly düşünjeler döretmek maksady bilen ýazylmadyk.

bu blog 195 gezek okaldy

Teswirler

@Montyoskyo 2 aý öň
Käte şeý diýen bolýalar öňki daýzalar "bu ýaman köpbilmişşş.......bu dünýä öň bir iki gezek gelip giden ýaly"
@Montyoskyo 2 aý öň
Adam bedenini terk eden mahaly ideýä görnüşde ýagny göze görünmeýän energiýa görnüşde başga bir bedene girýän bolup biler we şotaýda bäbijigiň beýnisini emele getirýän bolsa.
@Montyoskyo 2 aý öň
Bolup biler diýýänim dogry diýdigim dälde prosta teoriýa pikir ýöretme.
@Yomudson 2 aý öň
Rearkarnasya men kan unsumi chekenok, esasy chekyan parallel "evrenler"
@Montyoskyo 2 aý öň
Bu gozganyñ hem gyzykly tema drug.
@Redmi 2 aý öň
2nji gezek gelip bilyamikak dunya ???
@Bashkan 2 aý öň
Reenkornasion medisinada-da literatura girjek bolup duran bir adalga. Doktor Ian Stevenson öz gözleglerinde 3000 den gowrak wakany ýazgy edipdir. Olar köplenç ir ýaşda ölen adamlaryň ýaşaýyşlaryny 4-6 ýaşlaryna çenli ýatlap bilýärler soň başgaça ýaşap başlaýalar. Bilimde literatura girjek derejede waka gabat gelinen zadyň ýoklugyny hem subut etmek mümkin däl häzir
@Bashkan 2 aý öň
Aslynda bilime gözüňi ýumup, 3000 den gowrak wakanyň üstüni gömüp göniden-göni "ýok how oňňaly zat" diýmek akmaklyk häzirki döwürde
@Montyoskyo 2 aý öň
Shu sozlemi tazeden okayda brat. "Üns beriň !!! Awtor bu zatlary subut edenok dogry ýa ýalňyşdygy barada. Bu diňe pikir ýöretme. Zyýanly düşünjeler döretmek maksady bilen ýazylmadyk."
@Bashkan 2 aý öň
Meňkem bir pikir ýöretme, ýöne bilime giren maglumatlary argument görkezýän pikir ýöretme, ýagny, seňkä goşmaça. Agresiwlige gerek ýok
@Montyoskyo 2 aý öň
Agresiw ? :D ozuñ agresiw kabul.eden bolayma. Jogap yazarlygam yogay towa. Gowsy jogap yazmayn kan temamy yazayn okajak okar tankytlajak tankytlar oz kellesi boyunca.
@Montyoskyo 2 aý öň
Güýmenje bölüminde "temaňda reankarnasia ýok diýip kän agzapsyň" diýip ýazanyňa ýazdym aslynda.
@Garaja68 2 aý öň
Bu zady yslam we hristian dinleri inkar edyar. Dine hindilerde bar oydyan. Kabirleri dejawyu hadysasyny-da ( durmusdaky bolyan zadyn onem bir goren, bolan yaly duygy doretmegi ya-da boljak wakany onunden bilmegi, duymagy) reinkarnasiya bn dusundiryaler. Menin ozuma ynanmayaryn. Adamzadyn sany artyp gidip otyr-a, eger reinkornasiya dogry bolsa ol san bir dursuna durmaly yaly.
@Montyoskyo 2 aý öň
Gowy sorag, täze gel birinji gezek gelýänler bar bolsa öňkiler bilen goşulýandyr. Bu ýöne şolar ýaly bolan ýagdaý üçin bir pikir ýöretme. Din meselinde meselem Quranda "biz sizi iki gezek öldürdik 2 gezek direltdik" ýaly aýatlar hem bar. Bu bir ýöne pikir ýöretme.
@Bashkan 2 aý öň
Dejawu başga zat. Ol ynanç däl, beýniň bir lobundan beýleki lobuna maglumatyň saliselik wagtda giç barmasyndan bolýar. Köplenç ýadaw, stresli adamlarda bolýan hadysa ol
@Garadaşly 2 aý öň
dine kelle agyrtmaly däl.
@Redmi 2 aý öň
@Montyoskyo, aýatlaryñ nomerlerini hem gorkezaimeli ekeniñ, gozlan bolar, olaram birden tapmasalar, ???
@Montyoskyo 2 aý öň
Mumin suresi 11-nji ayat. Seredip goray.
@Schastye 2 aý öň
Bolup biler... Başymdan geçen wakalar öňem gaýtalanan ýaly, ýa natanyş adamlary (käbirlerini) görenimde öňdenem tanaýan ýaly, nireden tanaýanym bolsa hiç ýadyma düşmez, şeýle duýgularym köp bolýar...
@Garadaşly 2 aý öň
öň bolan wakalary gysga wagtlylary bilýäň we öňdäki 5-6 swkuntda näňeleň boljagyny bilýäň. näme gürlejegiňem
@Schastye 2 aý öň
Näme üçin bu tema geçinin şahynyň suratyny goýduňyz?
@Montyoskyo 2 aý öň
Geçiň şahynyň formasy aýlawly şekilde bolany üçin. Spirallaýyn aýlaw.
@Aristokrat 2 aý öň
@Montyoskyo tankytlary dinleme yoluny dowam et. Sol sanda gapdalyndaky el carpysmalarada uns berme. Seytsen tankytlayjylar oz ozlerini otlar seni glodayanlar bolsa dasynda gitdigice kopleyanini duyarsyn. Senden peydalanyanlar sanada peydasyny yetirer
@Montyoskyo 2 aý öň
Sau bro spasibo goldawyňa )
@Aristokrat 2 aý öň
Blok barada aytsam gyzykly eken
@Panturkist 2 aý öň
Reinkarnasiýanyň heniz bilim taýdan tassyklanan teoriýasy ýa-da subutnamasy ýok. Şonuň üçin bu-da edil din ýaly ynanç bolmagyna galýar.
Aslynda reinkarnasiýa ynanyşy, ýakyn gündogar din adatlaryndaky jennet-dowzah pikiriniň günorta aziýa dinlerindäki görnüşidir. Sebäbi ikisiniňem formulasy birdir, ikisem bir adamyň häzirki ýaşaýan durmuşynyň hasaplaşygy baradadyr. Dežawu barada aýtsak bolsa, @Bashkan dogry aýdypdyr. Dežawuny kompýuter-programma dilinde aýtsak, beýnimizdäki bug diýsegem bolýar.
@kilogram 1 aý öň
Bah. Onda yeriň ilatynyň yarysy ölse, ucup yoren ideyalar gaty kopeleray. Onsan tazeden dunya inmek ucin nace asyr oçura durmaly bolar. Edil bizde jaya ocura duryan yaly-da. Onsonam taze dogulyan ruhlaram edil yas çatynjalar yaly bezoçur sokulşyp
@kilogram 1 aý öň
Onyaly bolsa asyl 99 prasent wagty ruh hokmunde galan 1% bedende yasamaly bolsa asyl yasayys asyl gornusimiz ruh hokmunde. Dunya inmek bolsa 2 sekundlyk kamandirowka bolya.
Älemjahan